Diňe çepbekeýler hakynda
Bütindünýä çepbekeýleriň günüdir. Bu baýram 1992-nji ýyldan bäri bellenilýär.
Geçirilen barlaglar netijesinde, beýleki adamlara garanda çepbekeýleriň has zehinlidigi ýüze çykaryldy.
Dogumly wagtyndan biraz öňräk ýa-da soňrak doglanlaryň çepbekeý bolmak ähtimallygy bar.
Dünýädäki adamlaryň diňe 1 göterimi iki eline-de deň erk edip bilýärler.
Çepbekeýler beýleki adamlara garanda has gaharjaň bolýarlar
Meşhur çepbekeýleriň içinde Bill Geýts, Eýnşteýn, Nýuton, Lew Tolstoý, Aleksandr Sergeýewiç Puşkin, Aleksandr Makedonskiý, Napolen, Çarli Çaplin, Leonarda da Winçi, Mikelanjelo, Ýuliý Sezar, Mosart, Bethowen, Mark Twen, Gýote, Bred Pit, Anjelina Joli, Brýus Uillis we ş.m. bar.
Statistikanyň berýän maglumatlaryna görä, dünýäde çepbekeýleriň sany gün-günden artýar. Häzirki wagt dünýäde 500 million çepbekeý bar. Olaryň köpüsi Günorta ýarym şarda ýaşaýar.
Alymlaryň anyklamagyna görä, haýwanlaryň içinde hem çepbekeýleri duşýar. Esasan, ak aýylar çepbekeýdir. Maýmynlaryň bolsa üçden iki bölegi diýen ýaly çepbekeýdir.
By: Arslan Alaýew