Arak adam üçin iň uly duşmanlaryň biridir we hemme erbetlikleriň başydyr.Allahyň kitaby Kurany Kerimiň Maide suresiniň 90-njy aýatynda Allatagala şeýle buýurýar "Eý, iman getirenler! Takyk, arak (şerap), humar, dikilgi daşlar (butlar) we pal (atylýan) oklar şeýtanyň pis-hapa işleridir. Bes, siz halas bolmagyňyz üçin ondan daş duruň!
91. Şeýtan arak (şerap) we humar arkaly siziň araňyza duşmançylyk we kine salmak, siziň
Allany ýatlamagyňyza we namaz (okamagyňyza) päsgel bermek isleýär. Siz (bu zatlardan) dändiňiz dälmi eýsem?!
(Bu höküm aragyň haramlygy baradaky gutarnykly hökümdir. Musulmanlaryň bu höküme amal etmegi parzdyr. )
Bir belli rowaýatda hem aragyň ynsan üçin örän erbet zatdygy aýdyň düşündirilýär. Bir adama 3 işiň haýsy hem bolsa biriniň edilmegi buýrulýar. Kiçi çagany öldürmek,zenany zorlamak,ýa arak içmek. Ol adam özüçe günäden azy şul diýip arak içýär we aklyny gidirip soň beýleki iki işi hem edipdir diýýärler. Şonuň ýaly durmuşda hem görýäs nebir adamlar arak içip özlerini sandan çykaryp ne özlerine ne maşgalasyna ne ata-enesine haýry degmeýär.Bar gazananjalaryny içgä berip bergidar we goh-galmagalyň içinde ýaşaýarlar. Eger-de rahat durmuşda ýaşaýan bolsada hem,Allahyň emrine ters gideni üçin özuni günäň içine atyp Allanyň merhametinden daş bolýarlar. Kä birleri bolsa has sandan çykyp serhoş bolup köçelerde ýatyp-turup wejera bolup ömürlerini köýdürýärler. Peygamberimiz saw arak bilen baglanşykly şu aşakdakylary aýdyp,oňa nälet bolsun diýip dileg-gargynç edipdir:
1.Aragyň özüne nälet bolsun !.2.Üzümiň suwuny sykana nälet bolsun!
3.Aragy içene nälet bolsun !
4.Aragy özi içmän içýäne guýup berene nälet bolsun!
5.Aragy satana nälet bolsun !
6.Aragy ulagy bilen äkidip berene nälet bolsun !
7.Aragyň nirede satylýanyny almak isläne salgy berene nälet bolsun! .8.Aragy satyn alýanä nälet bolsun!.9.Aragy satyp peýdalanýana nälet bolsun diýipdir !
Şeýle hem Peygamberimiz saw aýdypdyr :
—Eger arak içýän Kurany Kerimden bilýän bolsa ,arak içeni üçin şol bilýän aýatlarynyň her bir harpy ahyretde şol adamdan şikaýatçy bolar,şul adam biziň üstümüzden arak guýdy diýip we onuň üçin dawagär bolar diýýä eger toba etmän ötse diýipdir.
Arak Allanyň haram ,ýagny gadagan eden zady. Içmäň—diýip buýran zady. Arak içýän şonuň üçin eger arak içse Allanyň garşysyna gidýär we onuň günäsini gazanýar we Allahdan daşlaşýandyr. Peygamberimiz saw " Allahyň ulylygy bilen kasam içip " Kim bir owurt arak içse oňa dowzahyň erbet içgisini içirerin" diýenini bildiripdir. Şonuň üçin kim arak içýän bolsa ony tizden goýup,toba edip Hak ýola düşmelidir. Arak şeýtanyň içgisidir we şeýtan arak ýasalanda onuň içine tüýkürip üstüne buşugýandyr diýýärler."Aý,entek men ýaş arak içjek,durmuşyň hözürni görjek "diýýänler aldanmasynlar,şeýle diýip ýaşlygyna ölüp gidýänleride bolýar,ýa-da 70-80 ýaşasada şol endigini goýup bilmän ölüp günäkär bolup gidýänler durmuşda az däl.
Durmuşda araga garşy iň berk çäre ulagy içgili sürene berilýär,içip ulagyňa minmek eýýäm jenaýatçy ýaly görülýär we aslynda ol dogram. Içgili adamyň akly gidýär,özüne kontrolluk edip bilmeýär we köpülenç ýaramaz ýagdaýlara sezewar bolýar.
Geliň adamlar aragy içmäliň,Allahyň we Peygamberimiz saw-yň gazabyna sezewar bolmalyň,eger şeýtanyň şerine we öz nebsimize ejizlik edipde arak-şerap içende bolsak,toba edip Hak ýola düşeliň ! Özümize,ýakynlarymyza,il-güne mähriban ynsanlar bolmaga çalşalyň !
soho 4 years ago- ellerine saglyk Chary aga, owut-undewli mowzuklaryny yene yetirip dur.