Bir zenan maşgala aeroportda uçar bilen alyslardaky öz watanyna gitmek üçin ýolagçylyga taýýarlyk görýärdi. Ýanynda sumkalary bardy. Uçaryň uçmagyna hem bir sagat ýaly wagt bolansoň, okap güýmenmek üçin gazet we ýanyndan iýer ýaly bir paket köke aldy. Okamak we dynjyny almak almak üçin VIP salonynda bir oturgyja oturdy. Ýanyndaky oturgyja-da satyn alan kökesini açyk goýupdy. Onuň ýanyndaky oturgyja hem başga bir adam otyrdy we ol hem bir žurnal açyp, okamaga başlady.
Zenan maşgala ilkinji kökesini alyp, iýmäge başlady. Adam hem ondan bir köke aldy. Zenan örän gaharlanypdy we içinden:
- "Wah, özümi oňat duýýan wagtym bolsady, onda muny oňatja ýepbeklärdim!” diýip pikirlendi. Zenan birini alýar, adam hem birini alýardy. Zenan däliraýjek bolýardy, ýene gohlaşmagam islänokdy. Soňunda ýekeje köke galanda, zenan:
- ”Indi bu edepsiz adam näme ederka?” diýip pikirlenipdi. Ol adam bolsa soňky kökäni alyp, ikä bölüp, ýarsyny zenana uzatdy. Bu ýagdaýa has hem gaharlanan zenan ýarty kökäni alman, tüweleý ýaly bolup, gazedini alyp, uçaryna tarap çalt ädimler bilen tasanjyrap gitdi.
Uçara münen zenan äýnegini almak üçin, el sumkajygyny açdy. Bir seretse satyn alan kökesi açylmanjyk durdy. Örän utanypdy. Kökesini hiç açman, sumkasyna salanyny unudypdy. Ol adam bolsa kökelerini hiç gaharlanman zenan bilen paýlaşypdy. Zenan bolsa öz kökelerini iýýär diýip, ol adama örän gaharlanypdy. Indi ötünç soramaga-da mümkinçilik ýokdy.

©Mowzuk ertir.com-yň @Bruno94 atly agzasyna degişli.
©Paýlaşan - Perhat Sabirovv

Täzelikler, Perhat Sabirovv tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir