«PSŽ» soňky minutlarda Çempionlar ligasynyň ýarym finalyna çykdy
Düýn Lissabonda Çempionlar ligasynyň «Sekizleriň finaly» başlandy. Munda çärýek final tapgyryndan başlap, her gapma-garşylygyň ýeňijisi bir oýunda kesgitlenilýär.

Birinji çärýek final duşuşygynda «Atalanta» oýnuň 26-njy minudynda Paşaliçiň geçiren goly bilen duşuşygyň iň soňky minutlaryna çenli «PSŽ-den» öňde barýardy. Ýöne parižliler oýny öz peýdasyna tamamlamagy başardy. Tomas Tuheliň şägirtleri oýnuň 90-njy minudynda hasaby deňledi, soňra goşmaça wagtyň üçünji minudynda ýeňiş goluny geçirip, oýnuň netijesini doly kesgitledi. Netijede, oýun 2:1 hasabynda parižliler ýeňşi bilen tamamlandy. Ýeňijilerden gollary Markinýos we Çupo-Moting öz adyna ýazdyrdylar. Gollara degişlilikde Neýmar we Mbappe assist kömegini berdiler.

«Diýseň ajaýyp agşam. Bize juda kyn boldy. «Atalanta» hakykatdanam gowy topar. Umuman aýdanymyzda, gowy oýun boldy. Indi bolsa dynç almak gerek - men gaty ýadadym, ýöne ýeňenimize juda begenýärin» - diýip, «PSŽ-niň» hüjümçisi Neýmar oýundan soň Match teleýaýlymyna beren interwýusynda aýtdy.
«PSŽ» 1995-nji ýyldan bäri ilkinji gezek ýaryşyň ýarym finalyna çykdy, şol ýylda ol bu tapgyrda Italiýanyň ýene bir topary - «Milandan» utulypdy (0: 1, 0: 2).

Sport, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir