Jahankeşde
Men oňa ýoluň çatrygynda gabat geldim. Bu adamyň egninde ýapynjasy, elinde bolsa, hasasy bardy. Onuň köp horluk çekendigi ýüzünden bildirýärdi. Hoşamaý salamlaşanymyzdan soň, men oňa:
– Öýe baraly, biziň myhmanymyz bol! – diýip, teklip etdim.
Ol ylalaşdy. Aýalym we çagalarym bizi bosagada garşyladylar, ol mähirli ýylgyryp, öýdäkilere salam berdi, olar hem öýe myhman gelenine begendiler. Soňra biziň barymyz birlikde saçagyň başyna geçdik, bu adam bilen gürrüňdeş bolmak juda ýakymlydy, çünki ol ümsüm we syrlydy. Agşamlyk naharyndan soňra, biz ojagyň başyna jemlendik we men ondan özüniň jahankeşdeligi barada gürrüň bermegini soradym. Ol bize şol gije we ertesi gün hem köp gürrüňleri berdi, meniň bulary ýazmagyma sebäp bolan zat hem bu akgöwünli adamyň başdan geçiren ajy günleri bolup, ol wakalar onuň ýolçulykda tozana garylan günlerinden we çydamlylygyndan ybaratdy.
Onuň bizden gideninden üç gün soňra hem bizde myhmanyň gidenligi barada duýgy bolmady, dogrusy maşgala agzalarymyzyň biri bagda gezip ýören ýaly bolup, häziriň özünde gapydan giräýjek ýalydy.
Dür dänesi
Bir mollýusk öz goňşusyna şeýle diýipdir:
– Meniň içimde erbet agyry peýda boldy. Maňa haýsydyr bir agyr we togalak zadyň ejir berýändigini duýýaryn. Dogrusy, men janyma jaý tapamok!
– Asmana we deňze öwgüler bolsun, mende hiç hili agyry ýok. Meniň janym tut ýaly sag – diýip, ikinji mollýusk öz-özünden göwnühoş bolup, gedemlik bilen dillenipdir.
Şol wagt olaryň gapdalyndan leňňeç süýrenip geçip barýan eken. Ol bularyň gürrüňlerini eşidip, hiç zatdan zeýrenmeýän mollýuska bakyp, şeýle diýen:
– Janyň-a hakykatdan-da, tut ýaly sagdyr welin, seniň goňşyň çekýän jebri – hemmäni haýran edýän owadan dür dänesiniň jebridigini bilip goý!
Eşik
Bir gezek gözellik bilen bedroýlyk deňiz kenarynda sataşypdyrlar-da, suwa düşmeli diýen karara gelipdirler. Olar eşiklerini bir gyra goýup, suwa böküpdirler. Birnäçe wagtdan soň, bedroýlyk kenara gelip, gözelligiň eşigini geýip, ol ýerden garasyny saýlapdyr. Soňra gözellik hem suwdan çykypdyr, ýöne eşigini tapmandyr. Ol egnaçyklygyndan biçak utanypdyr we bedroýlygyň eşigini geýip, ol ýerden uzaklaşmak bilen bolupdyr.
Şol günden bärem erkekler we zenanlar ýalňyşyp, birini başga biri hökmünde kabul edýärler.
Ýöne nähili eşik geýendigine garamazdan, gözelligiň ýüzüni gören badyna ony tanaýanlar bar. Şeýle hem, bedroýlygy bilýänler, ony her hili eşik gizlese-de, gözünden tanaýarlar.
Bazarda
Oba ýerinden gül ýüzli, owadan gyz bazara gelipdir. Onuň saçlary agşam şapagy dek bolup, leblerinde daň şapagy ýylgyrýardy. Göze ýakymly nätanyş gyz derrew jahyl ýigitleriň gözüne ilipdir. Kimdir biri onuň bilen tans etmek isläpdir, beýleki biri bolsa, onuň hormatyna içlekli kesip, mürähet edipdir. Hemmeler oňa görünmek isläpdir, ýöne ýaşlaryň özüni alyp barşy gyza ýaraman, aljyrap ugrapdyr. Gyz olary ýazgaryp, bir-iki sanysynyň dulugyna şarpyk hem çalypdyr. Soňra ol ýerden uzaklaşmak bilen bolupdyr.
Şol gije ýolda öýlerine gelýärkä, öz ýanyndan janygyp şeýle diýipdir:
– Şeýtseler, hiç halamok-da! Gödek, terbiýe görmedikler diýsänim. Bularyň bolşuny çekip-çydar ýaly däl.
Wakanyň üstünden bir ýyl geçipdir. Bu görmegeý gyzyň ýadyna bazar we ol ýerdäki oglanlar düşüpdir.
Şeýlelikde, ol ýene-de gül roýy, agşam şapagy dek saçlary, daň şapagy ýylgyrýan lebleri bilen bazara gelipdir. Emma, bu gezek ýaş ýigitler, onuň ýüzüne hem seretmändirler. Ol uzakly gün gürlemän, ýeke özi bazarda aýlanypdyr. Ikindä golaý ýol bilen öýlerine gelýärkä öz ýanyndan şeýle diýipdir:
– Şeýtseler, hiç halamok-da! Gödek, terbiýe görmedikler diýsänim. Bularyň bolşuny çekip-çydar ýaly däl.
Çägedäki ýazgy
Bir adam beýlekisine habar atypdyr:
– Men öňräk daşgyn wagty hasamyň ujy bilen çägäniň ýüzüne bir zatlar ýazdym, adamlar henize çenli ony okamak üçin säginýärler hem-de onuň ýok bolup gitmezligi üçin alada baryny edýärler.
– Menem çägäniň ýüzüne bir zatlar ýazdym, ýöne ol gaýtgyn wagtynda bolup, deňziň ägirt uly tolkunlary ony ýuwup äkidipdir. Aýtsaňyzlaň, siz näme ýazypdyňyz? – diýip, ol sorapdyr.
Birinji mähetdel etmändir:
– Men şeýle sözleri ýazdym: “Men bar, men ýaşaýaryn”. Ýogsa-da, sen näme ýazdyň?!
– Men şulary ýazdym: “Men diňe gözýetmez ummanyň bir damjasy”.
Filosof we ädikçi
Bir gezek bir filosof ädikçiniň ussahanasyna özüniň tozup giden aýakgaby bilen giripdir. Ol ädikçä ýüzlenip şeýle diýipdir:
– Meniň aýakgabymy bejerip berseňizläň!
– Men häzir başga biriniň aýakgabyny bejerýän, seniňkini bejermäge girişmezden ozal, bejerilmeli başga-da aýakgaplarym bar. Ýöne siz şu günlükçe aýakgabyňyzy goýup gidiň, şuny geýiň, ertirem özüňiziňki üçin gelersiňiz – diýip, ädikçi oňa başga bir köwüş uzadypdyr.
– Men özüme degişli däl aýakgaby geýemok – diýip, filosof gahar-gazaba münüpdir.
– Sen başgalaryň aýakgabyny geýip bilmeýän bolsaň, nädip filosof bolýaň? – diýip, ädikçi geň galypdyr.
– Goňşy köçede filosoflara gaty gowy düşünýän ýene-de bir ädikçi bar. Onuň ýanyna baryň, goý, ol seniňkini hem bejersin!
Agtaryş
Müňlerçe ýyl mundan ozal iki filosof Liwanyň dag eňňitlerinde biri-birine gabat gelipdirler.
– Nirä ugradyň? – diýip, olaryň birisi sorapdyr. Beýlekisi oňa şeýle jogap beripdir:
– Men juwanlygyň çeşmesini gözleýän, meniň bilşime görä, ol şu dagyň gerişlerinden çogup çykýar. Meniň okan gadymy kitaplarymda bu çeşme barada gürrüň gozgalyp, onuň edil gül ýaly Güne sary uzaýandygy barada agzalýar.
– Siz näme gözleýärsiňiz?
– Men ölümiň syrlaryny agtarýaryn – diýip, birinji dillenipdir.
Iki filosof biri-birini uly ylymdan paý berilmänlikde, ruhy körlükde aýyplap, boş jedelleşip ugrapdyrlar.
Filosoflar seslerine bat berip durkalar, olaryň deňinden öz obasynda sada adam hökmünde tanalýan ýolagçy geçip barýan eken. Ol iki adamyň bir zat barada göçgünli jedelleşýändigini eşidip, aýak çekipdir. Soňra ol ikisiniň hem getirýän delillerine gulak goýup, olara golaý baryp, şeýle diýipdir:
– Dostlar, görýän welin, ikiňiz hem, bir filosofiýa mekdebine degişli öýdýän, çünki siziň ikiňizem, diňe dürli sözler bilen şol bir zat hakda söz açýarsyňyz. Siziň biriňiz juwanlygyň çeşmesini gözleýän bolsaňyz, beýlekiňiz ölümiň syrlaryny agtarýarsyňyz. Olar aslyýetine seredeniňde, biri-birinden aýrylmaz baglanyşykly bolup, olaryň her biri ýeke-täk bitewi zat hökmünde siziň aňyňyza ornaşypdyr.
– Hoş galyň, akyldarlar – diýip, nätanyş ýola düşüpdir. Olardan biraz arany açyp, hoşgöwünlilik bilen gülüp goýberipdir.
Iki filosof sähelçe wagt ümsümlikden soňra, biri-biriniň ýüzüne seredişip, gülmäge başlapdyrlar.
– Onda näme?! – diýip, olaryň biri seslenipdir: – Ýör, onda bilelikde gözläli!
Terjime eden Ýegenmämmet Taýlyýew,
“Zaman-Türkmenistan”.
Jeksparro 4 years ago- Awtory kimkä bu hekaýalaryñ. Ýöne terjime edeniñ adyny goyaýýarlar. Awtory kim bolsa şo bolsun diyen yaly...