Alyşir Zülfiýany görmäge çekinýärdi. Ol ýöne beren sözinde tapylmak üçin öz boýnundaky daşary ýurtdan ýörüte Zülfiýa üçin ýasadyp gelen altyn zynjyryn hökman gowşurmalydy. Onyň basym toýydy.
Ýöne Zülfiýaň özini nähili garşylajagy belli däldi
Ýüregine daş baglap öz 4 ýyllap söýen gyzyny görmäge gitdi.
Oňa öz diliň bilen bagtly bol diýip aýtmasaň toýymy bularyn diýen sözi ,ony binjalyk etýardi.
Zülfiýaň özdiýenli häsiýeti bardy. Ol öz etjek diýen zadyny hökman etýärdi.
Alyşir bellenilen güni zordan öziniň maýyplyk arabasyna münip, ýuwaş bilen şäher seýilgähine tarap ýöredi.
Ol geçmişe göz aýlady .Öz dogdyk mekanynda bolmadygyna iki -üç ýyl geçipdi.
Zülfiýa bilen iň soňky gezek şu seýilgahde görşüp watan gullugyna gidipdi.
Ol bellenilen ýere barýança kellesinde müň hyýal ,müň pikir bardy
Zülfiýa, öýlendim men öýdäkilere yok diýip bilmedim, diýip onyň göwnine degen güni gulagynda ýaňlanyp durdy.
Ol hakykaty gyzdan gizlapdir.
Söýen gyzynyň bagtly bolmagyn isleýapdi
Ýöne bu durmyşda ähli etjek goýjak diýen arzuwyň bitip durmy!? Arzuw arzuw bolup galýar eken ....
Alyşir daşary ýurtdan ,ýurda gelensoň, diplomyn tassykladyp bir edilmän galan ýekeje borjy bardy, oda watan öňindäki gulluk borjuny ýerine ýetirmekdi
Işe başlanyna sanlyja gün geçmäňkä ,oňa çakylyk geldi we düýdansyz gulluga gitmeli boldy.
Ol harby gulluk edip ýörkä harby bölümiň harby itlerine talimçi bolup gulluk edip başlady
Zülfiýa bilen günde hawarlaşýardy. Itleri bilen düşen suratyn günde ugradyp durýardy.
Wagt bolsa geçip durdy. Gulluk borjyny gutarmagyna az wagt galanda serhet harby gullykçylary aldym berdime salan howp bulary has hem aljyradypdy
Alyşir hem itleri bilen oňa gatnaşmalydy.
Araçäkden geçen iki sany goňşy döwletiň raýatyny saklap, gözegçilik gullugyna tabşyrmalydy .Bu iki sany içalyň ýanynda sowuk ýaraglary we äpet itleri bardy. Alyşir olaryň üstüne öz itlerin göýberdi.
Onyň itleri bu adamlary tutanda gapdalyndan gelen itler bilen garpyşmaly boldy.
Zynjyrdan boşan itler, onyň itini gowy dalady we batly gelip Alyşyra topyldy
Itiň sesine beýlekiler kömege gelýançä Alyşir özinden gitdi...
Ol gozini açanda hassahanadady. Ýerinden turjak boldy ,bili diýen etmedi, ol özini aşak goýberip
— Reks gowymy diýip, ýanyndaky gullykdaş dostyndan sorady
- Reksi halas edip bilmedik ol seni gorajak bolup, gaty dalandy
Alyşyr gözine ýaş aýlady, ol itini gaty gowy görýardi.
Iki ýyl itinden hatda nahary hem aýra iýmedi, mydama itiniň ýanynda naharlanýardy. Ony ýitirenine gynandy
Iki üç aý hassahanda ýatyp ol öýe goýberildi ýöne ol öýe baryp biljek däldi, bu ýagdaýda Zülfiýaň gözine görnip biljek däldi.
Şol pajygaly ýagdaýdan soň ol maýyplyk arabasynda durmyşyny dowam etdi we söýen gyzyna iň soňky ýazmasy agyr bolan hatyn ýollady
"Salam, gülüm!
Gowymy ýagdaýyň, öý içerler gowymy
Meniň hem ýagdaýym oňat
Men saňa wajyp bir hawar aýtmalydym
Zülfiýa sen meni bagyşla, men bärde, bir gyzy gowy gördüm we nadip bolanyny bilemok onyň bilen gatnaşygym araçakden geçdi, biz indi çaga garaşýas, saňada biwepalyk etdim.
Sen meni bagyşla men öýlenmeli boldym we senden ötünç soramak üçin iň soňky ýazmasy agyr bolan hatymy ýollamaly boldym
Zülfiýa indi maňa garaşma, birine durmuşa çyk we bagtly bol, seniň durmyş toýuň bolanyn eştmek arzuwynda, seniň bagtly ýaşaýanyň daş gulakdan eştsem hem bolýar.
Mende seniň daşary ýurtdakam adym ýazylan altyn zynjyr sargapdyň, ana şol getiren altyn zynjyrym bar, men ony iru giç hökman saňa gowşurmaly, onyň klonynda seniň adyň bar, toý edeňde men her zat ederin ýöne ol zynjyry saňa gowşuraryn
Meni bagyşla seniň Alyşyryň "
Ol haty ugratdy, hatyna siňen göz ýaşlar, arzuwlar, berlen wadalar kagyz ýüzine siňdi
Aradan bir ýyla golaý wagt geçsede Zülfiýadan hawar bolmady.
Günlerde bir gün hat gatnadyjy bir bukjany Alyşyra gowşuryp gitdi .Hat Zülfiýadandy
Howlukmaç haty açyp okap başlady
"Aly salam! Men Zülfiýa. Gowymy ýagdaýyň. Öýdäkiler gowymy. Gelniň ýagdaýy gowymy. Näme bäbejigiňiz boldy, eger gyzjagaz bolsa Zülfiýa diýip at goýjak diýdiň, gyzjagazyň boldymy ýa oglanjyk hawar hatyr bolmady
Menem oňat basym toýym. Toý etmezden öň ýekeje gezek didaryň görüp seniň ak pataň bilen durmuş yolyna gadam basasym gelýar.
Öz eliň bilen aramyzda galan altyn zynjyrym boýnyma dakmagyňy isleýan, ýöne söz ber öziň gel hiç kimden ugratma
Aýyň aýagyna garaşýan, öňki ýerde, öňki sagatda, öňki wagtda
Men garaşaryn Zülfiýa "
Alyşyr haty okap ýüregi has hem çalt urup başlady.Sebabi Zülfiýaň garaşaryn diýen wagty ertedi.
Ol erte hökman ony görmelidi ...
Alyşyr Zülfiýany görmäge çekinýärdi.
Ol ýöne beren sözinde tapylmak üçin öz boýnundaky daşary ýurtdan ýörüte Zülfiýa üçin ýasadyp gelen altyn zynjyryn hökman gowşurmalydy. Onyň basym toýydy.
Ýöne Zülfiýaň özini nähili garşylajagy belli däldi
Ýüregine daş baglap öz 4 ýyllap söýen gyzyny görmäge gitdi.
Oňa öz diliň bilen bagtly bol diýip aýtmasaň ,toýymy bularyn diýen sözi ony binjalyk etýardi.
Zülfiýaň özdiýenli häsiýeti bardy. Ol öz etjek diýen zadyny hökman etýärdi.
Alyşyr bellenilen güni zordan öziniň maýyplyk arabasyna münip, ýuwaş bilen şäher seýilgähine tarap ýöredi.
Ol geçmişe göz aýlady .Öz dogdyk mekanynda bolmadygyna iki-üç ýyl töweregi geçipdi.
Zülfiýa bilen iň soňky gezek şu seýilgahde görşüp watan gullugyna gidipdi.
Ol bellenilen ýere barýança kellesinde müň hyýal müň pikir bardy
Zülfiýa öýlendim öýdäkilere yok diýip bilmedim, diýip onyň göwnine degen güni gulagynda ýaňlanyp durdy.
Ol hakykaty gyzdan gizlapdi.
Söýen gyzynyň bagtly bolmagyn isleýapdi
Ýöne bu durmyşda ähli etjek goýjak diýen arzuwyň bitip durmy!?
Arzuw arzuw bolup galýar eken..
Bellenilen ýere bardy. Azajyk garaşdy. Birden näzijek eller onyň gözini tutdy. Ol ol elleriň üstunden tutyp
- Zülfiýa: - diýip pyşyrdady
— Aly:- diýdide göni gujaklady
Olar sessiz gurleşdi ,duýga yol berdiler
Bir biriniň ýüzinden ellerin aýryp bilman, bu goşa gumry ýalak aşyk mahşuklary, seýilgähden geçip barýan her bir kişi olara seredip, çalaja ýöräp geçýardi
Maýyplyk arabada otyran bu harby eşikdäki ýigdekjäni we ýanyndaky mahirlije gyza seretman geçmek mümkin däldi
Ahyr dymyşlygy Alyşyr pozdy
— nädip bildiň, kim aýtdy
— ejeň ,aýtdy. Men ony bazarda gördüm we salam berdim, seni soradym, name çagasy boldy diýip soradym.
Ol bolsa aglady we seniň öziňi öýlenen diýip görkezip menden daşlaşjak bolanyňy, seniň maýyplyk araba baglananyňy we özuňi maňa mynasyp görmän, maňa iň soňky hatyň ýazmagyňy, seniň henizem meni söýýaniňi, meniň suratym seniň ýatylýan otagyňda uly portret edip asyp goýanyňy başgada kän zat gürrüň berdi
Men seniň toýym diýip aldamasam gelmejegiň bilýardim we seniň öý salgyňy alyp hat ýazdym
Men seni söýýan seniň diri ýanyp, diri ölüm bolup, bu dünýede ne öli nede diri gezip ýörmegiňi islämok we men seniň öz dünýäňden, öz dem alýan howaňdan,öz ýüregiň töründen maňada azayk ýer beräý diýip seniň ýanyňa geldim
—Men senden jogaba garaşýan Aly?!
Aly gözine ýaş aýlady we
- Zülfiýa sen maňa durmyşa çykarmyň!? - diýip sorady
— ýok diýip, ol Alyny gujaklady
— hany ýene gaýtala
— ýok, ýok
— ýene gaýtala
— ýok, diýip ony bagryna basdy we ýuwaşjadan "Men seni söýýan, men diňe seňki bolaryn "- diýdi ....
- senem diňe meňki bolarsyň, men seni hiç kime bermen
—Если тебя любят 10 человек, то я в их числе,
если тебя любят 5 человек, то я в их числе,
если тебя любит 1 человек, то это я, если тебя никто не любит, то меня нету в живых...
~~soňy~~
nowça
MrOKaS 4 years ago- +++