Söýgi setirleri.

"Sen meniň ýyldyz süýnende eden arzuwum däl, Azan okalanda eden dilegimsiň..."

*****

Saňa aýdasym gelýä…
Şelpesin ýel öpen tuduň astynda.
Aýly gijelerde ýalňyz galýanym.
Näme hakda oýlanýanym aslynda.

Saňa aýdasym gelýä…
Syrly gijelerde uky bermedik
Duýgularmyň terdigini, päkdigin
Biýaradan jyklap ýatan terne deý.

Gözbaşyny görejinden getirýän.
Yşk şemaly ýüregimi ýelpeýä.
Özge gyza rowa görmedik sözüm.
Saňa aýdasym gelýä…

****

Ýalňyzlykda arasynda agaçlaň.
Bagtyňa ýokmasyn reňki saçlaň,
Bir saňa, bir saňa syrymy açsam,
Bagyşla!

Söýeýin ýyllaryň dört pasly bilen.
Söýenmi ýyllaryň dört pasly biler.
Ynamyňy ödäp bilmesem eger.
Bagyşla!

Güneş bulutly gün gijigip dogar.
Ýa seň sähra meňzeş ýaglygyň ezen.
Ýaz ýagmyry bolup bilmesem eger,
Bagyşla!

Seniň sadalygňa, ýönekeýligňe,
Eşrediň serhedi elwan köýnegňe,
Ýakaňdaky bir enaýy nagşyňa,
Ýaglygyňy geňsi edip daňşyňa
Aşyk bolanymy bagyşla!

*****

Söýgi – gala, girmesi kyn,
gireňsoň,
Çykmasy asyl-ha mümkin bolmadyk.
Söýgini gören ýok ýeriň ýüzünde
Hem ýok oň elinde misgin bolmadyk.

*****

Söýgi baradaky janly düşünje –
Gözleň mawy güýzüň gijesi kibi.
Gül ýalak,
gülälek gyrmyzy lebiň
Ýatladýar ýaşaýşyň süýjüdigini.

Şol lebiňde bal däl, dirilik suwy,
Çeşmäniň tolkuny – saçlaryň towy,
Saçlaň gije, ýöne ýyldyzlary ýok.
Saçlaň uzyn tomus – gündizleri dek.

Hatda öpmäge-de dözüp bolmajak
Ýaňaklaryň ömrüň ilki garymy?!
Seni görüp durkam göresim gelýär,
Ýalňyzlykda kim diňlesin zarymy?!

Durkuň bilen tebigata meňzeş sen,
Meňzeş sen ýyllaryň dört gül paslyna.
Galam alyp, gije-gündiz synanşsam.
Gorkýan ömrüm ýetmez öýdüp waspyňa.

*****

Görnügi gül, goşa göwsi – goşa Gün,
Perýady persala pygan perişdäm.

Eý, sen, zemindäki älemgoşarym,
Eý, sen, asmandaky nyýazy-rişdäm.

Gülberi gam, gözýaş – bulutlar ýaly,
Kalbymda ýazdyrdy kerwen ýüküni.
Eý, sen, şamu-säher unutmaýanym,
Eý, sen, ruhumyň mermer sütüni.

Başym bela, paýym goýup pajyga,
Çeşmimden ýaş bolup akan jigerim.
Eý, sen, dirilikde hötjet, ajy gam,
Eý, sen, ýoklugymda bitjek dilegim.

*****

Sen dymýaň, ondan bäri ýyl geçdi,
Sen meni eýläniň bäri Mejnunyň.
Men seni söýmedim ahyr bilgeşli,
Men seni söýmedim ahyr mejbury.

Zeýrenme, bu yşka sataşanyňa
Hemem yşkyň ataşyndan eýmenme.
Söýülmek gyzlara uly bagtdyr,
A ýigitler üçin bir gez beýgelme.

Neçüýn güýz güli deý barýarsyň solup,
Hem neçüýn söýgime ynam edeňok?!
Söýgiň nämedigni, güýjüni onuň
Düşündirmez hiç şahyr, hiç pedagog.

Gelseň gussalary sowrup bir ýana,
Ömrüme berilseň ykbal göterlip,
Meniň çöken göwnüm galkyndyrmana
Seniň tämiz ýylgyryşlaň ýeterlik.

*****

Öwrülme geçmişe sen,
Baýdak bolup pasyrda.
Söýüp ýetişenim sen,
Tutuş çärýek asyrda.

Gidip ýok hyýala sen,
Syr berme özgelere.
Gözleriň pyýala seň –
Bakmasyn özge ýere.

Seň gözleriň nury kän,
Özge gyzlaň gözünden.
Sen ýitäýseň, dirikäm
Giderin ýer ýüzünden.

Neçüýn gözleň gülenok,
Gözi ýaşaran dilber.
Meň ömrüme girenok,
Sensiz ýaşalan günler.

*****

Dokuz pelegiň biri men,
Müň pelegiň biri sensiň.
Seň hijriň bilen diri men,
Çarhypelek nury sensiň.

Uçuradyp jepalara,
Köňlümi deňäp şalara,
Sözümiň baky galarna,
Ebedi diregi sensiň.

Bil baglaýyp dendanyma,
Syraryn gaflat perdäni men,
Bu yklymyň merdany men,
Ýedi yklym hüýri sensiň.

Söýgi synsa, ömür tamam,
Bolma jenneti hantama.
Gözleň sowal, sözleň doga,
Bakylygyň dini sensiň.

Awtor: Gurbandurdy Orazow

"Ýürekdeş hemme şahyr saňa aşykmydy her okan goşgymda sen barsyň?!.."

Edebiýat, MrOKaS tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir