Ýapon alymlary ikli başda Ýerde altynyň peýda bolmandygyna ynanýarlar. Olaryň pikiriçe, ol onuň gelip çykyşy Ýerde döremändir-de, weýrançylygyň netijesinde peýda bolupdyr. Alymlar şeýle hasaplaýarlar: emele geleninden soň köp wagt geçmänkä, Ýer başga bir saýýara bilen çaknyşypdyr. Olam ýere altyn «getiripdir». Bu barada mail.ru ýazýar.
Ýapon alymlary mundan 4,4 milliard ýyl ozal Ýeriň başga saýýara bilen çaknyşandygyny ýüze çykarypdyrlar. Şol wagt ýeriň gatlagy hem=de ummanlar bolmandyr. Onuň ýüzi ýanardaglaryň agzyna meňzeýän eken. Astrofizikleriň pikirine görä, häzir ýeriň ýaşy 4,54 milliard ýyla barabar bolmaly.
Saýýara örän ullakan bolupdyr, onuň diametri 3 müň kilometre ýetendir diýlip çaklanylýar. Bu adaty meteroitlerden has uludyr. Deňeşdirmek üçin: Ýeriň diametri 13 müň kilometre, Aýyňky — 3,5 kilometre barabar.
Gürgençli 4 years ago- Ýeriň 4-nji gaty altyndanmyş diýibä eşdipdim bir wagtlar😱