Aý bize örän uly ,ýyldyzlar bolsa kiçi bolup görünýär.Aslynda ýyldyzlar örän uludyr,ýöne olar biçak uzakda bolandygy üçin bize kiçi ýaly görünýär.Diňe biziň galaktikamyzda 200 milliard töweregi ýyldyz bar.Olaryň ýer şarymyza iň golaý bolany bizden 4 ýagtylyk ýyl uzaklygyndadyr.Ýagny,Ýer bilen Aýyň arasyndaky uzaklykdan 100 million esse has uzak.
* * *
Aý Ýerden 81 esse kiçi,Gün bolsa 1 300 000 esse uludyr.
* * *
Bize Aýyň ýagtylygy 1,2 sekuntda ,Günüň ýagtylygy bolsa 8 sekuntda gelip ýetýär.Aýyň üstüniň howasynyň temperaturasy -80 gradus bilen +120 gradus aralygynda üýtgäp durýar.Ýer bilen Aýyň aralygyndaky uzaklyk takmynan 380 000 kilometre deňdir.
* * *
Günüň energiýasynyň 99 göterimi merkezinde emele gelýär.Bu energiýanyň merkezden daşary çykmagy üçin 1 million ýyl gerek.
* * *
Günüň daşy mydama lasyr-lasyr gaýnaýar.Bu gaýnaýan gatlagyň çuňlugy 150 000 kilometrdir.Günüň merkezi 20 million gradus gyzgyn, daşy bolsa 6000 gradus gyzgyndyr.
* * *
Astronomiýa alymlary Günüň älem ýaradylandan 10 milliard ýyl soňra "Ak maýanyň ýoly" galaktikasynda ýaradylandygyny ykrar edýärler.Älemiň ýaşyny bolsa,takmynan 20 milliard ýyla ýakyn diýip hasaplaýarlar.
* * *
Ýer şaryna Günüň ýagtylygynyň diňe milliondan 2 bölegi gelýär.Eger 3 bölegi gelse ýanarys,1 bölegi gelse,sowukdan doňarys.
* * *
Dünýädäki adamlaryň ýüzleriniň we barmak yzlarynyň biri-birlerine meňzemeýşi ýaly,kosmos giňişligindäki 200 milliard galaktikanyň şekilleri-de biri-birinden tapawutlanýar.Olar güle meňzeýärler,ýagny gül ýaly açylýarlar.Emma güller 20 günde açylsa,olar 20 milliard ýylda açylýar.
* * *
Ýyldyzlar hem adam ýaly ilki dogulýarlar,ulalýarlar we ahyrsoňunda ölýärler.Geçirilen barlaglar ähli ýyldyzlaryň düzüminiň birmeňzeşdigini görkezdi.Ýagny wodorod, geliý, suw we ş.m.
* * *
Ýer ýüzüne sekuntda 17million tonna ygal ýagýar.Ýer şarymyzda her ýyl 1milliard töweregi ýyldyrym çakýar.

Bilim, Waharman tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir