Şu günler hem ulanylyp bolaýjak peýdaly durmuş maslahatlary:
- Her gün 10-30 minut ýöräň. Ýöräniňizde ýylgyryň.
- Günde azyndan 10 minut dymmak bilen geçiriň.
- Iň azyndan ýedi sagat uklaň.
- Has köp hereketli oýunlary oýnaň.
- Has köp kitaplary okaň
- ýoga, meditasiýa, doga üçin wagt sarp ediň, sebäbi olar energiýany täzeleýärler.
- 70 ýaşdan we 6 ýaşdan kiçi adamlar bilen wagt geçiriň.
- Has köp arzuw ediň.
- Köp suw içiň.
- Günde azyndan üç adamyň keýpini götermegi başaryň
- Gymmatly energiýaňyzy gybat üçin sarp etmäň.
- Geçmişdäki problemalary ýatdan çykaryň. Öňki dawa-jenjelleri maşgalaňyza we dostlaryňyza ýadyna salmaň, bu häzirki bagtyňyza päsgel berer.
- negatiw,ýaramaz pikirleri kelläňizden çykaryň we oňyn taraplara serediň. Durmuşyň mekdepdigine düşüniň we bu ýere öwrenmek üçin geldiňiz. Meseleler-bu mekdep meýilnamasynyň bir bölegi.Ol matemetika sapagy ýaly wagtlaýyn sapakdyr we alnan bilimler baky galar.
-Ýigrenmek üçin ömür örän gysga.Hiç kimi we hiç ýigrenmeli däl.
-Her jedelde ýeňiş gazanmagyň zerurlygy ýok.Ýalňyşýandygyňyzy boýun almagy öwreniň.
- Geçmişiňiz bilen parahatçylyk dörediň, häzirki zady zaýalamaz ýaly
- Durmuşyňyzy başgalaryň durmuşy bilen deňeşdirmäň. Sen ol hakda hiç zat bilmeýärsiň.
Ýakynlaryňyzy hiç kim bilen deňeşdirmäň.Öziňizden başga bagtlylygyňyzy alada etjek hiç kim ýokdur.
- Bagyşlamagy öwreniň.
-Başga adamlaryň siz hakda näme pikir edýändigi siziň işiňiz däl.
- Ýadyňyzdan çykarmaň, ýagdaý näçe gowy ýa-da erbet bolsa-da üýtgär.
-Ýarawsyz bolsaňyz, işiňiz size ideg etmez. Dostlar alada ederler.Olary ýitiräýmäň!
- Biderek, ýigrenji ýa-da ýakymsyz zatlardan dynyň.
- Göriplik wagt ýitirmekdir. Sizde zerur zatlaryň hemmesi bar ýa-da ýakyn wagtda bolar.
- Duýgyňyzyň ähmiýeti ýok - tur, geýin, gatnaşyň.
- Maşgalaňyza ýygy-ýygydan jaň ediň.
- Bu maslahatlary dostlaryňyz bilen paýlaşyň.

Rus dilinden terjime edilen
15.12.20ý
@Реалист01

Täzelikler, Реалист01 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir