Koronawirusyň görnüşleri we formasy COVID-19 pandemiýasynyň ikinji ýaýylma hadysasynyň ýokdugyny görkezýär. Bu barada Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň adatdan daşary ýagdaýlar boýunça sebit müdiri Dorit Nisan habar berdi. Muny RIA Nowosti ýetirýär.
“Pandemiýa 2020: çagyryşlar, çözgütler, netijeler” atly maslahatda çykyş eden, Nisan “Koronawirusyň görnüşi we formasy pandemiýanyň ikinji ýaýylmasynyň ýokdugyny ýüze çykardy” diýip nygtady. Ol häzirki wagtda kesellän adamlaryň sany köpelýän ýurtlaryň, şol bir wagtda sany azalýan ýurtlaryň hem bardygyny belläp geçdi.
“Her günki wakalar, ýagdaýlar üns merkezimizde. Kesel halatlarynyň sanynyň azalýan ýurtlaryndaky ýagdaýlary hem içgin öwrenýäris” – diýip, RIA Nowosti Nisanyň sözlerini getirýär.
“Köp adamlar henizem COVID-19-yň nähili howpludygyna düşünmeýärler” diýýän Nisan, dünýä ilatynyň diňe 5%-iniň agyr ýagdaýda keselländigine we olaryň janynyň howp astyndadygyna ünsi çekdi.
Öz gezeginde, BSGG-niň adatdan daşary ýagdaýlar boýunça maksatnamasynyň müdiri Maýkl Raýan hem köp ýurtlarda koronawirus ýokanjynyň ýokarlanmagyna ikinji ýaýylma hadysasy hökmünde däl-de, pandemiýanyň “ikinji ýokary derejesi hökmünde” garamalydygyny belledi.
BSGG-niň 13-nji oktýabrdaky maglumatlaryna görä, dünýäde 37,4 milliondan gowrak kesel ýagdaýy ýüze çykaryldy, 1,074 milliondan gowrak adam bu ýokanç sebäpli ýogaldy.
Çeşme: tmcars
Şahsy pikrim: Koronawirusyñ ikinji tolkunynyñ ýoklugy biz ynsanlary azajygam bolsa begendirdi sebäbi ikinji tolkunyñ güýji birinji tolkunyñ güýjindenem ýokary bolup bilerdi emma wirusyñ ikinji güýçlenmesi birinjidäki ýaly güýçli bolmazlyk ähtimallygy ýokary diýip hasaplaýan.
yashalym 4 years ago- @sari: @MrOKas siz wirusologiýa ýa-da mikrobiologiýa bilen araňyz barmy? 2-nji tolkunyň pes boljagy barada hasaplan bolsaňyz.