GURBANLYK
Ýatan otagymda gözümi açanymda, beýnimiñ häzirem uklap ýatandygyny we göz öñümde gaýmalap giden elhençligiñ üstüme çöküşini duýmagym uzak dowam etmedi. Tüm-garañky otagda el-aýagym zynjyrlanyp, göýä özüme näme boljagyny bilmän, indem kimdir birine garaşýan adam ýaly gymyldaman ýatyrdym. Ýanymdan deger-degmez süýkenip gybyrt geçip giden tüýli jandaram meni ýerimden gozgamady. Ýogsa-da men tüýli jandarlara barmagymy batyrmasam näme. Her näme-de bolsa bärde gorkuzylmak üçin saklanylmaýanymy anyk bilýärin. Şonuñ üçinem sesimi çykarman gymyldysyz halda tä bir ýerlerden ses-seda eşidilýänçä dyzyma ýaplanyp oturmagymy dowam etdim.
Aýak sesi eşidildi. Düýrmegim bilen gulaga öwrülup garañkynyñ içinde maña tarap gelýän adama garaşdym. Aýak sesi barha golaýlaşdy. Gözüm garañkylyga öwrenşendigi üçin heniz ýanyma golaýlaşmanka aýagyny bat bilen ýere uruşyndan onuñ adamdygyny añdym. Gelýäniñ oturan ýerim ýaly gap-garañky eşiklerini görmegim uzak dowam etmedi. Ýalñyşman ekenim. Garşyma dikilen adamyñ boýy men ýerde oturanyma-my näme, alnymda äpet döw bar ýalydy. Ses-sedasyz göni garşyma gelip duran adamyñ bir zat diýerine garaşsamam, ondan ses-üýn çykmady. Dymyşlyk bir salym dowam etdi. Soñra ol garañkylyga siñip gitdi. Näme üçindigini bilemok, uludan bir demimi aldym. Onuñ gepläninden dymany ýegdi. Eger ol geplese näme diýjegini bilýärdim. Az mahal öñ aýagyma süýkenip giden tüýli jandar indi geldi-de, dyzymyñ üstünde goýan elime süýkendi. Elimi gymyldadanymda goşarlaryma urulan zynjyryñ sesi hoñkaryp duran garañkylygyñ içinde ýañlanyp gitse-de, sesimi çykarman oñdum. Zynjyr urulan elimi agzymyñ deñine ýetirip, barmaklarymy dişlerimiñ arasyna salyp, mäkäm dişledim. Ganyñ tagamyny alyp ýürek urşum çaltlandy. Men bu tagamy gowy görýän ahyryn. Barmagymy sorup durkamam oýlanyp başladym. Nähili ýagdaýdadygyny bilmesemem, kimdir biriniñ meni synlap durandygyny añdym. Olar meniñ näme edýänimi bilmek üçin şu ýere getiripdiler. Men olar bilen nähili ýagdaýda bolanda-da gürleşmekçi däldim. Garabasmalarymyñ daşynda meniñ barlygymdan bihabarlar indi meni ele salmak üçin her ýola baş urýarlardy. A men bolsa haçan-da bir zady niýetime düwsem, bu niýetimiñ yzynda soñuna çenli durup biljek derejede erjellige eýedim. Käşgä garabasmalarym dowam eden bolsa bolmaýamy. Meni synlap duranlary lapykeçlige salmak üçin elimden näme gelse etmäge taýýardym. Her niçigem bolsa ýatan ýerimden turup, el-ýüzümi ýuwmalydym we ertirlik edinmelidim. Garabasmalarymda gap-gara eşige bürenenler bärde ak eşige girerdiler. Her gezek otagyna gelenlerinde mähir doly gözlerini balkyldadyp, meni gepletmäge çalyşardylar. Olar maña nätanyş bolandygy üçin hiç zat geplemeýärdim. Onsoñam näme üçin geplemelimişim? Heý, adamam bir kesekiler bilen gepleşermi? Eger ejem bu häsiýetimi görse begenip ökjesi ýere degmezdi pahyryñ. Sebäbi ol maña çagakam şol bir sözi gaýtaladardy we meni mazaly ýadadardy. Gynansak-da, ol indi bärik gelip bilmez. Onuñ pany dünýäni terk edenine gaty kän wagt geçendir. Öz-özümden "ýoklugyny duýýañmy?" diýip öwran-öwran sorasamam, jogap üýtgemeýär. Duýamok!
