öñ zamanlar bardy şeýle bir wagyr:
”añsadyna bakan aýal gyz dogyr”
bu pikir gelýärdi örän uzakdan,
aýal-gyzy hiç çykarman duzakdan.
diýseñ: ”gyzy boldy planyñ, äheý!”
”ola bolmandyr-ow – diýerler – päheý!”
gyz kişiniñ maşgalasy ahyry,
adam hasap etmezler ol pahyry.
gyz ýurt goramaz, busar oturar,
abraý däl, käte ysnat getirer.
gyzdan yurt eýesi ýa nesil bolmaz
gyzly uzak gülmez, ogully ölmez!
oguldyr atanyñ arka daýanjy,
gyz dörän gününden alada, ynjy…
şeýle wagyzlardan gulak ganansoñ,
erbet nysak hakykata dönensoñ,
eşidende atasy ”göbek kes” sözün
igenç bilen aýdar: kesiñ bogazyn.
ogul bolsa, derrew azan aýdarlar,
eşidenler ”ýör, toýa” diýp gaýdarlar.
gyz bolanda, azan-kamat aýdylmaz,
toý-tomgy hiç, ynsandyram öýdülmez.
müýnli bolar gyz doguran aýal hem,
gaýtargy bermäge etmez hyýal hem.
dogmasyndan ata göwni jaý bolmaz,
gyz dogdy-dogmady parhyny bilmez.
enesem gyzyna etmez kän geleñ,
çem gelen ýerinde ýatar baş-ýalañ.
açlykdan gyz pahyr aglasa ýekän
diýerler: ”lal bol-da ýat-da ýer çeken!”
lak atanlar diýer: ”başyñ sogrulsyn!”
”päheý, janyñ çyksyn”! ”boýnuñ oñrulsyn!”
ýylgyryp, bökjekläp gelse-de gola,
ele almaz, diýer: ”jähennem bol-a!”
ogul ýaly gyz görülmez gowurak,
mahlasy tutular saýak-sandyrak.
gülüp-oýnamaga ýarap başlansoñ,
özün bilip, hapalygy taşlansoñ,
hajyk-hujuk, bir azajyk bakylar,
monjuk, dagdan näzik boýna dakylar.
bu nä ”başy kesilen!” diýp taşlarlar,
kem-kem welin, imirgenip başlarlar.
alty-ýedi ýaşda bogup gulpagyn:
”iýeris” – diýrler – munuñ ýagly çelpegin!”
tur-otura ýarandan soñ neýlärler?
ýumuş buýrup, işe werziş eýlärler.
enesi öwreder oturuş-turşun,
gulpagyn goýberip, saçyn örüşin.
birnäçe wagt gezer, bökejeklär towsup,
gulpagyn tasadyp her ýana öwsüp.
bagy üzülip, dökülmese hünjüsi,
hiç bir zatdan bolmaz onuñ ünjüsi.
şol wagt göýä bir açylýan gunça,
oýun edip, degişerler kä ençe.
çekinmezler ýalan-ýaşryk öwmeden,
gandyrlar gulagny satyp-sowmadan.
”baý, bu gyz-a örän gymmat bahadyr!
el ýetmejek iñ ýokarky şahadyr!
bermeris hiç kime, bolmasak belet,
agalary geýer ýüpekden halat.
salmarys gapydan her öñýeteni,
ýeññelerne getirmese keteni.
her gün şeýdip, köp degerler oýundan,
gägirip doýarys – diýp, - çelpek toýundan.
kä agladyp, käte-käte söýerler,
satylmany şol wagt boýna goýarlar.
yhlas bilen iş öwreder ejesi,
gündiz keşde, ik egirder gijesi.
ýüñüñ gowsun darap, çüprek tüýtmesin,
dokma ýüwrüp, gerip haly çitmesin.
mahlasy birkemsiz ugradyp işe,
öz gözünden salman, saklar hemişe.
göze görnüp ýetişensoñ gyz halky,
gülüp-oýnap gezmäge ýok hiç haky.
adam barka geplemäge utanar,
myhman gelse, derrew beýlesin döner.
elek-çelek bakmaz, dört ýana garap,
gabagyn galdyrman otyr sülmürap.
dört tärim, el işi bir tenha özi,
täleý-takdyr hakda diñlenmez sözi.
şeýleräk bolsa-da gyzyñ ykbaly,
aýry bolar garyp, baýyñ ahwaly.
barly ýerden: baýdan, beginden, handan,
sawçy gelip başlar o ýan-bu ýandan.
alandan soñ gelýänleriñ habaryn,
sorarlar düýplüje tanşy bar ýerin.
diýerler: "nesibäñ bolsa ýetersiñ,
gaýdyp ýene-de bir habar tutarsyñ".
derñärler, nähili kowmun-tiresin,
iglik-gulluk, soñam boýun-göwresin.
azajyk göz ýetse bir şikesine,
”gelme” diýip, ýol taparlar dessine.
göwün ýetse, bar zadyna ýerbe-ýer,
”güýjüñ bolsa, diýrler: durma, geliber!”
kesmek üçin gyzyñ malyny uly,
ýygnanşyp gelerler dört-bäş ýaşuly.
gyz atasy çagyr kowum-gardaşyn,
ýaşuly, ýaşkiçi, ýakynyn, daşyn.
ikiýan gerilşip çaý-paý içerler,
ýüzden-ýüzden gyz galyñyn biçerler.
sanarlar ummasyz beterden beter
”ýükçi bolsañ, - dirler - bes indi göter!”
güýçsüz bolsa, ”çak ýetmez” diýp aýdarlar,
ýuwaş-ýuwaş pessaý urup, gaýdarlar.
ýükçi bolsa, hiç darykman bakarlar,
bir-birine yuwaş çawyş çakarlar.
diýerler: ”eşitdik gyzyñ bahasyn,
hany, mundan aýyrýañyz näçesin?
aýtdyk biz hemmeje bahañ çen-çakyn,
indi siz aýdaýyñ näçe boljagyn!"
ikiýandan çekeleşip başlarlar,
tüýs keýpden çykyp, göwün hoşlarlar.
gelenler kem-kemden ýokary süýner,
gyz taýy howlukman pessaýlap iner.
bir ýany diýr: ”o bolmasyn, bu bolsun!”
“ýok, o bolmaz, o bolmasyn, bu bolsun!”
ertirden agşama ikiýan tartyp,
barlyşyk ýasarlar bir çene eltip.
agzaşarlar hemme halat-serpaýyn,
goýun, tüwi, baryn gandyny-çaýyn.
mal geçirmek üçin sähedin belläp,
gaýdarlar bar zadyn ýerbe-ýer telläp.
gyz otyr daş çykman başga bir öýde,
gaýgyly, hasratly, muñ hili köýde.
käýinip bir özi örtenip-bişer,
güýçli üýşýän ynjy ýüregne düşer.
“atam-enem meniñ işim görýärler,
tanalmaýan bir ýat ýere berýärler.
men pahyr bir boýny bagly goýun-la!
satyljagma dogaly gün boýun-la!
ýokmy maña öz obamda hyrydar?
bagtym gara däldir, özüm bir myrdar?
aýtsalardy annamyrada gel-ä…
meni aljak oñat ýigit ýok däl-ä.
”razymy, razy däl?” - menden sorýan ýok!
söwda eýýäm bişdi, gutardy bir çäk!
ýamanlygy ýokdur atam-enemiñ,
dymmakdan başga ýok alajym meniñ!
hyýal eden barmy gyz göçürmäge,
ýygnanşyp gelerler mal geçirmäge.
gyz atasy ýygnar ýene kowmuny,
sanap almak üçin gyzyñ malyny.
ýigit taýy sanar başdan gyrany,
çekip ýygnar gyz taýynda durany.
utanjyndan gyz galdyrman kirpigin,
ýeññesi tarp edip, ýapar serpigin.
gelin utansa-da, uýalyp gaçmaz,
hakyn bermeseler, serpigin açmaz.
pul alansoñ, durman o taýdan gaçar,
syryk bilen dürtüp, serpigin açar.
bäşden-bäşden gyran sanýan dogrulap,
käbirjigin alyp galar ogurlap...
sanalansoñ puly halta jaýlarlar,
gyz pahyryñ suýjüligni paýlarlar.
gelinaljynyñ günün belli ederler,
”işi bitdi” diýip, öwüp giderler.
çykjak gyzyñ gyzlar üýşüp daşyna,
gülüp, oýnap, timar berler başyna.
hersi bir zat tapyp jykyrdar olar,
”alnyñ hak açdy” diýp degişer, guler.
bu gyzlara gelip gaty gahary,
gyşa döner onuñ alabahary.
içinden käýinip, ot alyp ýanar,
her sagady aýa, ýyllara döner.
”ýer çeken, bedibagt, maña dözenler,
meñ günüme düşüñ, gedaý gezenler!”
gelinaljynyñ geljek pursaty ýeter,
uzyn gije aglap hasratda ýatar.
ertir irden turar gamly, gaýgyly,
alar gyzgyn demin uludan uly.
söwüş goýnuñ birnäçesin öldürler,
kimi agladarlar, kimi güldirler.
obadaşlar häzirlener ýygnanyp,
oglanlar taýynlar kesek, begenip.
atbaşçylar topar tutup gelýändir,
oglanlar urmaga öñün alýandyr.
salarlar kesegi dazyrt-da-dazyrt,
atbaşçylar goýbär dabyrt-da-dabyrt.
atbaşçylar atyp tüpeñ pagtabent,
gorkuzsa-da, keseklärler bolmaz pent.
kä oglany kowalap, öýe dykarlar,
käbirini ýabysyndan ýykarlar.
hatar tutup, geler gelinalyjy,
gyz-gelinler taýýar geýim ýolujy.
oba ýetmän düýelerden düşerler,
hemmesi bir çogdamlanşyp üýşerler.
topbak tutup, gerler öýuñ işigne,
garanjaklap, ykjamlanyp eşigine.
üýşüp duran gyzlar gapyda hatar,
her haýsy biriniñ geýminden tutar.
töwerekden galdap gelinaljyñ daşyn,
ahmal edip, açar käbirniñ başyn.
”heý, siziñ bir!” - söze gyzlar dagaşar,
gelinaljylar öýe girip ýerleşer.
ur-tut biýrler gantly çaýdyr palawy,
göreş tutar kelpeñiräk kelewi.
gelnalyjylar ”käse hakyn” alansoñ,
ownuk-uşak ”ogurlap” jübä salansoñ,
ugrarlar gapydan ýekeden çykyp,
gyzlar eşik ýyrtar, ahmalna bakyp.
gyzyñ bu wagt böküp durar ýüregi,
geçmez bokurdakdan çeýnän çöregi.
bilmez neneñsikä oña boljak är,
ýüregi dyngysyz towsyp, tarsyldar.
bütin dünýä ömür boýy ýoldaşy,
ganymat bir ýigit bolsa ne ýagşy.
nega saz bolmasa, onki synasy,
”dat gününe” daralar oñ dünýesi.
gapa baryp öý hakyny tölärler,
gyz pahyry köne dona dolarlar.
getirler göterip palas üstüne,
ýeññeleri üýşer ýanna dessine.
”tur” diýseler, diýrler: ”ber palas hakym!
bermeseñiz, turara ýok hiç çakym!”
süýrärler palasy ”göter-hä, göter!”
şol wagt biri idip, bir düýe getir.
“mün! – diýerler, soñ geline – dessine!”
göterip mündirler düýäñ üstüne.
ugramakçy borlar, gallap daşyny,
tutarlar ”pul ber” diýp, düýäñ başyny.
berip, berip, düýe başyn sypdyrlar,
”haýt, janawar, ýör yzyñy tap” diýrler.
alyp gyzy, saýlanarlar obadan,
gelýändir bu adat ata-babadan.
gyz adyny taşlap, ”gelin” dakarlar,
her kim bir zat diýip için ýakarlar.
meselem, biri diýr ”ýigdimiz kel, kör”,
gelne bakyp aýdar: ”anha, ony gör!”
gözmonjygy ýaly, aýyñ bölegi!
ýazgydy ters, duş bolmandyr dilegi!
ýalandan janygyp, uzadyp elin:
”mynasypmy?” diýer, - şuña şu gelin?!
gör nirlere seniñ nesibäñ çeken?
heý, biçäre - diýär,- bagtyñ pes eken!
barar gelin bürenjegne ýapyşyp,
atbaşçylar hezil eder çapyşyp.
gelnaljy geçäýse oba duşundan,
”aklyk” diýp tutarlar düýe başyndan.
gyz-gelin ýygnanyp, öñden çykarlar,
gelin görmek üçin düýe çökärler.
”tüweleme, tuf! - diýerler - aý ýaly!
mañlaýy giñ , gaşy misli ýaý ýaly!”
obanyñ gyrasy çala görnenden,
ýa-da uzagrakda bir menzil çenden,
şonça baýrak berjek diýip bellärler,
öñatlyny - öñbaraga ýollarlar.
oba adamsy iç-daşary çykyşyp,
”wagty boldy” diýip, ýola bakyşyp,
”anha, gelýär öñürdikläp öñatly”
ýyndam atlar biri-birinden batly.
eñişip atlylar tozan turuzýar,
”gelýa” sözi hemme adamy örüzýär.
oba öñünden geçerler okkesdirme,
biri-birne diýip: ”adam basdyrma!”
diýseñ: gelin alýanyñ öýi bu taýy,
atdan düşüp, gelip alar toý paýy.
atbaşçylar geler pagtabent atyp,
gelnalyjylar geler bir ýandan ýetip.
gelin-gyzlar üýşüp çykar öñüñden,
düşürip düýeden, tutup ýeñiñden.
getirler geliniñ daşyny gallap,
bir aýal pişmeli saçagyn elläp,
penjeläp, gelin üste seçer pişmesin,
dagadar owunjak gyzlañ üýşmesin.
ýere düşen pişmeleri çöplärler,
”toýdan- topukça” diýp, iýip geplärler.
üýşmek tutup, gelni getirler gapa,
hetdiñ bolsa, göreýin sen ýol tap-a!
ýaglyk almak üçin gapy saklarlar,
sanap görüp, näçedigni çaklarlar.
her birine ýaglyk berip sowarlar,
bulary gapydan şeýdip kowarlar.
idekläp ol gelni, meñzedip köre,
girdirip gapydan, geçirler töre.
gelnalyjy, atbaşça gant bilen çaýy,
toý eýesi ile paýlar toý paýy.
”gözüñ aýdyñ, how!” diýp jarçy gygyrar,
”baýrak” diýp mergenler hatara durar.
almyt isleýän kändir, her dürli ýygyn,
sorarlar ýigitler ýüzük baýragyn.
her haýsyna berler baýragy telläp,
oturandyr ýigit bir öýde pallap.
uludan-uludan alyp demini,
oýlanyp gelin ýanyna barmañ çemini.
tizräk bir habar bilmäñ kastynda,
munuñ-da ýüregi suwuñ üstünde.
bilenok getirlen niçik-neneñsi?
bir birinde bihabarlyk bir geñsi!
nämüçin bu gelni ozal görmändir?
”alsamdym” diýp, oña göwün bermändir.
çagyrlar mollany nika gyýmaga,
ikisin bir- birine boýun goýmaga
”yhhym” diýip molla geler ardynyp,
garyp-gasar daşda gezer derdinip.
olañ ýeri çetde ojak başydyr,
galan-gaçan, artan hörek aşydyr.
girer öýe çişip, bäş-on ýaşuly,
seretseñ abatdyr olaryñ july.
bellärler iki adam pyýada kazy,
giden bolar gyzdan almaga sözi.
salam berip, ol sowfyny sanarlar,
jogap üçin gelni biraz ýanarlar.
gyssarlar birnäçe adam görkezip,
”nika wekilligiñ kime berdiñ?”diýp.
gaýtalarlar şunça razy bolynça,
”pylana” diýip, açyk jogap berinçä.
jogaby tabşyrlar gelip märekä,
mundan soñ giderler ýigide baka.
pyýada kazylar gelip otyrlar,
iki ýanyñ wekilligin getirler.
nika suwy ortadadyr ezilgi,
üstüne pulluja ýaglyk ýazylgy.
okar molla abolbaşar hutbasyn,
wekiller jogap biýr razylyk sesin.
nika wagty elindedir synnysy,
öýüñ artbaşyna geçip ýeññesi.
açyp”bagşylaryñ” serin-sepini,
”şatdyk-şatdyk” edip, keser ýüpüni.
hutbadan soñ nika suwun aýlarlar,
her adama bir ýuwdumjyk paýlarlar.
kazylara berler pully ýaglygy,
gidip-gelen ýerne diýip aklygy.
getirler ýigidi gelniñ üstüne,
ýeññesi-de elleşdirer dessine.
”ak-gök geýdirme” diýp, berer nesihat,
aýdar: ”gelniñ bilen maksadyña ýet!”
ýigit ýöne otyr öñki ýerinde,
jahyllar ýygnanyp, töwereginde.
täzeden dartañrak edip geýdirip,
guşarlar guşagyn müñ düwün edip,
gelin pahyr galar güman içinde,
äşgär zat ýok – galar duman içinde.
ünjä goýan bir zat bolar gelini,
ýat ýigide tutdurarlar elini.
götergiläp ýañky ýigdi getirler,
gütüledip gelin ýanynda ýatyrlar.
”çykar” diýer ýigit ädigin uzadyp,
aýagyn gaýşardyp, goýar dyzadyp.
bir diýende gelin asmasa gulak,
gütüledip, depip goýberşi telek.
çykarmaga gelin ädigin çeker,
çekdikçe aýagyn gaýşardar ýeser.
aýal-erkek syn ederler üýşüşip,
”çykarmany oñaranok” diýişip.
ädikden soñ guşagyna ýapyşar,
iki bela üst-üstüne sepişer.
guşagyny çözjek bolup dyrmanyp,
ujun tapman, azar görer sermenip.
ýigidiñ eline gamçy tutdyrlar,
”eliñde bar edeniñi et” diýrler.
ýigit urup, gelin-gyzy gamçylap,
ura-ura çykar, gamçysyn bulap.
ýeke galyp iki ýatlar bir öýde,
her haýsynyñ göwni başga bir köýde.
pessaý-pessaý ýigit gelne söz goşup,
gyşararlar bir ýassyga baş goşup.
ýuwaş-ýuwaş bir-birine ýanaşar,
iki ýatlar ýuwaş-ýuwaş tanyşar.
ýigit ýakyp çöpün, janyny barlar,
ýüzün görkezmejek bolsa-da, dyzar.
”aýyr eliñ” diýer, bakman sözüne,
gelin utanyp, elin tutar ýüzüne.
ýigit aýrar gelniñ elin zor edip,
barlar janyn kemallyja seredip.
göwne ýaksa, elin salar boýnundan,
ykjam saklar, hiç goýbermez goýnundan.
gelin ýigde seretmäge uýalyp,
jany aram tapsa, goltugna dolup,
gujaklaşyp, bir-birine gysyşar,
mähri-şypa ikarada ösüşer!
deñ bolsalar, biri-birin halaşyp,
uzak gije dañ atyrlar dalaşyp.
şatlyk bilen gijelerni geçirler,
ikaradan gaýgy-gamy göçürler.
ertirden soñ gelin añyrsyn bakyp,
düýpde oturar, iññe-sapagyn dakyp.
ýigidiñ ýanyna üýşüp deñ-duşy,
tapar gelin üçin bir topar işi.
biri çekip, ýigdiñ bagjygyn ýolar,
ýene biri oña kömekçi bolar.
bagjyk dakdyr ýigit bulañ gaşynda,
bürenjek sümre bor geliniñ başynda.
ondan soñ diýerler: ”görkez gelniñi!”
gelin-de ýygrylyp, gizlär özüni.
ýigit turup, gelni pugta gujaklap,
zor bilen başyny dönderer dolap.
bürenjegin serpip, ýüzün görkezer,
her kim gelse, şeýdip, bu gelne dyzar.
gurby ýeten berer ullakan baýrak,
şaýyn tutup, çykyp obadan gaýrak.
uly- kiçi toýa baka ýörärler,
iki ýanlaýyn durup, ýaryş gurarlar.
ikibirden goşup, köp at çapdyrlar,
märekäñ gözüne tozan gapdyrlar.
tegelek ortada guralyp göreş,
baýrakdan soñ oba ederler ýöriş.
gyzlar gelni käte çykar meýdana,
”kapaslandyr, seýl etsin – diýp, - jahana”
görjek aýal gelip, ýüzüni açar,
şonlyk bilen ýene iki-üç gün geçer.
***
baş salmaga aýal-gyzlar üýşerler,
haýbat atyp, bir-birine çişerler.
gyz-gelinler tutar gelin tarapyn,
aýallar bir ýanda düzeder sapyn.
iki arada bolar ullakan göreş,
isleseñ göreşdir, isleseñ ýaryş.
aýallar bir dony alyp eline,
ýapjak bolup topularlar geline.
gyz-gelinler ýapdyrmaga goýmazlar,
uzak gün dalaşyp keýpden doýmazlar.
bir gelin, bir aýal çykyp arada,
göreşip synanşar ýeñmek barada.
topulşyp iki ýan bütin garyşar,
bir-birine ”arslan” kimin daryşar.
bulaşyp saçlary, galam-gaşlary,
börük gaçyp, açyk galar başlary.
ahyrynda ökde gelip aýallar,
don büräp, geliniñ daşyny gallar.
gutarlar bu oýny gelne baş salyp,
bererler bir gyza tahýasyn alyp.
gelin bilen ýigit ýaşar birigip,
barar şeýdip, bäş-on güne syrygyp.
gyz taýyndan geler bir gün çagyrjy,
ýigit gizlenmeli, ýokdur iki ujy.
olar munda bir gün bolup gaýdarlar,
”elteris gelni, pylan gün” diýp aýdarlar.
bir aýdan soñ çelpek ýapmaly bolar,
gyz-gelin ýygnanyp, şol öýe geler.
oturup hamyrdan çelpek ýaparlar,
bir ýandan bişirip, birlaý doýarlar.
birdenkä gapydan ýaş-ýeleñ girip,
gaçarlar gazanyñ çelpegin syryp.
atasy öýne indi gelni gaýtarlar,
söwüş-serpaý bilen eltip gaýdarlar.
öýlerinde gelin iki-uç ýyl gezer,
haly, çuwal-parça sepini düzer.
taýynlar şaý-sepin, harç edip ençe,
gaýtarmazlar tä bahasyn üzünçä.
ýigit barar ogryn gelin yzyndan,
enesi hiç ahmal däldir gyzyndan.
çörek berip barar, ite duýdurman,
”ýa hudaý!” diýp çeker arzuw hem arman.
sandyraklap, ýuwaş girip gapydan,
pessaý basyp barar gelniñ çepinden.
garanjaklap, ýakyp otly çöpüni,
razy eder tapyp gelniñ gepini.
boýun burup, ýalbar, gelnin çykarar,
çöle çykyp, ondan hal-ahwal sorar.
”işlemese” ýigdiñ bagty bu ýerde,
başagaýlyk bilen galar köp derde.
ahmallykda birden gapy takyrdar,
aýagy ilip ýa-da bedre şakyrdar.
ýigdiñ gelenini derrew duýarlar,
”aýt derrew, ahaw kimsiñ?” diýerler.
çäre tapman, ýigit diýer ”tanalýa”,
”garañ görünmesin, ” diýerlar ”bolýa”.
gaharjañrak bolsa gyzyñ atasy,
”uruñ!” diýip, çasly cykarar sesi.
dümly-duşdan turup, muny kowlarlar,
işi gaýtsa, hökman tutup urarlar.
iderler howutlap ”haýt, çüw” edip,
ýada berk urarlar, tultuk suw edip.
zordan sypyp, ýigit zeýrenip gaýdar,
bolan işi gelip öýlerne aýdar.
munuñ üçin iki arada bolmaz jeñ,
çünki bu iş aýyp däldir hemde geñ.
gelin geler ençe wagtdan soñ gaýdyp,
ýigit azar bermez, urulşyn aýdyp.
öy içiniñ ygtyýary gelinde,
ýüpek atlaz, pürçük bar zat elinde.
onda-da är sözi ökde aýala,
deñlik sözün getirmezler hyýala.
razydyr ”kemligine” aýal ärinden,
mydam ”bazar eýläp gezer baryndan”.
bu dogurda bir gep ýokdyr diýesi,
uzak çekmez bular oglan eýesi.
käte çanak çakyşsa-da öýünde,
ýalaýsa-da sögünç, taýak teýinde.
içinden diýr: ”är-aýalyñ uruşy” -
geler, geçer ýaz gününiñ ýagyşy.
bu barada şeýle diýmek hem gerek:
barly ýerleñ aglabasy şeýleräk.
kändi o döwürde garyp ýaşýanlar,
durmuş gämisini zordan daşýanlar.
garyplaryñ garyplygy geñ däldi,
ýeri eliñ aýtymyndan giñ däldi.
hordy zähmet çekseler-de ärlerçe,
ýazgytlarna ynanýardy körlerçe.
diýrdiler: ”bagtym pes, emgegim zaýa”,
”baýam baýa berýa, hydaýam baýa”!
kyndy olañ datly tagam datmasy,
öýe aýlanmazdy maýryk çatmasy.
garyp gyzlañ ters gelýärdy täleýi,
bolýanlary kändi murdar heleýi.
garyplyk durmuşa awy gatýardy,
ne gözeli dula, goja çatýardy.
aç gyrmazlyk üçin çülpe çagasyn,
şatmaga mejburdy gözel balasyn.
garyp gyzyn berse bir aç gallaja,
gurplanmak hyýaly çykýardy puja.
bir garyba berse deñ-duşy diýip,
syna sagdyn, akyl-huşy bar diýip.
ömür boýy aç-ýalañaç galjakdyr,
maýryk çatma oña zyndan boljakdyr.
mydam ýüzer agyr oýlañ küýünde,
ýugurlyk un ýokdyr onuñ öýünde.
pul, elbet, ýapýardy köp aýyplary,
gyz satyn alýardy baý maýyplary.
pul köre göz biýrdi, lala saýrak dil,
puluñ penjesinde soldy ençe gül.
emma gyzy pula bermek bir hili,
gyzyñ satyp ömür sürmek bir hili.
muña çäre gözläp garyp hem gallaç,
gyzyna dözmese, tapmady alaç.
pul bolsa ýamasy bitjek ýalydyr,
maksad-myradyna ýetjek ýalydyr.
şeýdip garyp gyzlar örän harlandy,
zulum, sutem, gamçy astynda horlandy.
bu hakda-da birki agyz aýdaly,
ilki duşan ýerlerinden gaýdaly.
baý garyby hiç özüne deñ saýmaz,
duşan günden harlamany geñ saýmaz.
getirlende ilki gelniñ ýanyna,
gaty çişip, sygman geler donuna.
üýşmeleñde öz-özünden ýel alar,
epeýlenip, bolup bilenin bolar.
turuwbaşdan çişip gelniñ üstüne,
derrew girer gorkyzmanyñ kastyna.
”ädik çykar” diýip, ony hürseklär,
ýersiz-ýere biçäräni tirseklär.
öz bolşuny görenlere göz eder,
”çykar” diýip, aýagyny uzadar.
gelin heniz aýlanmanka bärsine,
bilgeşländen tutan bolar tersine.
hütüledip deper ýatan ýerinden,
gyzyñ ilki almytydyr ärinden.
gyzyñ dert üstüne derdi sepişer,
alaç tapman ädigine ýapyşar.
gül ýaly jenany horlar ol, arman,
dyzyndyryp goýar, ädigin bermän.
añsat däldir çözmek çigşen guşagy,
köşedäýmek kyndyr kelpeñ eşegi.
”tüweleme” diýer, çyksa synçylar,
ýüzden derin sylyp biraz dynç alar.
öýde ýeke galar diñe iki ýat,
gyz içinden çeker dat bilen perýat.
ýigit birje hoş söz aýtman geline,
näme ilse, salyp goýbär goluna.
ýüreginde ýaman niýetin beklär,
näzijek bedenden burar, çümmüklär.
elden gelen zulmun eder geline,
aýdyp goýbär näme gelse diline.
göýä gyrgy penjesindedir gelin,
hiç hossary ýokdur aýdara halyn.
zarynlar hiç ýerden bolmaz bir jogap,
ata-enesinden ýüregi awap.
aýdar öz içinden:”eý, enem-atam,
şunça zulm etdiñiz, nämedi hatam?
naýynsap taganna gazan ataryp,
eñterdiñiz meni, aşak iterip.
baý malyna gyzyp, meni satdyñyz,
teññesini sanap, jübä atdyñyz.
seljermän kimdigin maña är boljak,
berdiñiz doñuza taşlandy ýaljak.
ene-ata perzendini şeýdermi?
şeýle zulmy heý-de ynsan edermi?
men balañyz dälmi eýse bu geñle,
garagñyz gapdymy jyññyrdan teññe?
gezerdim men torguş kimin bakjaklap,
boz sähranyñ jereni dek bökjekläp.
arman, geçip gitdi menden o döwran,
ýok-la mende golaý-goltum, dost-ýaran.
näýynsap eline geldim-de düşdüm,
wah, arman nädeýin, ýandym-da bişdim.
men bir ejiz, ol üstüme gygyrýar,
gitdigiçe beter çişip gabarýar.
garyp gyzy bolmagym meñ aýypmyş,
meniñ oña duşmagym-da haýypmyş.
dişini syrtardyp, dalýar ýyrtyjy,
elimde erkim ýok, tenimde – gamçy.
ertir turup ýeñsesini tüññerdip,
gepleşmän, telpegin geýer zoññardyp.
deñ-duşlary gelse onuñ ýanyna,
edermenlik edip, sygman donuna,
“ahaý! - ysnat getirme sen äriñe,
aç ýüzüñi, dolan derrew bäriñe!”
oýlanman soñunyñ näm boljagyny,
gazap bilen dartar bürenjegini.
şaýly börük töre bakan myçylar,
gelniñ ýüzi-ha däl, başam açylar.
günde azar berip geçir bir aýyn,
keýp eder bu bolşa bolgusyz gaýyn.
gije-gündiz ýaşly bolup gözleri,
ak ýuwha dek bolar gelniñ ýüzleri.
gaýtarlansoñ käte baryp yzyndan,
gaýynlarny bizar eder gyzyndan.
utanmaz ýaman iş, ýüz garalykdan,
çekinmez her hili masgaralykdan.
keser serpik bagyn, taýyn dokmasyn,
edermenlik biler ýanlyk dökmesin.
gaýny bilen ýersiz ýere sögüşer,
”bolýa-da!” diýp gelniñ üstüne çiser.
”bolýa-da” sözünden galyp kän derde,
gelin pahyr aglap galar bu ýerde.
ah nädeýin, gara mañlaý, şum bagtym,
ölüp gitsem gowy dälmikä gaýtam?
ýadymdan çykmandy öñki azary,
ýene gelip gurdy köne bazary.
il içinde barmy, kesýän dokmany?
kişilikden bilýän gatyk dökmäni?
etjegini edip, diýýär bolýa-da,
“bolýa-dadan” ýürekde dert galýa-da…
ýuregim ot alyp ýanýar-la bagrym,
meniñ günäm näme, eý uly tañrym?
ýazygym näm boldy, bagtym garaltdyñ?
bir zalym ajdaryñ agzyna atdyñ!
käşgi ýetmän ol zalymyñ destine,
girsemdim men gara ýeriñ astyna!
meni mal ornunda görýär ol zalym,
ah, bilemok, niçik bolarka halym?
”bir özüm” diýp, düşünmeýär biçäre,
müñläp garyp gyzy duşýar şeýle äre.
gelin gaýynlarna gaýdyp gelensoñ,
gyrgyñ penjesinden sypman galansoñ.
doluşan gunçasyn gülüp açmanka,
saralar-da solar zaman geçmänkä.
äri her gün turşardar-da ýüzüni,
pälin bozup, alardar-da gözüni.
zat ýok ýerden geçip gelniñ daşyna,
bigünäniñ oýun getir başyna.
ýersiz ýere bu pahyry taýaklar,
kä göwrede gezer gödek aýaklar…
ýokdur gelniñ haky garşy durmaga,
”haklydyr” är halan wagty urmaga.
otursa: ”tur” tursa diýer: ”gel otur!”
berse, ”äkit” diýer, äkitse: ”getir!”
buzdan tozan, tozandan-da buz arar,
häli-şindi kän yrsarar, kän darar.
garyp gyzy gara görner gözüne,
asyl-ha mynasyp saýmaz özüne.
diýer: ”edep-terbiýäni bileñok,
akylyñ ýok, berilse-de alañok.
heleý däldir belki seni doguran,
arwah-jyndyr palçygyñy ýuguran.
seniñ bilen ýaşap bilmesem gerek,
öldürsem ganyñdan soralmaz derek.
täze heleý alaryn men üstüñe,
iýjek nanyñ döwüp berer destine.
kir ýuwarsyñ, kül süpürer-atarsyñ,
itiñ ýatýan ýatagynda ýatarsyñ!”
aýal-gyzy hak-hukukdan kesen kim?
uran, ýenjen, öldüren hem asan kim?
ruhany, namalar dälmi baglanlar,
näzeninleñ ýureklerin daglanlar.
aýal-erkek bir däl diýip kuranda,
ýarym hak belledi kokun-gurbanda.
şaýatlykda bir är ýerne - iki aýal,
gulagy ker, gözleri kör, dili lal,
mirasdan-da gyzyñ haky ýarym paý,
dört aýal almaga hakly bir bet baý.
satyn alan maly – ursun, öldürsin,
maşgalada är ärligin bildirsin.
baýlar şol ”kanuny” doga edinip,
aýal garşysynda arslana dönüp,
guýruklarny bulap, arlap gezdiler,
aýallary asyrlarça ezdiler.
din zynjyry aýal-gyzy torlapdy,
baýlar ejizleri niçik horlapdy!
baý ýerde har bolar garybyñ gyzy,
gaýnenesi, gaýyn ata, baldyzy,
hemmejesi uçdantutma baýardyr,
urup harlamaga mydam taýýardyr.
her haýsysy bir ýanynda lagyrdar,
näm etjegin bilmän, gelin zagyrdar.
gaýgydan, hasratdan egilip başy,
gije-gündiz dynman akar gözyaşy.
dula bakyp, başyn çümre bürenip,
perýat eder durmuşyndan zeýrenip.
”garyplykdan köýdüm, eý atam, enem,
muñlerçe gyzlar dek çüýredim menem!
tutmaga elim ýok, gaçmaga aýak,
iñ ýakyn hossarym - tenimde taýak.
janym eje, bir mähriban ýok maña,
aglap ölýän ilkagşamdan tä daña.
eý hudaýym, meni betbagt ýaratdyñ,
ýaratdyñ-da, doñ ýürege ýal etdiñ!
ýa-da sen hem para-peşgeş aldyñmy?
teññesini goltuguña saldyñmy?
baýlygy nämüçin berýäsiñ baýa?
basgylatmak adyllykmy hudaýa?
gylaw berýar oña altyn teññesi,
ýene birin alaý diýer ýeññesi.
goý, jahennem, alsyn ýene ikisin,
menden elin çeksin, kessin dessesin.
hiç bir ynsan çekip bilmez bu zulmy,
bu ömürden añsat görjek ölümi…
ýa bir düýpsüz guýa eýse özümi
başşak zyñaýynmy, ýumup gözümi?
ýa bir ýurda gideýinmi baş alyp,
ýigrenji durmuşdan aramy bölüp?
ýagşy, çykdym gitdim nirä baraýyn?
kimden haraý, kimden kömek soraýyn?
yzymdan at salyp hökman ýeterler,
saçymdan ýapyşyp, süýräp getirler.
öñküden aýylganç zulma başlarlar,
belki el-aýagym güýlüp taşlarlar.
şum bagtymyñ heý çyrasy ýanmazmy?
durmuş üýtgäp, maña döwür dönmezmi?
jan jellady zyndandan bir çyksamdym,
giñ jahana höwes bilen baksamdym.
ah, nädeýin, gara boldy mañlaýym,
ýaýa döndi çybyk ýaly dik boýum.
gije-gündiz dynman çekip endişe,
tä ölünçä şu boluşdyr hemişe.
pul döküp, mal berip, etmezden haýal,
baý ogly ýene-de alar bir aýal.
birden sulhy alsa eger soñkyny,
itden beter dalar gezer öñküni.
şeýdip baýlañ hiç galmazdy armany,
garyp gyzlar bordy zulmuñ gurbany.
bedasyllañ nemunasy ne ýaman,
gyz pahyra berýan zulmy, eý aman!
göwnümiñ guwanjy türkmen gyzlary,
öten zaman kän horlady sizleri.
zalym baýlar berip goýun, pul, düýe,
iki-üçüñiz ýygyp, dykdy bir öýe.
ygtyýary eliñizden aldylar,
deñlik bermän, bürenjege saldylar.
urup-ýenjip maksatlarna ýetdiler,
el-aýagñyz maýyp-müjrüp etdiler.
kä biriñi ýersiz-ýere öldürip,
gara ýeri gyzyl gandan dolduryp,
kimiñi kesdiler, kimi asdylar,
mähirsiz zalymlar guma basdylar.
gara gözler, güler ýüzler, ýaý gaşlar,
hünärli barmaklar, döküldi dişler.
emma indi geçdi senden ol zaman,
eý gözel gyz, töweregñe bir garan!
öñki zulum, öñki jebir hem jepa,
başyn alyp gitdi, gelmesiz gapa.
partiýamyz seniñ bagtyñy açdy,
oktýabryñ dañy sönmez nur saçdy.
tiz tur indi, gal ýeriñden ýaýdanman,
talap eýle hakyñ deñ-duşdan galman!
bilim alyp, azatlyga tut ýüzüñ,
kem tutma ärlerden hiç wagt özüñ.
deñlik size ärler bilen her işde,
täze bir durmuş gur, ýürekden joş-da.
halyñ öwşün atsyn, ösdür sen käriñ,
dünýäni bezesin meşhur hünäriñ!
azap ýok, zulum ýok, rähnet seniñki,
erkana söz, azat zähmet seniñki.
ykjam ýapyş, kän iş bagly aýala,
bu azat durmuşda ornuñ eýele!
solmarsyñ sen, täze açylan gülsüñ,
saýra watan bähbidine bilbilsiñ!
Perhat Sabirovv 4 years ago- Awtory kim bolsada gowy ýazan