Işe barýan ýolymyň gyrasynda bir gonomçylyk bar.
Men şo taýdan her gezek işe gidemde özümçe ýatanlara aýat okap geçýardim
Bu gün howa gaty yssysy.
Jokrama ýalyn öwüsýardi.
Menem, öýe irräk gel täze gelin çagyrýas diýensoňlar, işden irräk jogap alyp gaýdym
Ýolymy has-da ýakynlatmak üçin ýaňky öwülýaň içi bilen, uzap gitýän bir ýodajygy yzarlap gaýdym
Howaň gyzgynlygyndan ýaňa howaň ýüzi ýalyn tumanlap durdy
Öwülýäň orta gürpüne ýetemde, bir gyrada bir çagajyk aglap otyr eken, menem ,bu tüp yssyda bu çaga näme edýarka diýip pikir edip, ýaňky oglanjykdan soradym
— aý oglanjyk, sen bu tüp yssyda barde näme işleýaň, bari çagalaryň girýän ýerä däldir özä
— öýimi tapamok
— öýiň nirde
— ynha şu ýarty kerpiçiň ýanda,diýip elinde ýarty kerpiç, kerpiçiň ýüzinde adam ady ýazylan, onyň hem ýary ýok bir kerpiçi görkezdi
Menem bärde goýlan kerpiçi, çagalar ellemeli däl, diýip ellindäki ýarty keçpiçi aldym we oňa
— ýör onda alan ýeriň görkez,diýip oglanjygy alyp kerpiçiň ýarsyn gözlemäge başladyk
Ahyr tapdyk.
Men kerpiçleri bir birine sepläp 10-12 ýaşly çagaň ady ýazlany gördim
Men öýe gaýdamdada şol oglanjyk şo kerpiçi garagullap otyrdy
Aradan azyndan bir hepde on geçdi welin ,meniň ýene bir sebap bilen ýaňky öwülýaň içunden geçip öýe gaýtmaly boldym
Oglanjyk bilen aýrylyşan ýerimde bir gelneje aglap otyr eken.
Menem ýene duryp bilman
- gelneje şukur ediň beterinden saklasyn, diýdim
Oda göz ýaşyn süpürüp ýerinden turdy
Soň gelneje bilen bile ýöräp öýe gaýdym, ýolda gelneje maňa bu öwulýa kän gelýanin aýtdy we öziniň ýogalan oguljygynyň ýanyna baryp aglap aglap içini dökýandigni aýtdy
Gelneje öziniň owadanja sumkasyndan bir suraty çykaryp görkezdi we şeýle diýdi
— oguljygym ýarawsyzdy ,doga ýürek kemislikli boldy we ýaraman ýogaldy, bir hepde on gün mundan öň ol düýşume girdi we düýşumde meni çagyrdy
Ol öz ýanyňa gelip, meniň adym ýazylan kerpiç döwüldi, şony sepläp, bejerip gidäýdä,diýdi. Menem näme bir iki gezek şol bir meňzeş düýş görseň ,hökman hakykata ýakyn bolarmyş diýenlerni nazara alyp,özüm öwülýa baryp oglyma aýat okaýyn,hem-de döwlen kerpiçi sepläp oňaraýyn diýip geldim
Men birnäçe gezek gören düýşümden ynjalman, göreýin diýip geldim.
Şol aýdylýanlar ýalan eken, oglymyň ýatan ýerine gelip görsem onyň ady ýazylan kerpiç awatja dur eken, diýip gepini soňlamaňka
- gelneje ýaňky suraty täzeden göreýinle diýdim
Oda maňa oglanjygyň suratyn görkezdi
- ihhhhh bu çagany men tanýana bir hepde öň ,edil şu ýerde tanyşdym, özäm iki bolup kerpiçiň ýarsyny tapyp ony ýerbe ýer goýdyk ,bu oglanjyk haçan öldi, wi bagyşla ýogaldy,diýip soradym
Ol gelneje aglady we
- oglymyň ýogalanyna bolsa 3- ýyldan köprak wagt bolandyr ,diýdi welin üstumden gaýnak suw döküldimikä öýtdüm we
- gelneje bu oglany men geçen hepde gördim, maňa ynanaýyň diýdim
Ol gelneje bolsa saçym sypap ýuwaşjadan
- bari öwülýa ölileriň ruhlary tüp yssyda guburynyň daşyna çykyp otyrýamyşlar, senem günortanyň ýakyp barýan yssysynda öwülýaň içinden geçip ýörme, diýdi
Men bolsa hiç zada düşünmedim....
Nowça
yashalym 4 years ago- Mbah cyndanam bolan wakamyka