2001 ýylda öýden gaçyp Aşgabada gaýtdym.
Şo taýda bir dostymyň üsti bilen işe girdim.
Gullygy gutaran ýylymdy. Gullykdan gelemde öýdäki agzalygyň, goh galmagyň derdinden diňe köçä däl tutyş oba iş bolýardyk.
Öz deň duşlarym içinde ömür kemsitme, kakaň alkaş, aňkap dur sözler meni ilki ilkiler ýaka tutyşan bolsamda, soňky döwürde o sözlere öwrenşipdim....

Azajyk ýaşlyk döwre dolanaýyn
Men özümi bilenimden bäri ejemiň,jigim Näzigiň ýagdaýy gowy däldi.
Biz özümizi bilenimizden bäri ejemjanyň göreni görgi edeni bergidi.
Ol aýrylyşan ady almajak bolup kakam naçe içgili bolsada, içgili wagty ursada, maşgala ojagyn terk etmedik mert zenandy
Kakam bolsa özini içgä beren, özäm gaty nerwiniý,gaharjaň adamdy.
Ol her gezek içip gelip ejemi uranda jigim Näzik bilen ejemi urmaý diýip ejemi gujaklap aglaşardyk .
Ol bolsa ne ejemiň göz ýaşyna ne-de iki çagasynyň gözýaşyna ýüregi eremezdi.
Oňa obada Jumagyzyl diýerdiler.
Ol içen wagty çym gyzyl bolup gözi dawa jenjeldedi
Kakamyň içga doly özini berenini görüp, şu arak diýen zährimary ýigrenýardim.
Ony oýlap tapany näletleýardim.
Şol içgi sebäpli naçe adamyň ejir çekmegine getirýänini görüp, oňa bolan ýigrenç döräpdi
Ony nädip agzyna alýarkalar diýip haýran galýardym.
Güýjüm ýetsedä ejemi ýeke gezek hem urdurmazdym
Bir gezek dagy elime pyçak hem alyp topyldym ýöne kakam gaty daýow adamdy,ol meni beýläk zyňyp göýberdi,soň meni urman, beren terbiýäň şumy diýip ejemi gaty erbet urupdy.
Ejem iki gün ýaraman ýatdy, ýöne ejemiň ýüz tutar ýaly ýakynlary ýokdy.
Bir gyz dogany bardy.
Oda bizden bizardy.
Mamam babam bolsa ir ýogalypdy
Şol wakadan soň ejem maňa
— Mekanjan oglym,sen jigiň hem alda bu öýden git, bu kakaňdan size awraý ýok. Jigiň ýeke goýma
- ejejan men nira gideýin
- nirä gitseň hem git,oglym , sen indi ýigit çykdyň, uýaň aladasyn et,ýöne bu töwerekde görünme
— eje seni ýeke goýup hiç ýerik gitmeris
- ýok oglym gidiň:- diýip bizi yola ugratdy
Men jigimi alyp gullykdaş dostymyň öýine gitmegi ýüregme düwdüm.
Gyz jigim kiçiräkdi 5-6 synp okuwçydy.
Men Näzik bilen ýola düşenmiz hem şoldy welin bir ýerden kakam öňimizden çykdy we biziň gaçyp barýanmyzy görüp dälirän ýaly bizi kowalady.
Şonda gyz jigim
—Mekan meni alada etme bar git,Alla ýaryň bolsun doganjygym, bir ýerde oryn tutsaň ejem bilen meni ýatdan çykarma, men kakamy güýmäýin sen git diýip, naçarym meni ak pata berip kakamdan gaçyrdy
Men şol ylgap gaýdyşyma, ýüzüm ugryna nirä barýanym bilmän ýüzüm illerä tutyp öz obamy, uýamy, ejemi taşlap gaýdym .....
Men barja pulym bilen dostymyňka geldim.
Ol öň hem bilýardi, biziň ýagdaýmyzy we öýiniň töründen oryn berdi
Olar söwdegärler maşgalasy bolansoň barlyja ýaşaýardy.
Men olarda bir hepde ,on gün bolup, olaryň söwda satygyna kömek etdim
Şol günlerde ýagny 2001 ýylda men dostymyň agasynyň kömegi bilen daşary ýurda gitdim
Ol taýda ýene olaryň kömegi bilen söwda işe baş goşdym, daşyndan maşyn oňardym.
Wagtyň geçmegi bilen özümi tutdym we şol ýerde arhitektor hünarini halamsoň, şol şaherdäki uniwersitetleriň birine gaýwana okuwa dokumentlerim tabşyrdym.
Okuwymdan daşary işledim
Öýe her gezek dostymyň agasy baranda jigime ejeme pul kömek berip başladym
Uniwersiteti tamanlap şol taýda galdym.Ýerli ors gyzy halaýardym, oňa öýlendim we hemişelik öýden, watandan uzakda galyberdim
Ýurdan gaýdanyma 13-14 ýyl bolyberipdi.
Üç çagam bardy. Gyzyma ejem adyn goýypdym. Ogulmaral, ýöne Ola diýýadik, ikinji gyzyma gyz jigim Näzikjanyň adyna ýakynlap Uzuk goýypdym, ýöne bärde Uny diýerdik Kiçi oglym bolsa Kakajandy.
Gelnim ors hem bolsa bar arzuwy Türkmenistany görmek we onyň güneşli howasynda güne ýanmak, güneşlemek diýip arzuw ederdi.
Men oňa irde giçde ýurda äkidip uýamy we ejem bilen tanyşdyrjaklygyma söz beripdim, emma kakamyň bize görkezen sütemlerin ol bilýardi we öý barada kän zat soramazdy
Meniň durmyşym oňat, Hudaýa şükur, işlerim hem gül ýaly gidip durdy.
Maňa duşan zenandan göwnüm hoşdy we ol çagalarma gowy ejedi
Günlerde bir gün jigim Näzik jaň etdi. Onyň bilen gepleşip bilmän aragatnaşyk ýitdi
Özüm yzyna aýlap jaň edemde diňe eşden ýeke sözüm, meniň depäme biri demir bilen uran ýaly boldym
Gyz jigim
-Mekan doganjygym öýe geläýdä, kakam ejemi öler ýaly urdy we ejem demini sanap ýatyr, diňe seni soraýar we jiglermi alyp gel, agtyklarym görmän ölsem armanly giderin diýýar, diýdi
Aragatnaşyk kesildi
Şol jaňdan soň men öýe sygmadym we gelnimi we çagalarym alyp işden zahmet rugsadyna çykyp, göni ýurda gaýdym
13-14 ýylyň dowamynda ýurdy tanar ýaly bolmandyr.
Telewizorda gören ýaly däldi.
Ol şeýle bir owadandy we göbek ganyň daman ýeriniň howasy hem bir başgady
Maşgalam bilen öýe geldim.
Ejem görgüli garrap gidipdir. Onyň 13-14 ýyl mundan öňki owadanlygyndan nyşan ýokdy. Durmyş adamy çalt garratýar ekeni.
Ejem zordan demini alyp çagalarym ýekänme ýekän-ýekän bagryna basdy
Gyz jigim Näzigiň hem iki çagasy bardy
Ol üç jaý aňyrymyzdaky goňşymyza durmyşa çykansoň ejeme,kakama seretmek üçin bir aýagy öýde eken
Egenjiklerim bilen tanyşdym, çagalarym ank tank bolup durdy, az kände turkmen dilini bilýardi, ýöne gyzgyn mähir berlip durka hiç hili dil hem dil bilmek hem hökman däldi
Ejemi hassahana ýerleşdirdim. Kakamyň ýogyna garaman ony hem hassahana ýerleşdirdim Kakam garrasa-da şol bolşy onyň içgisiz wagtyny görmek ýokdy
Lukmanlaryň çykaran netijesi boýunça kakamyň bagry dynypdy.
Ol hiç hili içgini agzyna almaly daldi.
Indi ýeke damja içaýse onyň janyna howp salardy
Ejemiň bolsa gün geldigje ýagdaýy gowlaşýardy
Bir gezek kakamy görmage baramda kakam maňa
— Mekanjan oglym sen meni bagyşla, şu içgä baş goşyp size hiç hili size mahir berip bilmedim, sen dogry etdiň, şonda menden gaçyp, bolmasa sen hem men ýaly bulaşyp giderdiň.
Bu içgä baş goşsaň soň yza ýol ýok, goýan hem bolýadym, ýöne ýene görsem içýardim
Ejeňe gün bermedim, onyň öňünde men günäli.
Näzigi bergim köp bolansoň, goňşyma berdim, ýöne nämede bolsa durmyşy gül ýaly boldy,agzybir ýaşaşyp ýörler,iki agtyk görkezdi ,seňkiler bilen bäş agtykly boldym
Oglym ejeňe seret, ol görgüliň men sebäpli gören zady ýok, jigiňe kömek et, goldap dur.
Men şeýdip ýörsemde bir okara nahary iki ýana gatnadardy, ejeňe, maňa serederdi..
Kakam gözüne ýaş aýlap geçen günler barada ötünç sorap aglady
Kakaň ýanyňda ejizläp dursa gaty erbet bolýan eken.
Men kakamy gujakladym we hiç hili ötünç sorarlyk zat ýok diýdim
Ol indi gaýdyp içmejekligin aýdyp maňa dukandan berzeňňi getirmegimi haýyş etdi
Men dukana gidip gelenim hem ýaňydyr welin kakamyň otagyna lukmanlar ulgaşlap girdiler.
Men elimdäki zatlary taşlap ylgap bardym. Görsem eýýäm kakam demsiz ýatyr,gözi açykdy

Wah kakamjan ýaňy bir düşünişip başladyk welin ol hem gysga ekeni.
Öz ýoluňy saýlap ötünç soradygyň boldymyka ýa!?
Kakam ýurdyn täzeledi
Kakamyň aşyn suwyn berip, hemme edilmeli aýat töwürleri etdik
Meniň zahmet rugsadym dynyp barýardy we biz gaýtmalydyk
Gyz jigim Näzik bir ýandan ,ejem bir ýandan ,çagalarmy gujaklap diňe yurda dolan diýip ýalwarýardy.
Gelnim hem hiç bärden gidesi gelmedi.
Ony jigim turkmen köýnek geýdirip, kellesine ýaglyk daňyp hakyky turkmen gelin edipdi
Özi akja bolansoň, turkmen gelin lybasy egnine gelşipjik durdy.
Ýöne biz dolanmalydyk.
Işe barmaly wagtym ýakyndy,we men olar bilen hoşlaşyp maşgalamy alyp gaýdym
Bärik gelen badymyza kiçi gyzym Uzukjan ýaraman gaty heläk boldy.
Ol ganymatlaşdygy men öýimi, dukanymy, maşynymy ,daçamy satyp işden çykyp göni öz ata watanyma gaýdym
Yurda gelip gelnimi öz ýakynjak mekdebimizde matematika mugallyma bolup işe ýerleşdirdim.
Özüm bolsa etrapda arhitektor bolup işe başladym
Ejemjanyň ýanyna geldik.
Maşgalamyz dolan ýaly boldy
Maşagalada ene ata bolmasa ol maşgala doly däldi, bir zady kem ýaly görünýardi
Indi ýagdaýmyz gowy, durmyşymyz-da öz akymy bilen barýar....

Meniň bu başdan geçirmäm, meniň ömrüm.
Bu ömri Alla berýar ,Allada alýar.
Berlen ömri nahili ulanmaly, ol bolsa diňe özümize bagly, onyň üçin bizde akyl, paýhas bar
Biz olary ýerbe ýerinde goýup öz ömrümizi dowam etmeli ......

Haýyş boýunça ýazyldy

Nowça

Edebiýat, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir