Orta Aziýada efir ýagly ösümlikleri ösdürip ýetişdirmek boýunça ilkinji tejribeler geçen asyryň otuzynjy ýyllarynda başlandy. Geçirilen tejribe işlerinde oňat netijeleriň alynmagy olaryň
senagatda gaýtadan işlenilmegine girişmäge mümkinçilik berdi. Häzirki wagtda
Orta Aziýa döwletleriniň çägindäki birnäçe hojalyklarda efir ýagly ösümlikler
uly meýdanlarda ösdürilip ýetişdirilýär.
Biziň ýurdumyzda bu ösümlikleri ösdürip ýetişdirmäge mümkinçilik berýän
örän köp görnüşli klimatiki we toprak
şertleri bar. Mundan başga-da, özünde
efir ýagyny saklaýan köp sanly ýabany
ösümliklere duş gelmek bolýar. Olaryň
arasyndan birnäçe görnüşini senagat
üçin ösdürip ýetişdirmek mümkinçiligi
hem döreýär.
Biziň toprak-howa şertlerimizde düme
ösümlikleri ösdürip ýetişdirmäge mümkinçiligiň bolandygy sebäpli, ekilýän efir
ýagly ösümlikleriň sany has-da artýar.
Balkan welaýatynyň Etrek etrabynyň
çäklerinde birnäçe subtropik ekinleri
ösdürip ýetişdirmäge mümkinçilik bar.
Olar geran, limonly jöwen, limonly werbena we şuňa meňzeşler. Düme ösýän
ösümlikler dag eňňitlerinde (eteklerinde),
ýagny tekiz ýerlere görä has aram temperaturaly hem-de ygalyň köp düşýän
ýerlerinde muskatly şalfeý, nepeta we
beýlekileri ösdürip ýetişdirmek bolýar.
Häzirki wagtda alymlar tarapyndan
Orta Aziýanyň toprak-howa şertlerinde ösdürip boljak ýedi sany efir ýagly
ösümlikleriň agrotehnikasy oňat öwrenildi. Hakykatda bolsa, tebigy ýagdaýda
ösýän efir ýagly ösümlikleriň sany örän
köp. Olaryň birnäçesi häzirki wagtda
ylmy-barlag önümçilik merkezleri tarapyndan öwrenilýär. Bu ugurdaky alnyp barylýan ylmy-barlaglaryň esasy
maksady ýurdumyzyň parfýumeriýa,
sabyn öndürýän senagatyny doly üpjün
edip biljek efir ýagly ösümlikleri saýlap
almakdan ybaratdyr. Ýurdumyzda efir
ýagly ösümlikleri ösdürip ýetişdirmek
mümkinçilikleri diňe bir senagatyň talabyny üpjün etmek bilen çäklenmän,
eýsem, dünýä bazarynda satmaga hem
şertleri döredýär.
Çeşme: Bereketli toprak