Ylmy maglumatlar:
Duz bedene nähili täsir edýär?

Duzuň köp bolmagy bedeniň suwuklygy saklap başlamagyna sebäp bolýar (1 g natriý 200 ml suw saklaýar), bu bolsa gizlin(içki) çişleriň döremegine sebäp bolýar). Bu bolsa içki organlaryň işine ýaramaz täsir edýär. Esasanam böwrek we ýürek-damar ulgamynyň kesellerinde duzuň aşa köp bolmagy howplydyr.



Tüwi näme üçin suwda ösdürilýär?

Tüwi hakykatdanam beýle suw gerek däl.Ýöne şeýle şertlerde ösüp biljekdigi we haşal otlaryň ösüp bilmeýändigi sebäpli suw olara garşy tebigy goragdyr.Ýeri gelende aýtsak, dünýä ilatynyň ýarysyndan gowragy tüwi iýýär.



Köprüleriň sany boýunça haýsy şäher dünýä rekordyny eýeleýär?

Germaniýanyň Gamburg şäheri köprüleriň sany boýunça dünýä rekordyny eýeleýär. Bu ýerde 2300-den gowrak köpri bar.Bu şäherdäki köprüler Wenesiýadaky, Amsterdamdaky we Sankt-Peterburgdaky köprüleriň sanyndan köp.

Bilim, Реалист01 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir