Ese-boýa galyp, Sylap ýigit dagy bolmady. «Tüýs çynar ýaly» diýilýänlerden boldy. Onuň nurana keşbem, salykatlylygam köplere «gaýry dur» diýýärdi. Ýigidiň adam dilden-dile geçýärdi, agyzdan-agza. Obada ony sylamaýan ýokdy. Ady mydama «Sylap jandy».
Ýigidiň ýekeje kemi bardy. Ol ýaşynyň eýýäm otuza golaý at salýandygyna seretmezden, öý-işik boluberenokdy. Şogsa onuň ýaňyja burnunyň aşagy garalyp ugran wagtyndan bäri klasdaş gyzlary daşyndady. Pelesaň kakýardylar. Kökenek bolýardylar. Beýleki klaslardanam ýigidiň hyrydary ýetikdi. Gyzlar sapak wagtam, ýolda-yzda-da nämedir bir zady bahanalap, onuň bilen gürleşjek bolup çyr-çytyrdylar. Ýöne Sylabyň welin, bu zatlar piňine-de däldi.
Onuň dymmalygyndan içini-bagryny tütedip, başga kişilere çykyp giden gyzlar kän boldy.
Sadap hem Sylabyň ugrunda ýürek-bagryny kebap edip aý-gününi geçirýänleriň biridi. Ýöne onuň ýigide göz dikişi üýtgeşikdi. Kalbynda berk ynamy bardy. Hamala, kimdir biri onuň gulagyna «Sylap seňki» diýip, çawuş çakyp duran ýalydy. Ýigidiň öz ykbalyndan aýrylyp gitmejegine özüni birsyhly ynandyrasy gelýärdi.
Sadap Sylabyň klasdaşam däldi. Ikisiniň üç-dört ýaş aratapawudy bardy. Ýöne goňşy ýaşaýardylar. Sadap soňky klaslardaka, Sylap eýýäm okuwyny gutarypdy. Sylapsyz mekdebe onuň gatnasy gelenokdy. Keýpsizlik tä sapak gutarýança gyzdan ara açanokdy. Sylaby hemmelerden gabanýardy. Ýolda-yzda Sylaba lak atýan gyzlary göräýdigi, olaryň saçlaryny ütäýesi gelýärdi. Ýigidiň daşyna öz deň-duş oglanlary üýşüberse-de, Sadap halanokdy. Göwnüne bolmasa, ýigitler Sylabyň ünsüni özünden sowýan ýalydylar. Käteler ol Sylabyň öňünden çykagada: «Men seni janymdan eziz görýän, Sylap! Başga gyza göwün bereniňi eşidäýsem, ýüregim ýarylar» diýäýesi gelýärdi. Ýöne gyz ejaby muňa ýol berenokdy.
Öýde wagtam gyzyň iki gözi goňşularyndady. Goňşy ýigidi synlap, aňyrsyna çykyp bilenokdy. Häli-şindi bir zady bahanalap, goňşulara baryp gaýdýardy. Sylabyň ejesi Sabyr daýzanyň özüne: «Sadap jan» diýip ýüzlenmesi gyza lezzet berýärdi. «Ejesi-hä gowy görýä, ol ogluna-da
diýenini etdirer» diýip, gyz bu mylaýymlykdan özüçe many çykaryp, öz göwnüni hoşlaýardy. Şeýle pikir öwrende, gyzyň ýüregi aram tapýardy.
Orta mekdebi gutaryp, Sylap Aşgabada okuwa gidende, dünýe Sadap üçin dowzaha döndi. «Wah, gowy görýänimi bir duýduryp galaýmaly ekenim. Kim bilýär, indi ol şäherden birini tapsa-da ahmal!» diýip, gyz häli-şindi arman çekdi. Sylabyň gyz jigileri Bibidir Bilbiliň ýanyna tikin işini alyp barardy. Şonda Sylap hakda agzajak bolup, telim öwra synanyşdam. Ýöne her sapar gürrüň gozgamagyň ebeteýini tapman gaýdýardy. Bäş ýyl gyz üçin tükenmez wagta döndi.
Her näme-de bolsa, Sylap Aşgabatdan gelinli dolanmady. Ol bäş ýyllyk okuwy arka atansoň, oba gaýdyp geldi. Sylap gelensoň, oba her hili gürrüňler ýaýrap ugrady:
—Ony kolhoza başlyk bellejek bolanmyşlar. Ýöne Sylap razy bolmanmyş. «Birneme tejribe toplaýançam, brigadir boljak» diýenmiş—diýşip, häli-şindi onuň tarypyny ýetirdiler.—Şumadyň birtopar adamy-ha başlyklygy diläbem alawersin. Sylap jan beýle adamlardan däldir. Göwni pesdir-le onuň.
Ýigidi öwdüklerisaýy Sadabyň ýüreginiň ody beter lowlaýardy. Misli üstüne ýag damdyrylýan ýalydy. Sylaba bolan söýgüsi kükregi ýarara getiripdi. Ýigit bolsa dymyp ýördi.
Ahyry gyz çydamady. Hat ýazdy. Nijeme ýyl bäri ýürekde berç alan sözler kändi. Olar kagyz ýüzüne ýalyn bolup geçdi. Hatyny ýazyp bolup, gyz gysymynda ýylan saklaýan dek bolup, daşaryk çykdy. Hemmeler uklapdy. Açyk tomus asmanyndan Aý şugla saçýardy. Ýyldyzlaryň şöhlesi misli aladaly gyz ýüreginiň tisginişi kimin, çalaja titräp durdy.
Sadap ýüregini bökdürip, kän garaşdy. Goňşularynyň daşarsynda gymyldaýan jandar ýokdy. Çyralary öçükdi. Töwerek imi-salady. Hatda Sadaba öz ýüreginiň dükürdisem eşidilip durdy. Gözüni gyrpman, goňşy öýe bakyp oturyşyna Sadap: «Wah, görünmedem-dä» diýip, ahmyr bilen pikir öwürýärdi. «Bir garasyny görkezsedi!»
nowça
Dowamy bar
Kör söýgi 3- nji bölümi
-
ETIKA
4 years ago
- @12 kopirawat edipsin byr yerden bu Ogulsenem Taññyýewanyñky
-
MrOKaS
4 years ago
- Turkmencilikde kate seylede bolya
-
MrOKaS
4 years ago
- Awtory gitler bolsada bolanyna gora dowamynam goyarsynda gardas suncasyny okap dowamyny okamasan nerwa zyyan
-
MrOKaS
4 years ago
- Awtory gitler bolsada bolanyna gora dowamynam goyarsynda gardas suncasyny okap dowamyny okamasan nerwa zyyan
ETIKA 4 years ago- Bu Powest nowca atly ertekiciñki däL