Güýz paslynyň gelmegi bilen agaçlaryň we ösümlikleriň ýapraklary saralyp, ýere düşýär. Ýaz we tomus pasyllarynda ter ýapraklar agaç üçin gyşda gerek bolan iýmiti toplaýarlar. Güýzde Güneşiň az düşmegi netijesinde bolsa, onuň iýmit ýygnamak, ýagny fotosintez hadysasy tamamlaýar. Ösümlikleriň iýmit ýygnamaklary edil käbir jandarlaryň gyş ukusyna meňzeýär. Agaçlar hem gyş ukusyna gitmezden ozal, ýapraklarynyň çöpjagazlarynyň düýbündäki suw geçirýän deşijekleri ýapmaly bolýarlar. Şol ýerlerde suw geçirmeýän gaty kömelek emele gelýär we ýapragy itýär. Şeýlelikde, ýapraklar saralyp, düşmek bilen bolýar. Agaçlar ýapraklaryň üstündäki kiçijik deşijekler arkaly dem alýar. Öý şertlerinde ösdürilip ýetişdirilýän käbir ösümlikleriň hem güýzde ýapraklary düşýär. Sebäbi bu pasylda howanyň ýylylygy peselýär, gündiz gysgalyp, gije uzaýar we howanyň çyglylygy ýokarlanýar. Ösümlikler bu ýagdaýda ýeterlik derejede fotosintez edip bilmeýändikleri sebäpli, ýapraklarynyň käbiri düşýär. Öýde ösdürilýän gülleriň köp ýyldan bäri ýapragy ilkinji gezek düşýän bolsa, onuň otagynyň howasyz bolmagy mümkin. Käbir ösümlikler bolsa, garaňkyny halamaýanlygy sebäpli hem ýapraklaryny döküp bilýär.
By: Arslan Alaýew