Ol meniñ çagakam aýdanlarymy duýdumy näme, men onuñ aýdanlaryny duýar ýaly. Haçan-da kakam ejemi urup başlanda, men bir burça gysylyp, ejemiñ kakama el gaýtarmagyna garaşýardym. Ejem bolsa näme sebäp bilen urulsa-da, mydama meni bahanalardy. Nämemişin: kakamyñ egin-eşigini meni okadandygy sebäpli ütükläp ýetişmänmiş, nahary maña esewan edendigi üçin bişirip bilmänmiş, geýim-gejimler mekdebe ene-atalar ýygnagyna gidendigi üçin öýüñ içinde dagap ýatanmyş. Ejem näme bahana tapsa tapsyn, kakam oña bolan gaharyny menden çykarjak bolup üstüme gaýdanda, her gezek gorkudan ýaña balagyma siýerdim, ýok bolup gitmegi dileg ederdim, bir gysym bolup gysylyp duran burçumda hasam kiçelmegimi isleýärdim. Ýöne bularyñ hiç birisi bolmazdy. Kakam sessiz burça gysyldygymça-da, meniñ depämden küdüñ ýaly ýumrugyny inderer durardy. Köplenç aglamajak bolardym, ýöne oñarmazdym. Saçymyñ düýplerine çenli syzlaşýan yza uklamagyma päsgel berip bilmezdi. Duran ýerimde ýatyp galardym. Ýüz-gözümiñ sypjyryklaryny piserdip ikinji klasa gidenimde, bir gün mugallymym sugşurýan ýalanlaryma ynanman meni lukmana äkitdi we ondan urulanlygym barada güwänama aldy. Öýe gelen del adamlar ene-atam bilen gürleşip, şeýle ýagdaý ýene bir gezek gaýtalansa, meni ellerinden alyp çagalar öýüne ýerleşdirjekdiklerini duýdurdylar. Olar gidenden soñ iýen kötegim añymyñ üýtgemegine getirdi. Mundan beýläk men sähel zada gynanç bildirip duran adama öwrüldim. Mekdepden galanym üçin mugallymym polisiýada işleýän aýalyny yzyna tirkäp gelende, ejem gorkusyna gapyny açdy...
Şol Gurban baýramy gününden bäri hem çagalar öýündäki duýgudan mahrum we perwaýsyz durmuşym başlandy. Ene-atam meni gurban edipdiler. Men bu Gurban baýramyny ömrümiñ ahyryna çenli ýatdan çykarmaryn. Ýatdan çykarmajagyma-da şol gün ant içipdim. Rast, men gurban edildimmi, olaram gurban edilmelidi! Çagalar öýüne-de öwrenşip bilmedim. Çagalaram kändi. Ol ýerde iýýän köteklerim kakamdan iýýänlerim ýaly gorkunç däldi. Ýa-da men taýaga werziş bolupdyryn. Sapaga ýetişigimem pesdi. Maña degmeseler, meniñem il bilen işim ýokdy. Gijelerine ýatakhanada çagalar ejelerini ýatlap aglasalar, olary öldüräýesim gelýärdi. Olary nähili ýagdaýda öldürjegimi, näme etjegimi birnäçe günläp oýlanyp-biçerdim. Soñra edýän pikirimi çig hasaplap, goýbolsun edýärdim.
Her gün diýen ýaly bu barada pikirlenip, olary gurbanlyk mal kimin kesişimi göz öñüne getirýärdim. Edýän pikirimdenem birtüýsli lezzet alardym.
Ganyñ reñki we gurluşy meniñ üçin adatdan daşary bir zatdy. Onuñ damarymyzda at salmasyna hiç akyl ýetirip bilmezdim. Käte barmagymy sapak gidip durka skrepka bilen ýa-da naharhanada nahar iýip durka çarşagyñ ujy bilen deşip, ganyñ tagamy meni bimar edip taşlaýança sagatlap gan emerdim. Meñ şu gylygym kän ýyla gitdi. Ýañy 18-i dolduranynymyzdanam, çykardylar-da köçä okladylar.
Şol gün çagalar öýünde ulalan ýaşajyk gyz näme etmelidigi hakynda pikirlenýärkä, meniñ çagalar öýüne gelip giden kompýuterçi oglanyñ özüm bilen gyzyklanýandygy bilenem, asla hiç zat bilenem ugrum bolmady. Çagalar öýünden daşary çykan badyma Jengiz atly çaganyñ we onuñ ejesiniñ maña garaşyp durandygyny görüp, içimde olara dörän duşmançylygymy zor bilen basyp, ýanlaryna bardym. Mundan beýläk olaryñ başyna musallat bolup injek günlerim başlanýardy. Olar başlaryna mugtja bela satyn alandyklaryny nirden bilsinler.
