Zulmuň başyny alyp gidere ýer gözleýän, adalatyň bolsa başa täç edilýän döwri dowam edýärdi. Täretlerini alan müminler haýallyk bilen ýöräp, mesjitde älemleriň Rabbynyň huzurynda durmaga taýýarlanýardylar. Şol sebäpli adamlaryň ýüzlerinde şatlyk we begenç duýgusy uçganaklaýardy. 
Halyfa hezreti Omar oý-pikirleri bilen gümra bolup, namaza barýarka, mesjide tarap bat bilen ylgap barýanja çaga onuň ünsüni özüne çekdi.Çagajyk hamala nämedir bir zatdan gaçýan ýa-da nirädir bir ýere ýetişjek bolýan ýalydy. Halyfa hezreti Omar ýaňky çaganyň edil mesjide girjek bolup duranyny gördi-de yzyndan seslendi: 
– Balam, beýle ylgapnirä barýaň? Beýle howlukmak nämä gerek? 
Çagajyk sojap durşuna, hezreti Omara ýüzlendi: 
– Eý, müminleriň halyfasy, mesjide namaz okamaga – her kim ýaly menem Rabbymyň huzuryna barýaryn. 
Muny eşiden hezreti Omar: 
– Eý, balam! Saňa heniz namaz parz däl ahyryn! – diýende, kiçijik ýüregine älem ýaly uky hakykaty sygdyrmagy başaran päk ýürekli çaga hezreti Omara şeýle jogap berdi: 
– Düýn biziň köçämizde ýaşaýan bir çaga ýogaldy. Şonda ölümiň kiçi ýa uly diýip saýlap durmaýandygyna düşündim. Menem ölüme hemişe taýýar bolmaly. Ine, howlukmagymyň sebäbi şu! 
Çagadan şeýle ajap sözleri eşiden hezreti Omaryňkalby joşdy. Ol gözýaş döküp durşuna päk ýürekli, nurana çagajygy bagryna basdy. 
Hawa, häzirki döwürde çözgüdi tapylmajak ýaly görünýän ähli meseleleriň çözgüdi – ýaşlaryň ätjek her ädiminde Allaha hasap bermek duýgusy bilen ätmegini gazanmak we olary şol duýgy bilen ýetişdirmekdir.

Bilim, Gubadag_A.Alayew tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir