ÇAKGYNYÑ ÇÜÝI
Çakgy sözi dogrusynda «Türkmen diliniò düşündirişli sözlüginde» «Dili sapynyñ içine eplenip ýapylýan we açylýan kiçijik pyçak» diýlip düşündiriş berilýär. Ýöne halk arasynda gepleşiklerde «Gözi çakgyñ çüýi ýaly» diýen meñzetme köp ulanylýar.
Ýokarky düšündirişden görnüşi ýaly, çakgy eplenip, tygy sapynyñ içine girip durýan kiçijik pyçak. Soñky döwürde metal çakgylar köp ýaýran hem bolsa, öòki döwürde, esasan, buýnuz saply çakgylar ulanylypdyr. Şondan hem ýokarky meñzetme döräp, dilde işjeñ ýagdaýa gelipdir. Meñzetmäniñ manysyna aýdyñ düşünmek üçin geçmişde ulanylan buýnuz saply çakgylary göz öñüne getirmeli bolýar. Öñki döwürde çakgy demirçi ussalar tarapyndan ýasalyp, onuñ tygy, çüýi metaldan, köplenç misden, sapy bolsa dag goçunyñ şahyndan edilipdir. Dag goçunyñ şahy hemiše tapdyryp durmansoñ, onuñ ýerine garaköli goýundan dogan goçuò şahyny ulanypdyrlar. Garaköli goýnuñ şaham gara bolýar. Onsoñ çakgynyñ tygy bilen sapyny birikdirýän çüý adamyñ gözüniñ garajygynyñ ortasyndaky nokady ýatladypdyr. Şonuñ üçinem gözi kiçijikden gelen ýanyp duran adamlar barada «gözi çakgyñ çüýi ýaly» diýen meñzetmäni ulanmak ýoñ bolupdyr.
Buýnuz saply çakgylar häzirki döwürde ýogam bolsa, onuñ bilen bagly dörän meñzetme dilimizde işjeñligini ýitirenok.
Şöhrat ABDYÝEW
Myrasgär.
Çeşme http://Alem su
Perhat Sabirovv 4 years ago- +++