Şol wagtlar meni ýeke gün ýeke pursat ýatlaryna salmaýan ene-atamy tapmak hakynda pikir edipdim. Jengiziñ kömegi bilen çörek bişirilýän ýerde işläp başladym. Gazanan puluma ilki bilen el telefony satyn aldym we ýadymda galan öý telefonymyza til kakdym.
Ejemiñ sesini eşidip-eşitmänkä telefony goýup, bolýan şäherimden çykyp dogduk şäherime tarap ýola düşdüm. Jengize-de düýbünden başga bir şäheriñ adyny berip, ene-atamy gözlemäge barýan diýip aldadym.
Iki gün çemesi ýol ýöredim. Säher çagy çagalyk döwrümiñ ilkinji ýyllarynyñ geçen ýerine - öýmüziñ golaýyna geldim. Bir agajyñ aşagynda birnäçe sagatlap ejemiñ daşaryk çykmagyna garaşdym. Onuñ bilen baglanyşykly ähli ýatlamalarymy ýadymdan çykaryp zyñypdym.
Öýmüziñ ýerleşýän raýonynda täze-täze binalar gurlupdyr. Ýöne bazara gatnalýan ýol şol bir ýaramazlygy bilen öñki ýerinde durdy.
Ejem kakamyñ iş ýerine yzyndan gidende bu ýoldan gatnaýandygyny bilýärdim. Şu pikir bilen ony yzarladym. Soñam gelşim ýaly Jengiziñ ýaşaýan şäherine dolandym. Jengiziñ ejesi meni çäksiz mähir-şepagat bilen garşy alanam bolsa, ejeli-ogluñ meni halamaýandygyny bilýärdim. Ýöne olardan çykyp gitjek ýerim we tanaýan adamym ýokdy. Juda zerur bolmasa geplemeýärdim. Tutuş bir günüñ dowamynda agzymdan çykan söz dört-bäşden sözden köp bolmazdy. Jengiz we onuñ ejesi meniñ bu bolşuma öwrenşipdiler. Men öz-özüm bilen gepleşmegi halaýardym. Adam ilki özüne gulak goýmaly!
Gulak goýup özüniñ näme isleýänini bilmeli. Indi men näme isläp nämäni islemeýänimi-de bilemokdym. Bu öýden çykyp gitmek islesem-de, nämedir bir sebäp bilen gidip bilemokdym. Işleýän ýerimdäki iki işdeşimem meniñ dymmalygyma öwrenşipdiler. Olar maña söz gatmaýardylar, öz aralarynda pyşyrdaşyp gürleşäýýädiler. Menem olary piñime-de alyp durmazdym, olar meniñ üçin ýok hasabyndady.
Şol hepde gazetleri aýratyn gyzyklanma bilen yzarladym. Munuñ özüne ýetik bir sebäbi bardy. Yzyma gelen günümiñ ertesi gazetlerde ejemiñ kiçeñräk suraty bilen birlikde, ullakan harplar bilen ýazylan ýazgyny görenimde ömrümde ilkinji gezek özümi bagtyýar we erkana duýdum. Habary ýazan žurnalist wezipesini artygy bilen ýerine ýetiripdi. Ejemiñ her gün gatnaýan ýolunda agyr jenaýat bolupdyr, jenaýatkärden bolsa ne yz bar, ne nyşan...
Ejemiñ jesedini tokaýda - daş-töweregi gür agaçlar bilen gurşalan köpriniñ üstünde damagy çalynan ýagdaýda tapypdyrlar.
Bu wakadan iki ýyl geçensoñ Jengize durmuşa çykdym. Muña nämäniñ iterendigini bilmesemem, içimden gelen ses eden ýagşylygyny ýerine salmak üçin oña durmuşa çykandygymy aýdýardy. Ýogsam bolmasa men ýagşylyk etmegi bilmesem näme. Meniñ gözümi açyp görenim ýigrenç we kötek. Başga bilýän zadym ýok. Belki şondandyr, Jengiziñ maña aýdýan hiç bir hoşamaý sözi, hiç bir goşgusy ýüregimi ýumşatmady. Ol meniñ tenimi sypalap başlanda we jynsy islegimi hoşnut etmäge jan edende, bu duýgularyñ meniñ üçin hiç hili arzysynyñ ýokdugyny görýärdim. Men diñe bir gezek hoşnut bolupdym. Olam ejemiñ damagyny çalan günümdi. Şol günki alan lezzetimi maña ne-hä jynsy gatnaşygyñ lezzeti, ne-de gury hoşamaý sözler berip biler. Elýaglykly elimi onuñ ganyna batyryp agzyma salanymda, çagalyk ýyllarymyñ ähli mähirsizliginiñ mährini duýan ýaly boldum.
Indiki nobat kakamyñkydy. Emma aradan birnäçe ýyl geçmelidi...
Bir gün irden ýüregim bulaşyp turdum. Gusup başlamsoñ hassahana ýüz tutmaga mejbur boldum. Lukmanlar göwrelidigimi aýtdylar. Içigar galmyş. Men saglyk öýünden çagam bolaýmasyn diýip öñüni alyş çäresini hem alypdym ahbetin! Bu şatlykly habara Jengiz bilen ejesi begenseler-de, men çagany dogurmazlyk üçin näme etmelidigini oýlanýardym. Çaga dogurmakdan heniz irdigini aýdanymda, Jengiz ilki goh galdyrdy, soñra maña topulyp, çalarak kakyş-kukyş etdi. Onuñ galmagalyny goñşy-golamlaryñ eşitmedigi galmady. Ol eger çaga bir zat bolaýan ýagdaýynda iñ ýowuz ölümi başyma saljaklygyny aýdyp, meni durmuşynda ýok ýaly hasaplap başlady.
Men bolsa işleýän ýerimde unly haltalary göterip, öýde hiç kim ýok wagty diwanlary galdyryp göwrämdäki çagany düşürmäge çytraşýardym. Näçe jan etsemem biderek boldy. Çaga dogmaga sanlyja günler galsa-da, men häzirem bu çaganyñ dogmaly däldigine bolan ynanjymy ýitirmän sakladym. Ýöne çaga dünýä indi. Çagajyk gyzjagazdy. Onuñ dünýä inen ilkinji gününde onda öz ejizligimi gördüm. Geñ galaýmaly, mende çaga bolan jinnek ýaly duýgy ýokdy. Ol bolsa içiñi ýakaýyn diýen ýaly garaja gözlerini maña dikip, pis-pis seredýärdi. Lukman ony emdirmek gerekdigini aýdanda, men beýläme öwrülip ýatdym. Allajanlarym, bu niçiksi bäbek?! Ol hiç aglamaýardy. Ýa olam ejesi ýaly dymmalygyñ iñ uly sesligini biläýdimikä?
Jengiz bilen ejesi gelende lukman öýe gidibermelidigini aýtdy. Maña nämedir bir zatlar diýişdirdi.
Gurban baýramynyñ gelmegine ýene iki gün galypdy. Jengiziñ ökjesi ýere degenokdy. Öýe barýarkak onuñ maña oklan hoşamaý sözi işdämiñ tutulmagyna sebäp boldy. Doglan bäbejik gyzjagaz bolany üçin hiç kim gurban etmänkä, ony özüm gurban etmelidim...
Otagymyñ gapysy açylanda, gymyldaman ýatan ýerimden garaşmagymy dowam etdim. Gelen ak halatlylaryñ ýanynda duran gara eşikli adam maña birnäçe soragynyñ bardygyny aýtsa-da, ony diñlemezligi niýetune düwdüm. Emma onuñ:
- Ertir haýsy gün bilýämiñ? - diýen sözüne biygtyýar başymy galdyrdym. Dañylgy durandygym üçin oñly hereket edip bilemokdym. Gara geýimli adam hereketlenenimi duýupdy. Şunça günläp onuñ bilen ýeke agyz söz gürleşmändim. Ýöne bu gün oña garşylyk berdim, ol bolsa bu mümkinçiligi sypdyrmady.
- Gurban baýramy! - Ol bu sözi diýende, üstüme abanyp duran ýerinden göni gözümiñ içine seretdi: - Gurbanlyk kesmegi halaýanyñy bilýärin. Eger maña we gyzyña näme edendigiñi aýtsañ, saña bu babatda kömek edip bilerin.
Ol muny aýdanda burnuma ganyñ ysy, agzyma-da tagamy gelen ýaly boldy.
- Gurbanlyk kesmäge rugsat berjekmi?
- Eger soragyma dogry jogap berseñ, rugsat berjek. Gurbanlygyñ näme edilýänini bir bilýämiñ özi?
Men gülmäge başladym. Ullakan adam gurbanlygyñ näme edilýänini şu wagta deñeç öwrenmändir.
- Bilemok. Bu meselede seniñ kömek bereriñe garaşýaryn.
- Gurbanlyk paýlanylýar. Adam gurbanlyk edende ony paýlaýar. Halamaýan ýerlerini bolsa ýere gömýär.
- Ýeri, sen iñ soñky gezek haçan gurbanlyk etdiñ?
- Geçen Gurban baýramynda.
- O gurbanlygy kimlere paýladyñ we halamadyk bölekleriñi nirä gömdüñ?
- Aýdyp biljek däl. Heý, adamam eden gurbanlygyny kime paýlanyny aýdarmy?
- Elbetde, aýdar. Seret, eger aýtsañ ertir eden gurbanlygyñy ikimiz bile paýlarys, bolmazmy?
Mundan soñ oña diýýämisiñem diýmedim. Başga biri gepläp dursa, öz-özüm bilen gürleşip bilemok. Şonuñ üçin dymdym. Gülmämi-de tapba kesdim. Ýatan ýerimde eýläk-beýläk bulandym. Gara geýimli bolsa häzirem nazaryny menden aýyranokdy. Ol elimden tutup:
- Seret, soragyma dogry jogap berseñ, ertir saña şu taýdaky gurbanlyklardan kimi isleseñ, şonam getirip bereýin. Gürleşdikmi?
Göwräm galpyldamaga başlady.
- Pyçagym ýok ahyryn!
- Sen gaýgy etme. Men pyçagam getirip bererin.
- Onda maña dowamly sanjym eden gyz bar-a? Şony getirip ber. Ol diýseñ gowy gurbanlyk bolar. Özem maña ýöne gygyryp ýör. Aşagymy ölleýänem welin, urup başlaýar. Kakamyñ meni köp urýandygyny bilýädiñmi? Ejemem oña tomaşa edýärdi. Meni goramaýardy. Eger gorajak bolsa kakam onam urardy. Hem senem her gün garabasma ýaly üstümi basyp meni synlaýarsyñ. Maña gurbanlyk getirip berjegiñi aýdan bolsadyñ, saña has öñ bu zatlary aýdyp bererdim.
Gaýtadan gülmäge başladym. Dilim bilen saçymy ýolmalap, agzymda gan bar ýaly sokjamaga başladym. Ol adam henizem meni synlap durdy.
- Seret, sen häzirem gyzyña näme edendigiñi aýtmadyñ. Hany, maña kömek et. Sen kömek et, men bolsa ertirki gurbanlygymyz üçin ýer taýynlaýyn, kime paýlajagymyzy oýlanyp, taýýarlygymyzy göreýin.
- Onuñ damagyny çalyp, derisini soýdum. Entek kinniwanja bolany üçin eti kän çykmady. Aý, zyýany ýok, şonda-da gurbanlyga ýarady. Kakamyñ ýaşaýan raýonyna äkidip, gaýraky köçesinde ýaşaýan iki sany garyp goñşusyna berdim.
Ellerim gurşup, gaýtadan ganyñ ysyny almaga başladym. Ol adam bolsa maña tüýsli-tüýsli bakýardy.
- Halamadyk ýerleriñi näme etdiñ?
- Ejemiñ gurbanlyk edilen tokaýyndaky köpriniñ aşagynda gömdüm.
- Ýagny, ejeñi hem gyzyñy öldüripsiñ-dä, şeýlemi?
- Ýok, öldüremok! Olary gurbanlyk etdim. Gurban baýramynda adam hökman gurbanlyk etmeli. Menem olary etdim. Alla kabul etsin!
Bu sözümden soñ ol adam çykyp gitdi.
Ak eşikli aýal bolsa maña bakyp:
- Heýem, adam öz balasyny gurbanlyk edermi? - diýdi. Men:
- Meni-de edipdiler. Özem men olary hakykatdanam gurbanlyk etdim. Ene-atam bolsa meni öz elleri bilen gurbanlyk etdi, özem janym sagka başgalaryna paýlady. Ýeri, indi sen aýt, olarmy gassapmy ýa men gassap? - diýdim-de, tä çykyp giden adam söz beren gurbanlygymy getirýänçä diñe öz-özüm bilen gürleşmegi netime düwdüm.
Meni wagtynda hiç kim diñlemändi. Indi meniñ olary diñläsim gelenokdy. Häzir bolsa maña gözümi süzüp, garabasmalarymdaky gan ysyny almak üçin uklamak gerekdi...
Terjime eden: Has TÜRKMEN.
Rakuten 4 years ago- Kitapcy.com saytynda bar eken