Söýgi hekaýajyklaryn her gije, ýatynça okap ýören Aýna, şol wakalaryň içine girip gidenini duýmaýardy.
Ol söýgi hekaýalarny, durmyşy wakalary okamagy gaty gowy görýärdi.
Her bir gelýän gazet jurnallaryň ilki bilen iň soňky sahypasyndaky söýgi hekaýalaryn okamak üçin howlukýardy.
Her dördünji gün radioda berilýän aýdym sazly söýgi oýunyny sypdyrman diňleýärdi.
Ol öz klasdaşlary ýaly ýokary okuw jaýyna girip okamak ýa synanyşyp bagtyn barlamak hatda arzuwynda-da ýokdy.
Ol yokary okuw jaýyna girmek üçin ummasyz pulyň güýji bilen geçip gelýäler diýip düşünerdi
Maňlaý, nesibe diýen zada asylha ynanmazdy
Aýna orta mekdebi gutaryp şäherdäki kakasynyň aýal doganynyň öýine gezmäge gitdi. Ejekesi jigisiniň kitaplara bolan höwesini görüp yokary okuw jaýyna synanyşmaýanyna gynandy we bir gün ol
—Aýna, sen bizde bol, ýanymyzdaky mugallymçylyk instituty hem daş däl, sen şonyň edebiýat fakultetinine dokumentleriň tabşyr, ýa pelek Alla biziňkilik bolaýýadyda.
Kakaňa özüm aýdaryn, diýdi
-Ejeke men taýýar däl ahyry diýdi
-taýýarlanmaga wagt bar, öziňe ynan hemme zat gowy bolar:- diýdi
Şol günden soň taýýarlanyp ilkinji synaga gorkyp gorkyp girdi
Bärde zehinli oglan gyzlary görüp, öz mekdebiniň gyz oglanlarynyň synaşmaga gelmediklerine gynandy
Şunça oglan gyzyň içinde ýekeje öz okan mekdebiniň ne oglanyna ne-de gyzynada gözi düşmedi
Birinji synagda onyň gapdaljygynda Guşgydan bir gyz oturdy. Ol gyz çalasyn dan, gaty çalasyn hereket edip alyp yolyp barýardy.
Ekzamen alyp oturan mugallym bir sebäp bilen daş çykanda, ol gyz Aýna
-kagyzyň ýüzüne seredip oturma uzat bärik diýip öz biletin Aýna berdide, onyňkyny özi aldy. Mugallym içeri girýänçä ony işläp Aýna berdi. Mugallym gelen dessine ol gyz taýýar men diýip biletiniň soraglaryna jogap berip çykyp gitdi
Aýna ne ony tanady ne-de adyn sorady. Soramaga wagt hem ýokdy
Birinji synagyndan üstünlikli geçdi
Ikinji üçinji synaglary hem Allajanyň gudraty bilen öz bilýänje soraglary düşdi
Ekzamen dosgasynda öz adyn okanda Aýna hiç hili gözüne ynanmady, seredip durdy, seredip durdy, gaýtalap gaýtalap okady.
Ol barmana:
— a gyz jora bizem okaly diýip bir tanyş gyzyň sesine yzyna öwrülenini duýman galdy
Yzyna seretse şol synagda kömek eden gyz ýylgyryp durdy. Ol Aýnany gujaklap
—uraaaa talyp boldyk, diýip gujaklady
Aýna ol gyzy gujaklap hem aglaýardy hem-de ýylgyrýardy
Ol gyzyň eden kömegi bolmasa häzir Aýna bu ýerde durmazdy. Talyp diýen belent ada mynasyp bolmazdy, sebäbi şol birinji synagdaky iki soragy Aýna bilmän durdy, hiç ýadyna salyp bilmedi, ol soraglaryň jogabyn bilýärdi, howsalaly bolansoň ýöne ýadyna düşürip bilmedi
Aýna göz ýaşyn süpürüp
-Men Aýna Änew şäherçesinden
-Men Gülaýym Guşgydan ýagny Serhetabatdan
Indi ikimiz hem bir fakultetiniň talyby boldyk jora bolarys, diýdi
Aýna ýylgyrdy we Gülaýym bilen umumy ene atalar ýygnak geçiriljek zala ýörediler...
Awtordan :
Gutlaýan Aýna, Gülaýym
Okuwňyzda uly üstünlikler, janyňyz sag bolup, abraý bilen bilen sag aman dynyp, iliň güniň halaýan ýokary kategoriýaly mugallymlaryň hatarynda adyňyz tutylsyn
~~~soňy ~~~
Nowça
yashalym 4 years ago- Gulaýýym, Aýna size durmuşda uly üstünlikleri arzuw edýärin! Sag-aman okuwynyzy tamamlaň!🌹