Ikiýüzliler
Men bu pikirimde yranmaýaryn!
Aslynda beý diýmek nämäñe derkar?!
Ikiýüzlülere ynanmaýaryn,
Adamlañ ýagşysy, ýamany-da bar.
Hawa, adamlaryñ ýamany-da bar,
Men olary ýigrenýärin ebedi.
Olar ýaşap ýörler ilden "assyryn",
Siz düşüniñ: şu erbediñ erbedi.
Iş ýerinde, awtobusda, köçede
Ýa-da tanyşyñka bolaýsañ myhman,
Şeýle adam señ keýpiñi keç eder,
Şeýle adam özün tanadar hökman.
Oturşyga bile gelen dostunyñ,
Sebäp bilen daş çykarna mähetdel,
Üstün açyp oña bolan kastynyñ,
Işdä bilen gybat eder şol hakda.
Durmuşda köp duşdum ikiýüzlä men,
Şeýle duşuşykda köp zat ýitirdim.
Ýöne bulañ bary misli ekzamen -
Ýagşylara şeýdip akyl ýetirdim.
Gurbannazar Ezizow
Jupiter_Fire 4 years ago- Birinji bendi birhiliräk bolupdyr. Okamasy agyrrak.
Ýöne gowy goşgy eken.