MASONLAR WE OLARYÑ GIZLIN GURAMALARY
Masonlar Ýewreýlige baryp direýän we olaryñ maksady ruhy we milli mukaddeslikleri ýok etmäge ýa-da bozmaga niýetlenen, ideallary gaty gizlin bolan açykdan-açyk hereket eden guramadyr.
Gadymy Müsürden alynan käbir nyşanlar bilen bir hatarda ýewreý taryhy we dini bilen hem baglanyşygy bolan gurama. 1877-nji ýylda Mason Lo£alary Umumy ýygnagynda agzalaryñ dini kitaplardan ant içmeleri däl-de namyslaryndan and içmeleri kararda aýdylypdyr.
1900-nji ýyllardaky bir ýygnakdaky karara görä bolsa bu 102-nji sahypasyndaky ýygnagyñ ýazgy depderinde şeýle diýilýär: ''Dindarlara we ybadathanalardan üstün gelmek mümkin däldir, asyl maksadymyz dinleri ýok etmekdir''. Olaryñ şu idealary kommunist bolup, kapitalistik ýurtlarda kapitalist bolup işläpdirler.
Masonlar Yslamyýeti mason lo£alarynyñ isleglerine görä özlerine uýgun edip düşündirişli dini kitaplary, Kurany kerim teswirlerini, Ylmyhallary ýazdyryşlary, bu ýazan kişileri ''uly yslam alymy, mujdehid, mujeddid'' ýaly atlardan peýdalanyp musulmanlary hakyky yslamyýetden uzaklaşdyrmaga çalyşýarlar. Meselem Müsürde J. Efgani, Les Franco-Maçons kitabynda bulary öwmek bilen 127-nji sahypasynda (Müsürde gurlan Mason lo£alarynyñ başynda J. Efgani we ondan soñra M. Abdullah getirildi diýilýär. Bu üç mason bilen peşkalar, mezhepleri ýykmak üçin wajyp işleri edendikleri bellenilýär. F. Bilgiler kitabynda (Hindistandaky din reformaçylardan, iñlis içalysy Mewdudi Şwesiýa masonydyr) aýdylyp geçilýär (Türkmençe şol adamyñ dini kitaplary hem bar, gaty seresap bolmak gerekdir. Ýatda saklañ: Awtory Mewdudi)
Osmanly Taryhynda hem Musa Kasym we Ürgüpli Mustapa Haýry ýaly masonlary Şeýhulyslam (ýurduñ müftüsi - dini lideri) edip bularyñ üsti bilen dinde reforma etmäge çalyşanlardyr. Bular: ''Diş plombasy gusuly bozanok'' diýenlerdir.
Masonlygyñ gizlin prinsipleri gysgaça şulardan ybarat:
Masonlyk özüni her ýerde aýan edip, hemme zada eýe bolmakdan ybarat.
Iñ tanymal massonlyk kluplary ýa-da lo£alary, Rotary we Lionsdyr. Baý-gurply, döwlet adamlart, ylymly-bilimli adamlary ýaly şöhratly we abraýly adamlary massonlyk özüne agza kabul edip alýar.
Zenan-erkek deñ hukuklygy dünýä ýüzünde kabul edilip başlanan wagtyndan bäri olar olar hergiz haýsydyr bir zenany massonlyga kabul edip almandyrlar. Ýöne soñky wagtlarda özlerini gizlin saklamak üçin gelin-gyzlary hem işe almaga başlapdyrlar.
Bu zenanlar ýöne, guramanyñ içindäki bolýan gizlin ýygnaklardan habarlary ýokdur.
Olaryñ statusynda: ''Hemmämiz bütin güýjümiz bilen azatlyga bolan ynamy dünýä ýüzüne ýaýmakdan we lo£alarymyzyñ kararlaryny döwletlere aýan etmekden ybarat. Din doganlygyny ýok edip, munuñ ýerine mason doganlygyny getirmelidiris. Dinleri ýok etmekden ybarat bolan bu mukaddes maksadymyza, şu ýagdaýda gowşup bileris''.
Masonlar gizlin maksatlaryny gizlemek üçin ''Biz Allaha ynanýarys'' diýýändirler. Aslynda olar Barlygy döreden Tebigat diýip düşünýärler. - Tebigat bolsa Älemiñ uly arhitektory - diýýärler. [Dr. Selami Işındağ. 30. D. Ritüelinin Tetkiki, Gün Matbaası. 1966. s.41-54].
Häzir bolsa ösen ýurtlardan başlap yza galak döwletlere çenli ýeke täk ýörgünli ylymly ýörelge Ç. Darwiniñ ýoludyr, emma serkew (ybadathana) ýok bolmady, başga dinler hem ýörgünli bolup galdy. Entägem Adam ata bilen How ene rowaýaty öwredilýär [Mimar Sinan £urnaly. 1980. sah-38. s.18].
Görnüşi ýaly dinler entegem ýok edilmedi. ''Men musulman'' diýen adam, masonlary hergiz öwýän däldirler. Olara dindar diýmez.
www.ertir.com arhiwi.