Bir ýaşuly säher çagy aýaly hem-de ogly bilen çaý içip otyrka howluda agaç nahalyny oturtsa gowy boljakdygyny diline alaýýar. Onuň sözlerini aýaly alyp göteripdir.
— Dogry diýýäň atasy! Özem howlukmaly. Ýaz gelip, agaçlar pyntyklamanka nahallary oturtmaly. 
Ýaşulynyň şäherde okaýan, şol wagt dynç alşa gelen ogly hem olaryň gürrüňine goşulypdyr: 
— Üzüm ekmeli. Men üzümi gowy görýän. Telärde üstüňde sallanyşyp duran üzümleri arkan ýatyp synlamagyň lezzetini hiç bir zat bilen deňär ýaly däl.
— Bolýar oglum! Sen tomus öýe geleňde, üstüňe üzümler sallanyşyp durar. Jaýymyzyň gündogar tarapyndaky eýwany hem ýykyp aýrarys. Ol ýere hem üzüm oturdarys, gül ekeris. Ortasynda bolsa telär goýarys. Ýöne sen ertir şähere okuwyňa git! Oňat oka!
— Kaka, beýle howlukmak nämä gerek? Okuwyň başlanmagyna ýene-de üç gün dagy bar ahyryn — diýip, ol bir kakasynyň, birde ejesiniň ýüzüne seredipdir. 
— Iki-üç günläp bu ýerde näme etjek? Gowusy, şähere gidip okuwyňa taýýarlan — diýip, kakasy jogap beripdir. 
— Men eýwanyň ýykylanyny göräýjekdim — diýip, ogly ýüregindäkini aýdypdyr. 
—Näme?
—Eýwanyň ýykylanyny görüp gidäýeýindä kaka — diýip, ogly özelenipdir. 
Kakasy biraz pikir edip, ogluna ýüzlenipdir: 
— Oglum, sen arkaýyn gidiber! Eýwan sen gelýänçäň durar. Soň bile ýykaýarys ony.
— Men ýene ýarym ýyldan gelýän-ä.
— Bir ýyldan gelseňem eýwan durar. Ony sen geleňde aýyraýarys — diýip, kakasy dillenipdir. Içinden bolsa: «Şähere baransoň eýwan ýadyndan çykar gider-le» diýip pikir edipdir. 
Şeýlelikde, kakasy ertesi ir bilen ogluny demir ýol menzilinde otla mündürip şähere ugradýar. Otly ugramazyndan öň ogluna öwüt-nesihat beripdir: 
— Oglum, yhlasly oka, tertipli, dogruçyl bol! Zehiniňe, yhlasyňa söz ýok. Ýöne olary ýerlikli peýdalanmagy başar! Özüňde gowy, berk häsiýetleri terbiýele! Onuň üçin bolsa 
lebziň halal, birsözli bolmagy başarmaly. Birine bir zady wada bermezdeň ozal gowy ölçerip dök! Oýlan, lebiz etmäge howlukma! Emma wada eden zadyňy welin ýerine ýetirmäge howluk! Beren sözüňde durmasaň ynamdan gaçarsyň. Soň hiç kim saňa ynanmaz. Abraýy gazanmak kyn, ýitirmek welin aňsatdyr. Söz berip sözünde tapylmadyk adama sen hem ynanma, oňa bil baglama! Ýalançylara hormat goýma! Ýalançylarda ar-namys bolýan däldir — diýip, kakasy tä otly ugraýança ogluna nesihat edipdir. 
Bu wakadan soň ýarym ýyl geçipdir. Bir gün är-aýal guşluk wagty çaý içip otyrka şäherde okaýan ogullaryndan hat gelipdir. Ol okuw ýylyny üstünlikli tamamlandygyny şatlyk bilen habar beripdir. Ähli synaglary bäşlige tabşyrandygyny, mugallymlaryň ondan örän hoşaldygyny ogly hatynda ýazypdyr. Hatyň soňunda şeýle ýazgylar bar ekeni: «Kaka ynamyňy ödändirin. Nesip bolsa, bir hepdeden bararyn. Onsoň bag-bakja, 
üzümçilik işine kömek ederin». 
Soňky setirler kakasyny aljyradýar. «Men baranymdan soň eýwany bileje aýyrarys. 
Gowusy, ony meniň özüm tertiplije edip, hiç bir zadyna zyýan ýetirmän sökerin. Onuň ýerine ekmäge bolsa gül tohumlaryny satyn aldym. Olaram ejem bilen bileje ekeris». Ýaşuly ellerini titredip, jaýyň günorta tarapyna seredýär. Ol ýerdäki eýwanyň aýrylanyna ýarym ýyl bolup barýardy. Ony ogly şähere giden gününiň ertesi aýrypdylar. Eýwanyň ýerinde üzüm nahallary gollaryny ýaýradyp ugrapdy. Ol ýerde üzümden başga her dürli güller hem açylyşyp otyrdy. Emma ol zatlaryň ýekejesi hem ýaşulynyň gözüne ilenokdy. Ol ogly şähere ugramazdan ozal oňa eden öwüt-ündewlerini ýatlaýardy. «Beren sözüňde durmasaň ynamdan gaçarsyň. Soň hiç kim saňa ynanmaz. Abraýy gazanmak kyn, ýitirmek welin aňsatdyr. Söz berip sözünde tapylmadyk adama sen hem ynanma, oňa bil baglama!».
Ýaşuly ep-esli wagt pikirlenip oturypdyr. Soňra bolsa ýerinden syçrap galypdyr-da, 
aýalyna ýüzlenipdir. 
— Keýwany, men obadaky jaý gurýan ussalary tiz tapaýyn. Sen eýwandan sökülip aýrylan agaçlary, pürsleri gözläp tap, başga-da derde ýarar ýalysyny bir ýere jemleşdir.
Şeýle tabşyryklardan soň ol hiç zada düşünmedik aýalyna ýagdaýy mälim edipdir: 
— Eýwany täzeden edil ozalkysy ýaly, birjik-de üýtgetmän gurmak gerek. Howlukmaly, bary-ýogy bir hepde wagtymyz bar. Oglumyz onuň ýykylyp, täzeden gurlandygyny bilmeli däl — diýip, ol aýalyna oglunyň ýazan hatyny uzadypdyr. 
— Okap gör, baryna düşünersiň. 
Ýaşuly ussalary çagyrmaga gidipdir. Aýaly bolsa gözüne ýaş aýlap, işe girişipdir. 
Aradan bäş gün geçipdir. Jaýyň günorta tarapyndaky eýwan edil öňküsi ýaly edilipdir. Ol asla ýykylman gaýtam täzeden reňklenen ýaly bolupdyr. Eýwanda gök çaý içýän är-aýal eýwany täzeden gurmakda eden çykdajylaryny hasaplapdyrlar. Ussalaryň haky, täze goýlan agaçlaryň, reňkleriň bahasy, olardan başga-da bölek-büçek harç edilen pullar.
— Barybir ýene-de ýykylmaly eýwany täzeden gurmak üçin şunça pul harçlamak nämä gerekdi? — diýip, aýaly dillenipdir. 
— Köşeş keýwany, janymyz sag bolsa puly ýene-de gazanarys. Esasy zat iň uly zyýanyň öňüni aldyk — diýip, ýaşuly elindäki ýaglygy bilen derçigen maňlaýyny sylypdyr. 

Rus dilinden terjime eden
Serdar BAÝLYÝEW
Alem.su

Edebiýat, Jupiter_Fire tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir