Tigriň ilkinji çyzgylary 1493-nji ýylda Leonardo Dawinçi tarapyndan çyzylandyr.
Ilkinji tigir bolsa,1790-njy ýylda fransuz alymy Sirwaç tarapyndan ýasalypdyr.Ol tigir häzirki tigirlerden gaty tapawutly bolupdyr.Ýagny ol tigir tagtadan bolupdyr.Pedallary,roly bolmandyr.Diňe aýagyň bilen itip hereket etdirmeli eken.
1818-nji ýylda tigir ýasamak üçin metal ulanylmaga başlanypdyr.
1855-nji ýylda ilkinji pedally tigir ýasalypdyr.
1871-nji ýylda ilkinji gezek tigirler uruş meýdanynda ulanylypdyr.
1868-nji ýylda Parižde ilkinji tigir ýaryşy geçirilýär.
1950-nji ýyldan soň tigirler adam durmuşynda giňden ulanylyp başlanypdyr.
Dünýäniň ady belli tigir sürüjisi Lanse Armstrong
1971-nji ýylda Amerikanyň Tehas ştatynda doglan Lanse Armstrong dünýäniň iň ökde tigir sürüjisi diýlip yglan edildi.Ýedi gezek Fransiýadaky tigir ýaryşynyň çempiony,bir gezek Şweýsariýadaky tigir ýaryşynyň çempiony we Dünýä çempiony bolupdyr.
Bulary bilýärmisiňiz?
1800-nji ýyllarda Ýewropada tigire süňk sarsýan diýilýän eken.
Iň gadymy tigir şu wagt "Londra Science" muzeýinde saklanýar.
Tigriň üstünde iň köp pedal aýlamak boýunça rekord 85 sagat eken.
16 million raýaty bolan Gollandiýada 18 milliona ýakyn tigir bar.
Kim ökde
Tigir bilen oýnalýan birnäçe oýunlary bilýänsiňiz.Emma biz size has üýtgeşikräk bir oýnuň oýnalyşy hakynda gürrüň bermekçi.Oýny iki ýa-da has köp dostlaryňyz bilen oýnap bilersiňiz.Siz dostlaryňyz bilen köplenç belli bir aralygy belläp,kim tiz we birinji barmaşak oýnaýansyňyz.Ýöne biziň oýnumyz munuň ýaly däl,gaýta tersine,bellenen ýere tigriň üstünde aýagyňy ýere degirmän,başardygyňdan haýal sürüp,iň soňunda barmaga çalyşmaly.Oýun başlandan soň kim aýagyny ýere degirse ,oýundan çykýar.Bu oýunda esasy zat deňagramlylygy saklamagy öwrenmek.Hany,dostlaryňyz bilen oýny oýnap görüň bakaly!

Bilim, Waharman tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir