Ependiniň ogry goňşusyndan ar alşy
Ependiniň bir oýunçy guzusy bar eken. Ependi ony gaty gowy görüp, her dürli
iýmler bilen naharlaýar eken. Guzy tokly çykyp, gaty semräpdir. Guýrugy elek ýaly
bolupdyr. Ependiniň açgöz goňşulary muňa göz gyzdyryp, haçan duşsalar:
– Ependi, geliň, şu toklyny soýup iýeliň – diýip, azar berýän ekenler. Ependi:
– Köşeklerim, azar bermäň, ol meniň bar guwanjymdyr. Siziň azaryňyz maňa
artykmaç degýär, ynanaýyň! – diýip, pugta aýdypdyr. Ependiniň özüne galsa, bu
toklyny pyçaga dözmejekdigine olaryň gözleri ýetipdir. Bir gün onuň dul-degşir
goňşusy toklyny gürüm-jürüm edipdir. Ependiden bidin guzyny iýipdirler. Ependi
guzyny kimiň alandygyny, kimleriň iýendigini daş gulakdan eşidipdir. Emma sesini
çykarmandyr. Ep-esli wagt geçensoň, oňa guzusyny ogurlanyň geçisini ele salmak
miýesser bolupdyr. Ependi hem ony soýup ýygnapdyr-da, hiç zat bilmediksirän bolup
geziberipdir. Goňşusy hem çem gelen ýerinde:
– Wah, meniň geçijigim, topaz ýaljakdy, gaty ullakandy, boýy meniň boýumça
bardy, çöpüri pamyk ýalydy – diýip, saýrap ýörenmiş. Ozal görmedik adamlar ol
aýratyn bir tohum maldyr öýdüpdirler. Mahlasy, onuň gepine güp ynanyp
barýarmyşlar. Ependi bu sözleri eşidip durmaga halys çydamandyr.
Bir gün Ependiniň öýüne adam bary ýygnanypdyr. Goňşusy ýene-de pursat tapyp,
öňki heňine başlapdyr:
– Geçi dagam däldi. Edil düýe ýalydy, çöpüri dagy alty gadak çykardy – diýipdir.
Az-kem oturyp, ol ýene özüniň şar gara geçisini öwüp başlapdyr:
– Arman, ýitäýdi-dä, gunduz ýaly akja geçidi, çöpüri ýüpekdenem ýumşakdy... –
diýenden, Ependi durup bilmändir-de, ogluna ýüzlenip:
– Meniň-ä halys ýüregime düşdi, bar ýerzeminden onuň geçisiniň derisini getir!
Bizi düýe ogurlana dönderdi. Belki, derini görüp uýalar. Bizem bolgusyz
gürrüňlerden dynarys – diýipdir.

Çeşme: www.Alem.su

21.20.2020

Edebiýat, Jupiter_Fire tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir