ENE HÜWDÜSI
(hekaýa)

El degirmeniniň sesine gözümi açdym. Pelteli çyranyň öçügsi yşygyna birbada hiç
zady saýgaryp bilmedim. Oýaly-ukuly gözlerimi owkalaşdyryp, öýüň gap böwründe
degirmen daşynyň başynda enemiň yraň atyp otyrandygyny gördüm. Ol häli-şindi bilini
dikläp, atamyň ondan-oňa zordan göterip eltyän agyr degirmen daşynyň ortasyndaky
deşige bir gysym däne guýup, garyş boýly ýogyn taýak bilen ýene-de ony aýlandyryp
başlaýardy. Daşyň daşa süýkenip emele getirýän dügürdisi, göwnüňe bolmasa, diňe
bir gara öýüň içine däl, tutuş dünýä zenzele berýän ýalydy. Men ýorgany başyma
çekip, surnukdyryjy sesden gulaklarymy gizledim. Onýança-da öýüň içiniň zenzelesi
goşalandy. Sallançagyň ýeke-täk hökmürowany bolan gundagda ýatan jigim çyrlap
başlady. Daňdanyň süýji ukusynyň soňuna nokat goyuldy. Men üstümdäki ýorgany
serpip, sallançagyň bagyny elime aldym. Enem degirmen aýlap oturyşyna meniň sal-
lançak üwräp başlanymy görüp, ýuwaşjadan: «Hüwdüle-hüwdüle!» diýip pyşyrdady.
Men aýdylany bilen boldum.
Ene hüwdüsine werziş bolan jigim meniň düşnüksiz sesime barha beter çyrlap
başlady. Men hem sesime bat berdim. Şeýdip, iki bolup alazenzele turzup oturyşymyza
öýüň içinde birden jadyly owaz ýaňlanyp başlady. Ol owaz degirmen daşynyň dügürdisi
bilen, dynuwsyz üwrelýän sallançagyň üwrelýän sesi bilen şeýle bir sazlaşýardy welin,
ýap-ýaňyja-da dünýäni gowga gaplap oturan gara öýüň içini ýaz şemaly öwsen dek
etdi. Bu — enemdi. Ol hem degirmen üweýärdi, hem hüwdi aýdýardy. Ol hüwdi saza
goşup owazlandyrylýan ýaly, şeýle bir süýjüdi, şeýle bir süýjüdi, asyl ondan doýup,
ganyp bolar ýaly däldi. Asyl sallançagyň bady hem şol owaz bilen sazlaşyp, degirmen daşynyň güňleç dükürdisi bolsa hüwdi beýtleriniň her setirine özboluşly heň goşýan
ýalydy. Özi-de bu owaz şeýle bir dowamlydy welin, asyl onuň soňy görnenokdy. Beýt
yzyna beýt sepleşip, şol gidip otyrdy, gidip otyrdy...
Birden daşarda atyň hokranmasyna gözümi ýalpa açypdyryn. Soň görüp otursam,
enemiň hüwdüsine jigim-ä jigim welin, menem irkilipdirin. Enem bolsa bu wagt eýýäm
ojagyň başynda täzeje undan gyzzyrma bişirip otyrdy.
Atyň hokranmasy gaýtalandy. Yz ýanyndanam daşarda biri enemiň adyny tutup
gygyrdy. Enem:
— Brigadir gelipdir — diýip, daşary çykmak bilen boldy.
Onuň sesi bolsa soň hem gulagymda ýaňlandy durdy:
— Sen bu gün ilerki atyzda galan ýeriň çürtümini gutaryp gaýt. Barlagçylar şol
atyzyň üstünden geçjekler. Gepe goýaýma!
Enem daşary çykyşy ýaly çalt içeri girdi.
— Hany, gyssanaly, Myrat jan, bol basymjak çaýyňy iç, sen ýene-de meň bilen gidip
jigiňe seretmäge kömekleşmeseň bolmaz.
Biz ala-hasyrdy bolup, ertir çaýymyzy içdik. Enem jigimi mazaly edip gundady. Bey-
leki gerek-ýarak zatlaryny, günortanlygymyzy yantorbasyna atyp, ony-da boynundan
asdy. Enem jigimi bagryna basyp öyden çykanda gädikden garayan ýaly ýaňy dogup
gelýän Günüň gyrasy çala görnüp başlapdy.
Brigadiriň ilerki atyz diýýäni täze özleşdirilen ekerançylyk meýdanydy. Oňa barmak
üçin obany jähekläp gidýän gowaçalygyň çeti bilen günbatara tarap ep-esli ýöremelidi.
Atyzyň gyrasyna çekilen ýogyn çiliň üstüniň gatnawy ýetik bolansoň ýap-ýasy bolup
ýatyrdy. Şeýle-de bolsa çiliň gyrak-bujaklarynda gögerip oturan selindir selmelerden
ýaňa onuň insizje aýakýoda bolup uzalyp gidýän sudury çala görünýärdi. Parç bolup
aýaga çolaşyp ýatan ol otlaryň üstüne düşen dür däneleri sepilen dek ýalpyldaşýan
agşam çygy sähel ýol geçmänkäk enemiň ýere süýrenip diýen ýaly barýan köýnegi-
niň aşagyny öl etdi. Enemiň köýneginden tutaklap barşyma daň çygynyň endamyňy
jümşüldedip gidýän täsiri meniň hem aýajyklarymdan geçip depäme çykyberipdi.
Biz barmaly atyzymyza ýetenimizde Gün naýza boýy ýokary galypdy. Enem jigimi
meniň gujagyma berdi-de, ýantorbasyndan ýalaw ýaly oragyny çykaryp, hatara edilip
ekilen tut nahallarynyň iki düýbüniň arasyna biten ot-çöpleri aýryşdyrdy. Soňam iki
gulaç boýy ýüpi eýläk-beýläk geçirip, sallançak ýasady.
Sähel salymyň içinde taýýar bolan düşleg ýerimiz enemiň göwnüne ýaran bolarly:
— Ine, Myrat jan, biziň meýdan düşelgämiz — diýip, birenaýy ýylgyrdy-da, sallan­
çagyň bagyny elime tutdurdy.
Men özümiň öwrenişikli bolan ýumşuma kaýyllyk bilen jaýlaşykly oturyp, sallança-
gyň bagyny dartyp başlanymda enem eýýäm atyzyň içindedi. Onuň biline ýetip duran
bitgin gowaçaly peli boýlap barşy edil maňlaýdan urýan Günüň tyglary bilen çaknyşyp
gözüňi gamaşdyryp gidýärdi. Ýazylyp ýatan ekerançylyk meýdanynyň aňyrsynda-bär-
sinde enemden, jigim ikimizden başga gymyldy hereket ýokdy. Içgysgynç ümsümlik
hemem howanyň kem-kemden gyzyp başlamagy, birhili, howalaňy basýardy. Enem
bu ýagdaýy duýan bolarly, çalaja owazlandyryp aýdym aýdyp başlady. Dogrusy, şol
pursatda men onuň aýdymdygynam, hüwdüdiginem aňşyryp bilemokdym. Ýöne giň
giden meýdanyň içinde özümiň hossarlydygym meni ekezlendirýärdi. Has çuslanyp
oturyşyma, sallançak bagyny elimden goýamokdym. Emma kalbyma aralaşan ýum­
şak rahatlyk meni öz holtumyna dolap usurgadyp barýan ýalydy. Her gezek gözlerim
süzülip, sallançagyň bady gowşanda tisginip özüme gelerdim. Jigim janyň süýji uku-
da dänjiräp ýatanyny görübem, ýene-de köşeşerdim. Enemiň çalaja eşidilip-eşidilip gidýän süýji owazy bolsa sähel salymdan meni ýene-de öz mahmal bossanyna tarap
alyp gidýärdi.
Ahyry men hem irkilipdirin. Gundagda ýatan jigimiň sesine gözümi ýalpa açdym.
Sallançak gymyldy-hereketsiz durdy. Enemiň hem owazy eşidilenokdy. Äm-säm bo-
lup durşuma birden jigimiň kükreginiň üstünde külçe ýaly düýrlenip ýatan ala-mula
ýylana gözüm düşüp, dilim damagyma dykyldy. Ne gygyryp bilýän, ne-de ýerimden
turup. Onýança-da jigim ýene-de hykyrdanyp, kellejigini iki tarapa oýkap başlady. Bu
ýagdaýa ýylan hem çalaja başyny göterdi. Dilim ysmasa-da, birden göwräme hereket
gelendird-ä, atylyp ýerimden turup eneme tarap ylgadym.
Bolup gelşimi gören enem hem zähresi ýarylan dek maňa tarap ylgady. Boýum
bilen boýdaş gowaçalaryň arasyndan ylgap barşyma enemiň gujagyna dolamsoň
dilim açyldy, onda-da diýip bilen zadym «ýylan» diýip çirkin gygyrdym. Enemiň meni
goltugyna gysyp atylyp gaýdanyny çalaja bilýän.
...Şol aralykda näme bolup geçenini bilemok, bir görsem, men enemiň öňünde
ýatyrdym. Enem bolsa şeýle bir süýjüdip hüwdi aýdýardy. Gözlerinden dökülýän göz­
ýaşlar bolsa ýaz damjalary deýin üstüme seçelenýärdi. Meniň özüme gelenimi bilip,
enem «Sesiň çykmasyn» diýen terzde eli bilen agzymy ýapyp, ýuwaşjadan sallançak
üwremek bilen başagaýdy. Sallançagyň badyna salkynjak şemal ýüzüni ýelpäp baş­
lansoň, jigim hykyrdanmasyny goýup, ýene-de süýji ukynyň gujagyna doldy. Adaja
üwrelýän sallançagyň şyg-şygy bilen goşulyşýan ene hüwdüsi bolsa ýakynlaşyp gel­
ýän günortanyň jokramasyny parran böwsüp perzent perwanasy bolan enäniň owazy
bolup töweregi ýaňlandyrýardy. Ol owazyň ýürekleri elendirip barýan mähribanlygy
şeýle bir ýakymlydy welin, ony eşidip duran ynsan balasy-ha däl, islendik janly-jandar
hem özüni mähir-muhabbetiň ýyly bossanynda ýaly duýjakdy. Ol ýöne bir owaz däldi.
Ol sallançakda ýatan bigünä bäbejigiň ala meýdanlara çykyp, şady-horram bolup oý­
namalarynyň ertirki ýaňlarydy. Aňňat-aňňat bolup gidýän ak çägeli alaňlaryň üstünde
goçak-goçak aýak yzlaryny galdyryp täze daňlara tarap gadam urýan goç ogluň ýigit
telwasynyň, ata bolandan soň hem mährem käbesiniň bähresini şol sallançakdaky
gudamanja oglanjyk bolup alawladyp durjak gerçegiň ene hüwdüsine siňdirilen ar-
zuwlarydy.
Men enemiň gujagyna gysmyljyrap ýatyşyma, gözümiň öňünde bolup geçip duran
zatlara bütin süňňüm bilen syn edýärdim. Göwnüme bolmasa, enemiň owazy barha
süýjeýän ýalydy. Ol owaz doň ýürekleri eredip, oňa söýgi ataşyny guýýana meňzeýär-
di, ýagşa ýaran bolmaga pata berýän ýaly owazlanýardy. Ol owazyň melul ediji jadysy
perişde permany bolup ýürekleri owsarlaýardy. Ol şeýle bir ýakymlydy, ol şeýle bir
owadan owazdy, ol islendik gara güýji yza tesdirip bilýän mukaddeslikdi.
Hawa, ol ene hüwdüsidi...

Akmyrat ABDYLLAÝEW

Edebiýat, Jupiter_Fire tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir