Ol gyz bilen
çynym aýtsam nädip tanyşyp, nädip oňa öwrenşenimi bilmän galypdyrn. Tanyşan
wagtlarymyz ilki salam-selimden başga zat soralanogamdy. Bilemmok, şol gyz hiç
hili gurlemesede diýseň özüne çekdi. Ýuwaşjadan sadady.
Ýok men ony
söýdüm diýsem ýalan sözledigim bolar, söýmedim diýsemem ýalan. Ony özümden
beýik şahsyýet hökmünde sylardym, onuň göwnüne degmejek bolup käteler öz
göwnümden geçerdim. Bar tanyşlyk hem gatnaşyk internetde bolsada, mydama
ýanymda ýalydy. Alys ýurtlarda bolsada ýylgyrşynam duýýardym, gülişinem duýardym...hat-da
gaharlanyşynam duýýadym. Kawagtlar göwne degişip, yzyndanam ýaraşsak
bir-birimize “hany ýylgyr” diýerdik, görýän ýaly. Bolmasa hijem ýüzünem
görkezmedi, diňe suratda...Näme barada gürrüň etýäs? Hudaý bilsin, ýöne günde
3-4 sagat gürrüň edere zada tapylýady.
Ikimiziň
aramyzdaky gürrüňler syr bolup galsyn, bärde olary jikme-jik gürrüň bermäýin...
Ýyl geçdi. Bile
bir wagtda öz ýurdumyza dolanmak nesip etdi. Şeýle bir begendim, şeýle begendim
bu ýagdaýa, sebäbi arzuwlan ýüzümi görmek islärdim, bu arzuwyň ýuwaş-ýuwaş
hasyl boljagyna begendim. Elbetde, görman, durmuşda synlaman söýýän diýibem
bilemokdym, emma ikimiziň ýüregimiziň bir zady duýýanyny bilýädim.
Arzuwlanan gün
geldi. Şunça görüşmekden çekinip yza çekilseňde men üstün çykdym, ömrümde
ýekeje gezegem bolsa saňa diýenimi etdirip bildim. Şol gün aljyrap ýüregim
gursagymdan çykaýjak bolsa-da, begenjimden ýaňa uçaýjak bolsam-da...hijisini
bildirmedim. Döşümi dik tutup bardym bellenilen ýere. Senem-a gizlejek bolduň,
gorkujyňy gizlejek bolduň. Bolmandyr ýöne. Ýaňaklaryň dagy çym-gyzyl, sesiňem
zordan çykdy. Öňüme geçip otursaňam hiç ýüzüme seretmediň, ýaman utandyň.
Birsellem gürrüň etdik welin, sen “men gija galman gaýtmaly” diýdiň oturdyň. Şunça
goýberesim gelmedi, arzuwlanan pursady dowam etdiresim geldi...emma sen bu
gezek üstün çykdyň. Üstün çyksaň çykdyňam welin, basym ýene duşuşmana söz
berdirip bildim.
Ýöne birgiden
bahana tapyp, ikinji gezek duşuşmana gelmediň. Menem kellämi aýlap, özüň
gelmeseň getirmegiň ugruny tapmadym. Bolan boldy, hä diýmänkäm wagtam geçdi.
Şeýdip herimiz ýene aýry ýurtlara gaýtdyk.
Gaty utanjaň
bolupdyrn, hiç saňa söz aýdyp bilmedim. Aýtsam ýok diýaýjek ýaly, bolmasa günde
gürleşibem ýördik. “Söýýän” diýsem jykyr-jykyr gülüp, “gyw oglan, diýýänleriň
näme? Biz diňe bir dost ahyryn. Bir gezek gördüm diýip söýübermeli bormy?”
diýaýjek ýaly. Durmuşda ýuwaş hem çekinjeňem bolsaň, internet äleminde ýaman “betdiň”,
hiç hakyňy gidireňňokdyň. Pikiriňi açyk beýan edibem bilýärdiň, men bir zat
diýern diýip çekinibem duraňňokdyň.
Bir gün däl,
günde seni gabanardym. Seni biri elimden alyp barýan ýaly. Sähel gulagyma ilen
zat üçin bir gün şeýle bir çekeleşdik. Sen näçe “ol diýýänleriň ýalan, olar
ýaly zat ýok, bolmandam” diýeniňe ynanasym gelsede, ynanmadyksyran boldum.
Gepiň tümmek ýeri saňa ynamsyzlyk etdim. Senem kejir, menem kejir. “Sen ýalan
sözleýän bolaýma?” diýen sözüme gaty görüp, meniň bilen gürleşmäňi tarpa bes
etdiň. Seni hiç ýerden tapmadym. Ne internede girdiň, ne telefonyňa jogap
berdiň, ne-de meniň ýazan hatlarym jogaplandy. Girseňem ýazanlaryma hiç jogap
bermediň, naçe özelensemem jogap alyp bilmedim. Şeýdip birden gaýyp bolduň.
Wah, beýle gaty gorjegini bilsem oýun edibem diýmezdima. Seni ýok ýerden “günäkär”
edenime şeýle bir ökündim. Gabanjaňlygymy düşündirip bilmämsoň ýok ýerden “günäkärlänime”
ökündim.
Günler geçdi,
meniňem seni şol gözläp ýörüşim. Aradan 9 aý dagy geçendir. Tanyş bilişlerimden
sorap başladym. Bir gün seniň joraňy tapdymda, ondan seni soradym. Eşden
jogabym meni “diri merhum” etdi. Ol kan çekinmedide gönüläp “Ol birki aýlykda
durmuşa çykdy. Ene-atasy bir maşgalany göwnedi, ol hem şoňa razy boldy. Baran
oglany hem ozi bilen bir ýurtda okap ýören ekeni, durmuş gurdularda bile
gitdiler” diýdi. Menden çykan ýekeje sözlem: “Men ony söýýädima” – boldy. Ol
hem durdyda: “Wah, wagtynda aýtsaň bolmadymy? Dostsurap gaýtam her zat diýen
bolduň, ýalançy diýip töhmet atan bolduň. Wagtynda gabanjaňlykdan şolar ýaly
hereket edeniňi düşündirseň bolmadymy?” – diýip, jorasy çyn ýüreginden
zeýrendi. Şol zeýrençden onuň hem meni söýenligini aňdym, ýöne giç aňypdyrn.
...Hiç bolan
zatlara ynanasym gelmedi. ...Birden tisginip oýanypdyrn, kompýuterimden gelýän
sese oýanypdyrn. Görsem “ezizim” ýazyp otyr, meniň jogaplamaýanymy alada edip
öz-özi gyzyl-gykylyk. Ýaňkylaryň hemmesiniň düýşdigine begendim. We ýüregime şu
gün söz aýdaryn, elmydama meniň “ezizim” bolmagy üçin elimde baryny etjegime
söz bererin, onuň hemişelik meniň “ezizim” bolmagyny haýyş ederin diýip
ýüregime düwdimde: “Salam janym, irkilipdirn...” diýdimde gürrüňime başladym...
( agza ýigdiň haýyşty boýunça ýazyldy)
Nowça
Nowcha90 4 years ago- Minnetdar halanyňa