Taryhy ýazgylarda 1069-njy ýylda Ýusup Has Hajyp Balasagunlynyň " Kutadgu bilig" (6650 gazaldan düzülen) ,1072-nji ýylda Mahmyt Kaşgarlynyň " Diwanu lugat it-türk" (280 gazaldan ), 12-nji asyrda ýaşan Ejip Ahmet Ýognaklynyň " Hibat ul-hakaýyk" atly eserleri türki dilleri öwrenmegiň başlangyjy hasaplanýardy. Türki dilleriň köklerini çynlakaý yzarlasak, onuň "damarlarynyň" Zaratuştranyň "Awesta" kitabyna hem direýändigini görmek bolýar. Pikirimizi tassyklamak üçin eýranly dilçi Ý.Bahramynyň 2000-nji ýylda Tähranda çapdan çykan "Dictionary of the Awesta" ("Awesta sözlügi ") atly kitabyna ýüzlenmekçi bolýarys.Awtor öz ylmy işinde "Awestadaky" 45 harpdan düzülen elipbiýi berip, onda ulanylan sözleriň iňlis, pars dillerine terjimesini transkripsiýasy bilen getirip görkezipdir. "Awestanyň " sözleriniň transkripsiýasyny hem-de terjimesini synlanyňda, olaeyň ençemesiniň biziň sözlerimize ýakynlygyny görmek bolýar. Biz şol sözlükde getirilen sözleriň birnäçesini deňeşdirip görmek üçin okyjylara hödürleýäris.
Dowamy teswirlerde...
"Awestadaky" Türkmen sözleri
-
Waharman
3 years ago
- "Awesta" kitabynda "ürgenç (Urwa), Nusaý (Nisaýa), Pöwrize (Rouruta)" toponimleriniň hem duş gelýändigini bellemek mümkin. Ahmeni, Parfiýa Sasani döwletlerinde ýaşan türkmenlerde diňe bir sözleriň däl, kanunlaryň,däp-dessurlaryň hem gabat gelendigini yzarlamak gyzyklydyr.
-
Waharman
3 years ago
- Şeýlelikde,"Awesta" ("kanun") kitaby türkmen,pars,hindi halklaryna bilelikdäki medeni ýadygärlik hökmünde hyzmat edipdir.
Serdar Ataýew taryh ylymlarynyň kandidaty
Soňy.
Waharman 3 years ago- "Awestadaky" sözler Türkmen dilinde
ainika aýna
airima aýrylyk
ahş bakyş
aži hažžyk
angra eňremek
ade ada
ara är
arezu arzuw
aware ýowar
asara ýesir
asma asman
asawan esewan
azara azar
adim ädim
adrina,a:fri aperin (aferin)
awiş,öwüş öwüşgin
awisýa öwüsmek
kate ketde
kamara kemer
gaiti gaýtmak
garew grew
jan jan
zar zer
zewiş,sewi söýüş,söýgi
zyana zyýan
tauruna torum(ýaş düýe)
taohman tohum
tanu ten
tam tam,jaý
tarşna teşne
taşa teşe
tura töre
daýeňa din
daýewa döw
dam dem
darena dere
dis diş
dana dana
uz-diz uz-düz
dunman duman
dismananh duşman
drita dert
pairika peri
patri-taç paýratmak
paýesa pis
paç bişirmek(peç)
pat,pad patlamak
par barmak
pur,par püre-pür
par parlamak(uçmak
perena,parena per
piza bezemek
peresa persala
bahta bagt
baga beg
band,banda bent
baj bejeriş
buiri baýry
berezi-stuna beýik sütün
bereti berim
mizda muzd
ywanem juwan
raoçanh röwşen
handama endam
satar serdar