RABBI GILLEL

 A. ISAAK­ÝAN,
er­me­ni ýa­zy­jy­sy 

   Ylymyny art­dyr­mak mak­sa­dy bi­len Wa­wi­londan Ys­ra­ýy­la ge­len­de, rab­bi Gil­le­liň❶  ýa­ňy kyrk ýa­şy do­lup­dy. Ol şä­her­de gün­lük­çi bolup işe dur­ýar. Ga­zan­jy­nyň ýa­ry­ny maş­ga­la­sy­na, gala­ny­ny Hu­da­ýyň ka­nun­la­ry­ny öw­red­ýän be­ýik mugal­lym­lar rab­bi Şem­ma­ýy bi­len rab­bi Ab­ta­li­ýo­nyň ýyg­na­ny­şy­gy­na gat­naş­mak üçin, ylym­lar öýü­niň der­we­zeba­ny­na ber­ýär.

   Bir ge­zek ol pul­suz gal­ýar, ga­ra­wul ony muzdsuz goý­ber­mek is­le­me­ýär. Şo­nuň üçi­nem ol ja­ýyň üçegi­ne çy­kyp, aý­dyl­ýan ne­si­hat­la­ry diň­le­mek üçin kelle­si­ni pen­ji­rä sok­ýar.

   Şen­be gü­nü­niň öň ýa­ny eken. Gyş gü­ni bo­lan­soň, uzak­ly gi­je gar ýag­ýar. Ha­çan-da daň atan ma­ha­ly, Şem­ma­ýy Ab­ta­li­ýo­na ýüz­len­ýär:

— Do­ga­nym, Ab­ta­li­ýon, adat­ça, gü­nüň şu wagtla­ry ja­ýyň içi­ne ýag­ty dü­şer­di. Bu gün ne ga­raň­ky?

   Hem­me­ler ýo­ka­ryk se­red­ýär. Gör­se­ler, kim­dir biri pen­ji­rä­niň öňü­ni tu­tup dur. Üçe­ge çy­kan adam­lar onuň Gil­lel­di­gi­ni ta­na­ýar­lar. Ol ga­ryň aşa­gyn­da galan eken. Do­ňup ga­ta­ra ge­len Gil­le­li ýe­re dü­şü­rip, ja­ýa sal­ýar­lar, oda go­laý otur­dyp, özü­ne ge­tir­ýär­ler.

— Şu adam se­bäp­li şen­be gü­nü­niň dynç­ly­gy­ny boz­duk, ýö­ne ol mu­ňa my­na­syp — di­ýip, ha­ly­pa­lardyr şä­girt­le­ri bir-bi­ri­ne ýüz­len­ýär.

   Gil­le­liň yl­my­nyň çä­gi ýok­dy. Ol ha­ly­pa­la­ryn­dan däl-de, olar on­dan sa­pak alar­dy. Onuň bi­le­si­ge­liji aky­ly dün­ýä syr­la­ry­na göz ýe­tir­sem diý­ýär­di. Ol dür­li dil­le­re dü­şü­ner­di. Dag-daş­la­ryň owa­zy­na-da, bag­la­ryň yg­şyl­dy­sy­ny-da, hat­da haý­wan­la­ryň se­sine-de akyl ýe­ti­rer­di. Ol my­la­ýym, sa­byr­ly yn­san­per­wer bir adam­dy.

   Bar za­dy­ny ga­ryp-ga­sar­la­ra be­rer­di, bir ki­şi­niň dile­gi­ni ýe­ri­ne ýe­ti­rip bil­me­se, örän gy­na­nar­dy.

   Onuň pa­ra­hat, hoş­ni­ýet­li yn­san­ly­gy agyz­dan-agza ge­çip, uly şöh­ra­ta eýe bol­ýar. Şo se­bäp­li adam­lar:

— Gil­le­liň ga­ha­ry­ny ge­ti­rip bo­lar­my ýa-da onuň sa­byr-ta­ka­dy şeý­le çäk­siz­mi­kä? — di­ýip, öza­ra jedel eder­di­ler.

   Bir ge­zek iki sa­ny adam je­del­leş­ýär. Ola­ryň bi­ri er­jel­lik bi­len:

— Men oň ga­ha­ry­ny ge­ti­rip, deg­na­sy­na de­ge­rin — diý­ýär.

   Şen­be gü­nü­niň öň ýa­ny eken. Gil­lel ýu­wun­mak mak­sa­dy bi­len ham­ma­ma gir­jek bo­lup dur­ka, ýaň­ky je­del eden­le­riň bi­ri oň ýa­ny­na gel­ýär.

— Rab­bi öýün­de­mi­kä? Rab­bi Gil­lel bar­my­ka? — di­ýip gy­gyr­ýar.

   Rab­bi geý­nip daş çyk­ýar-da:

— Og­lum, nä­me ge­rek? — di­ýip so­ra­ýar.

— Sa­ňa bir so­wa­lym bar.

— Aýt, og­lum, aýt — di­ýip, rab­bi jo­gap ber­ýär.

— Nä­me üçin tar­mud­ly­la­ryň göz­le­ri gowy gö­re­nok?

— Og­lum, sen örän ze­rur so­wa­ly ber­diň. Olar çöl­lük ýer­ler­de ýa­şa­ýar­lar, äh­ti­mal, şo­nuň üçin­dir.

   Ol adam gid­ýär, ýö­ne az wagt­dan ýe­ne ge­lip so­ra­ýar:

— Nä­me üçin ap­rak­ly­la­ryň da­ba­ny ýa­sy?

   Şol bir bol­şu­ny sak­lap, rab­bi ýe­ne jo­gap gaý­tar­ýar:

— Og­lum, bu so­wa­ly­ňam örän äh­mi­ýet­li eken. Olar bat­galyk ýer­de ýa­şa­ýar­lar, bel­ki, şo se­bäp­li­dir.

   Ol adam:

— Sa­ňa en­te­gem so­wal­lam kän, ýö­ne ga­haryň ge­ler öý­düp gork­ýan — diý­ýär.

   Gil­lel ilik­le­ri­ni il­di­rip, pa­ra­hat otur­ýar-da:

— So­ra­ber, og­lum, nä­me is­le­ýän bol­saň sora — diý­ýär.

— Sen şol mu­sa­ýy­la­ryň öz­le­ri­ne «na­si»❷  ha­sap­la­ýan he­mem çuň­ňur hor­mat­la­ýan Gille­li­mi?

— Ha­wa, men rab­bi Gil­lel. 

— Sen ýa­ly adam Ys­ra­ýyl­da bol­ma­dyk bol­sa go­wy bor­dy.

— Nä­me üçin, og­lum?

— Se­bä­bi men sen se­bäp­li dört ýüz zuza­my❸ ýi­tir­dim.

   Gil­lel:

— Bar, og­lum, in­di­den beý­läk pa­ra­sat­ly bol.

   Gil­lel hiç ha­çan sa­byr-ka­na­ga­ty­ny el­den bermez — diý­ýär.

Wenesiýa. 1922 ý. 


Rus di­lin­den ter­ji­me eden

Rüs­tem GUR­BAN­NE­PE­SOW 

❶Rabbi Gillel — patyşa Irodyň zamanynda kanun çykaryjy bolan.

❷Nasi — Musaýylaryñ  baştutany, on iki arkasynyñ biriniñ ýolbaşçysy. 

❸Zuza — gadymy palestin puly

Edebiýat, Jupiter_Fire tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir