Erteki
Her gün öýlän çagalar mekdepden dolanyp gelýärkäler Äpet adamyň
bagyna girip oýnaýardylar. Ol içi ýumşak ýaşyl begres otly uly
ajaýyp bagdy. Ol ýerde otuň arasynda owadan güller ýyldyzlar ýaly ak
patrak bolşup açylyp otyrdy. Bagda on iki düýp şetdaly bolup, bahar
paslynda gülgün we sadap güllere bürelip, güýz paslynda bol miwe
getirýärdi. Guşlar baglaryň üstünde oturýardylar we şeýle bir süýji
saýraýardylar welin, çagalar olary diňlemek üçin öz oýunlaryny bes
edýärdiler. «Biz bu ýerde, gör, nähili bagtyýar!» diýip, olar biri-birine
aýdýardylar.
Bir gün Äpet adam öýüne dolandy. Ol Kornwelde86 ýaşaýan özüniň
äpet dostunyňkyda ýedi ýyllap myhmançylykda bolup gelipdi.
Ýedi ýyl geçensoň, ol hem öz aýtjak zatlaryny aýdyp bolansoň,
çünki onuň gürrüňi çäklidi, ol öz galasyna dolanyp gelmegi ýüregine
düwdi. Ol dolanyp gelende, bagda çagalaryň oýnaýandygyny gördi.
– Siz bu ýerde näme işleýärsiňiz? – diýip, Äpet adam özüniň gödek,
gaharly sesi bilen gygyrdy welin, çagalar dyr-pytrak boldular.
– Meniň öz bagym, bu meniň öz bagymdyr! – diýip, Äpet adam aýtdy.
– Her kes muňa düşünmeli ahyryn, indi bu bagda oýnamaga hiç kime
rugsat etmerin. Munda diňe özüm bolaryn.
Ine, şeýle sebäpden ol bagyň daşyna beýik diwar aýlady hem-de
ýüzüne: «Özgäniň ýerine aýak seken jenaýata çekiler!» diýen bildiriş
ýazylan tagtany asyp goýdy.
Ol örän garasöýmez, diňe özüni bilýän adamdy.
Biçäre çagalaryň oýnara ýeri ýokdy. Olar ýolda oýnajak boldular,
emma ýol tozanlydy we durşuna daşdy, şoňa görä-de çagalar ony halamadylar.
Olar sapaklary gutaransoň, şol beýik diwarlaryň daşyna
aýlanardylar we onuň içindäki ajaýyp bag barada gürrüň ederdiler.
«Biz ol ýerde, gör, nähili bagtlydyk!» diýip, olar biri-birine aýdýardylar.
Soňra ýaz geldi we bütin ýurtda kiçijik güller, kiçijik guşlar
uçuşýardylar. Diňe garasöýmez Äpet adamyň bagynda entek gyşdy.
Guşlar ol bagda saýramak islemeýärdiler, çünki ol ýerde çagalar ýokdy
we baglar güllemek diýen zady unudypdylar. Bir gezek owadan bir
gül otuň içinden ösüp çykdy, emma bildiriş tagtasyny görüp, çagalara
nebsi agyrdy we aşak bakyp, ýene-de uka gitdi. Bu ýagdaýda diňe Gar
we Aýaz şatlandy. «Ýaz bu bagy unudypdyr, şonuň üçin biz bu ýerde
ýylboýy ýaşarys!» diýip olar gygyrdylar. Gar otlary özüniň uly ak
ýapynjasy bilen örtdi, Aýaz bolsa agaçlara kümüş çaýdy. Soňra olar
Demirgazyk Şemalyny myhmançylyga çagyrdylar.
Ol durşy bilen ýüňe bürelgidi we uzyn günläp bagda şuwlaýardy
hem-de üçekdäki tüsseçykarlaryň gapaklaryny gaçyrýardy. «Bu
gowy ýer eken, biz Dolyny myhmançylyga çagyrmaly» diýip, Demirgazyk
Şemaly aýtdy. Şeýlelik bilen, Doly hem ýetip geldi. Her gün üç
sagatlap ol galanyň üçeginiň bassyrma tagtajyklarynyň birnäçesini
döwýänçä, aýagaldygyna bagyň içinde ylgap gezdi. Ol çal eşiklidi we
demi buz ýalydy.
«Men düşünemok, näme üçin Ýaz gijä galýarka, megerem, howa
üýtgese gerek!» diýip, penjiräniň öňünde daşardaky sowuk, ak gara
bürelen bagyna seredip oturan garasöýmez Äpet adam aýtdy.
Ine, bir gün güýz gelip, hemme baglara altyn miweleri düzdi, emma
garasöýmez Äpediň bagyna hiç zat eçilmedi. «Ol özüni örän gowy gör ýär!»
diýip ol aýtdy. Şonuň üçin ol bagda hemişe Gyş bolýardy hem-de Demirgazyk
Şemaly, Doly, Aýaz we Gar agaçlaryň arasynda tans edýärdiler.
Bir gün Äpet irden oýa ýatyrka bir ajaýyp mukam eşitdi. Saz onuň
gulagyna şeýle bir ýakymly täsir etdi welin, ol bu ýerden patyşanyň
sazandalary geçip barýandyr öýtdi. Hakykatda welin, ol saýrap oturan
bir kiçijik kenep guşy87 eken, ýöne Äpet adam köpden bäri öz bagynda
guş saýraýşyny eşitmändigi üçin, bu guşuň sesi oňa dünýäde iň
ajaýyp mukam bolup eşidildi. Şondan soň Doly onuň depesinde tans
etmegi bes etdi. Demirgazyk Şemaly şuwwuldysyny kesdi hem-de
penjiräniň açyk ýerinden bir ýakymly ys geldi. «Megerem, ahyrsoňy
ýaz gelen bolsa gerek!» diýip, Äpet ýatan ýerinden böküp turdy we
daşaryk seretdi.
Ol ajaýyp görnüşi gördi. Diwaryň bir kiçijik deşiginden çagalar bagyň
içine sümlüp giripdirler we olar agaçlaryň şahalarynda otyrdylar.
Onuň görýän her bir agajynyň üstünde bir çaga otyrdy. Çagalaryň ýene-
de dolanyp gelenine begenen baglar gül açyp güllere bürendi hem-de
göýä çagalaryň başyny sypalaýan ýaly şahalaryny yralaýardy. Olaryň
daşynda guşlar uçuşyp, ýakymly jürküldeşýärdiler. Gül ler ýaşyl otlaryň
arasyndan jyklaşyp, heşelle kakýardylar. Bu ajaýyp görnüşdi. Indi diňe
bir burçda entek gyşdy. Ol bagyň iň daş burçudy we ol ýerde bir kiçijik
oglanjyk durdy. Ol kiçijik bolansoň, agajyň şahalaryna boýy ýetmeýärdi
we ol bu ýagdaýda näme etjegini bilmän, möňňürip aglaýardy. Ol biçäre
agaç entegem aýaza we gara bürelip otyrdy hem-de onuň depesinde
Demirgazyk Şemaly şuwwuldaýardy we uwlaýardy. «Dyrmaş, kiçijik
oglanjyk!» diýip, ol agaç aýtdy we öz şahalaryny mümkingadar aşak
egdi, ýöne oglanjyk örän kindiwanjady.
Bu görnüşi synlap duran Äpet adamyň ýüregi ýumşady. «Men,
gör, nähili garasöýmez ekenim!» diýip, ol aýtdy, «Indi men bu ýere
näme üçin ýazyň gelmeýändigini bilýärin. Men ol biçäre oglanjygy
agaja mündürerin, soňra men haýaty ýykyp aýraryn we meniň bagym
ebedilik çagalaryň oýnaýan ýerine öwrüler!» Ol, hakykatdanam,
öz eden işine ökündi. Şonuň üçin ol aşak düşdi we daşaryk çykylýan
gapyny emaý bilen açyp baga girdi.
Emma çagalar Äpedi görüp, örän gorkup gaçdylar welin, baga ýene-
de gyş düşdi. Diňe şol kiçijik oglanjyk gaçmady, çünki gözleri ýaşdan
doly bolansoň, ol Äpediň gelýänini görmedi. Äpet oglanjygy emaý bilen
eline alyp, göterip agaja mündürdi. Şolbada agaç güle büreldi we guşlar
uçup gelip saýraşdylar. Kiçijik oglanjyk bolsa ellerini Äpediň boýnuna
atyp, ony ogşady. Beýleki çagalaram Äpediň gaharly däldigini görüp, yzyna
ylgap geldiler. Olaryň yzy bilen Ýaz hem geldi. «Indi bu siziň bagyňyz,
çagalar!» diýip, Äpet aýtdy we eline palta alyp, haýaty ýykyp goýberdi.
Sagat on ikide adamlar bazara barýarkalar özleriniň entek ömür
görmedik zadyny–täsin bir gözel bagda Äpediň çagalar bilen oýnap
oturandygyny gördüler.
Uzyn günläp olar oýnadylar we agşamara çagalar Äpediň ýanyna
hoşlaşmaga geldiler. «Ýöne, hany ol, meniň agaja mündüren siziň
kiçijik ýoldaşyňyz nirede?» diýip, ol sorady. Äpet ol oglanjygyň özüni
ogşandygy üçin, ony hemmelerden gowy görýärdi.
«Biz bilemzok, ol gidipdir!» diýip, çagalar jogap berdiler.
«Siz oňa aýtmagy ýadyňyzdan çykarmaň, goý, ol ertir gelsin!»
diýip, Äpet aýtdy. Ýöne çagalar ol oglanjygyň nirede ýaşaýandygyny
bilmeýändiklerini we ony öň hiç haçan görmändiklerini aýdanlarynda,
Äpet örän gynandy.
Her gün öýlän mekdepde sapaklar gutaransoň, çagalar gelýärdiler
we Äpet bilen oýnaýardylar. Emma onuň gowy görýän şol oglanjygy
welin, indi gara bermeýärdi. Äpet ähli çagalary gowy görýärdi,
ýöne şonda-da özüniň kiçijik dostuny küýseýärdi we ýygy-ýygydan ol
barada gürrüň edýärdi.
Ol: «Men ony bir görsemdim!» diýip aýdýardy.
Ýyllar geçdi we Äpet örän garrady hem-de güýçden gaçdy. Onuň
indi oýnamaga mejaly ýokdy, şonuň üçin ol uly tutawaçly kürsüde
oturyp, çagalaryň oýnaýşyny synlap, öz bagyna guwanýardy. «Meniň
köp owadan güllerim bar, emma çagalar hemme güllerdenem owadan!
» diýip, ol aýtdy.
Bir gün irden gyş güni Äpet geýnip durka daşary seretdi. Ol indi
Gyşy ýigrenmeýärdi, sebäbi ol Ýazyň uklap ýatandygyny we gülleriň
bolsa dynç alýandygyny bilýärdi.
Ol birdenkä öz gözüne ynanman, gözlerini owkalap seretdi durdy.
Dogrudanam, bu bir täsin görnüşdi. Bagyň iň çola burçunda bir agaç
ajaýyp ak güllere bürenip otyrdy. Onuň şahalary altyn öwüşginli bolup,
olardan kümüş reňkli miweler sallanyşýardy we onuň aşagynda
Äpediň şol gowy görýän oglanjygy durdy.
Äpet uly şatlyk bilen aşak düşüp, baga tarap ýöneldi. Oglanjygyň
ýanyna has golaý baranda, Äpediň ýüzi gahardan çym-gyzyl boldy we
«Kim saňa ýara salmaga milt etdi?» diýip sorady. Çünki oglanjygyň
elleriniň aýasynda we onuň aýajyklarynda iki sany çüýüň yzy bardy.
«Kim seni ýaralamaga milt etdi, hany, men gylyjymy alyp, ony mugyra
getireýin!» diýip, Äpet gygyrdy.
«Ýok, bular söýgiň ýaralary!» diýip, oglanjyk aýtdy.
«Sen kimsiň?» diýip, Äpet sorady. Ony bir täsin duýgy gaplap aldy
we ol kiçijik çaganyň öňünde dyzyna çökdi.
Çagajyk Äpede ýylgyryp seretdi-de: «Eger-de sen maňa şu gün
bagyňda bir gezek oýnamaga rugsat berseň, sen meniň bagyma bararsyň,
meniň bagym bolsa Jennetdir!» diýip, oňa aýtdy.
Şol gün öýlän çagalar baga ylgap gelenlerinde, şol agajyň aşagynda
güllere bürenip, Äpediň baky ukuda ýatandygyny gördüler.

fransuz ertekisi

Edebiýat, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir