Ýurdumyzyň bilim-ylym ulgamynda innowasion tehnologiýalar we ylmy çözgütler önümçilige ornaşdyrylýar. Häzirki wagta ýudumyzyň sanly bilim ulgamynda okatmagyň we bilim bermegiň döwrebap usullary ulanylýar. Talyplaryň nazaryýetde alan bilimleri önümçilikde tejribelikde berkidilýär. Önümçilikde ulanylýan tehnologiýalar bilim ulgamynda hem peýdalanylýar. Munuň özi geljekki hünärmenleriň taýýarlygynyň derejesini ýokarlandyrýar.
Häzirki döwürde kompýuteriň mümkinçiliklerinden ähli pudaklarda giňden peýdalnylýar. Ylmyň ösmegi, intellektual şahsyýetiň kemala gelmegi üçin kompýuter tehnologiýalarynyň wezipesi örän uludyr. Ylmyň gazananlarynyň esasy bölegi öňdebaryjy tehnologiýalaryň hyzmatydyr.
Berkarar döwletimizde hem kompýuter tehnologiýasynyň soňky gazananlaryny durmuşa geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Ýurdymyzyň ykdysadyýetiniň degişli pudaklarynyň öňünde täze wezipeler goýuldy. Şol wezipeleri üstünlikli çözmek üçin diňe bir täze tehnologiýalar ýeterlikli bolman, eýsem şol tehnologiýalary ulanyp biljek ýokary derejeli hünärmenler zerurdyr. Ýokary derejeli hünärmenlere programmalaşdyrma dillerini öwretmek hem wajyp meseledir.
Programmirleme dili diýlende nämä düşünýärsiňiz. Ýer ýüzünde müňlerçe halk bar bolsa, olaryň hersiniň hem özüne mahsus dilleri bardyr. Her dil özüniň grammatikasy, sintaksisi bilen biri-birinden tapawutlanýar. Kompýuter tehnikasynyň programmirleme dillerini hem edil şunuň ýaly göz öňüňize getiriň.Biz özümize gerekli bolan funksiýany kompýutere buýurmak üçin ol işi oňa kompýuter dilinde düşündirmeli. Onuň üçin bolsa ýörite programmirleme dillerinden peýdalanylýar. Her diliň özüne mahsus kodlary, ýazylyş sintaksisleri bardyr.
Häzirki wagtda programmirleme dilleriniň 8500 –den gowragy bar. Ýöne bu dilleriň görnüşiniň känligine garamazdan, 10 dan gowragy has aktiw ulanylýandyr. Käbir meşhur programmirleme dilleriniň atlandyrylyşynyň örän täsin döreýiş taryhy bar. Geliň dünýädäki iň meşhur programmirleme dilleriniň adynyň gelip çykyşyna seredeliň.
Java we JavaScript
JavaScript we Java dilleri umumy bir sözden ybarat bolsa-da, bu dilleriň hiç hili baglanyşygy ýokdyr. Bu meňzeşlik bäsdeşlik bilen baglanyşykly.
1995-nji ýylda Brendan Aýk JavaScript dilini döretdi we ony şol döwürde iň meşhur bolan Java diline ýoldaş hökmünde ýerleşdirmek isledi. Netscape we Explorer brauzerleriniň arasyndaky güýçli bäsdeşlik netijesinde, Microsoft bu dili klonlaşdyrdy we Jscript diýip atlandyrdy.
Python
Mümkin, Python dili bilen işläp başlan hünärmenleriň köpüsi bu diliň ady süýrenjiler bilen baglydyr diýip pikir edýändir. Aslynda “Python”-yň esaslandyryjysy Guido wan Rossum örän täsirli we ýatda galyjy at tapmak isledi. Python-y düzýän döwründe Guido “Monti Paýtonyň uçýan sirki” (“Flying circus Monty Python”) atly komediýany okaýar we üstünde zähmet çeken dilini “Python” diýip atlandyrýar.
Java
Java diliniň meşhurlygy dünýä reýtingine görä ilkinjileriň hatarynda barýar. Muny “Java”-da işleýän öýjükli telefonlary, telewizorlary we dünýädäki milliardlarça oýunlar hem subut edýär.
Diliň ady bilen baglanyşykly hekaýanyň 2 görnüşi bar. Birinjisine görä, dili esaslandyryjy Jeýms Gosling, ilki ofisiniň golaýyndaky ösen dub agajynyň adyny dakýar. Soňra “Green” adyny dakýar, iň soňunda kofe markasy “Java”-da saklanýar. Ikinjisi bolsa, diliň ady kofemaşyny bilen bagly, ýagny bu dil ilki öý enjamlaryny programmirlemek üçin döredilendigi aýdylýar.
B, C, C++ we C#
Ýeri gelende aýtsak C we B programmalaşdyrma dilleri döränden soňra beýleki dillere hem öz täsirini ýetirdi. Bu diller AT&T Bell telefon barlaghanasynda Ken Tompson we Dennis Ritçi tarapyndan işlenip düzüldi.
Býern Straustup Kembridj uniwersitetini tamamlap Bell barlaghanasynda täze programmalaşdyrma diliniň üstünde işläp başlaýar. Bu dil ilki başdaky C dilinden kämilligi üçin “C with classes” adyny alýar. “C++” adyny Rik Mesçitti oýlap tapýar. “++” programmirlemede inkrement operatory ( inkrement – artdyrma operatory ) bolup C++ diliniň ýönekeý C –den has mümkinçilikleriniň köpdügini görkezýär.
Ýurdumyzda bilim bermegiň ähli baskançaklary eletron bilim maglumatlary bilen üpjün edildi. Sanly serişdeleriň ulanylyş mümkinçiligi yzygiderli giňeldilýär. Bilim edaralarynda ýaşlara berilýän bilimiň mazmuny baýlaşdyrylýar.
Elektron maglumatlar çeşmesine birikmegiň elýeterligi ýaşlaryň döwrebap bilim almagyna hem-de kämilleşmegine oňyn täsirini ýetirýär. Ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdeplerinde bilim portalyny doly ornaşdyrmak üstünikli amal edildi. Bu işler durmuşa doly ornaşdyrylyp, okamak üçin sarp edilýän wagt ep-esli tygşytlanyldy, şonuň ýaly-da bilimiň hili ýokarlandyryldy.
Soňky ýyllarda döwrebap kompýuter tehnologiýalary, multimedia enjamlary bilem doly üpjün edilen orta, ýorite orta we ýokary okuw mekdepleriniň, ylym-barlag merkezleriniň giň ulgamy döredildi. Gahryman Arkadagymyzyň pähim-parasatly, il-halk bähbitli başlangyçlary bilen durmuşa geçirilýän innowasion özgertmeler maksatnamasy toplumlaýyn durmuşa geçirilýär.
Rozynýazowa Jemal,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
informatika institutynyň Maglumat ulgamlarynyň
howpsuzlygy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.
Çeşme: http://duralga.ru
Programmirleme dilleri (Java, Python, PHP...)
-
yashalym
4 years ago
- https serwer goyupsyn,onki yaly islanok.http gowdy
-
yashalym
4 years ago
- @ulykazy habarlasayda kyn gorman 61480547
-
yashalym
4 years ago
- @arsen
-
yashalym
4 years ago
- hakyky ,mobilden girenoklay sayda. gulp cykypdur @L.K
-
ulykazy
4 years ago
- https://duralga.ru
yashalym 4 years ago- https serwer goyupsyn,onki yaly islanok.http gowdy