Alymlar koronawirusa garşy has güýçli antibedenjikleriň toplumyny ýüze çykardylar
Amerikan alymlary täze görnüşli koronawirusa garşy ýokanjyň başlangyç tapgyrlarynda näsagyň ýagdaýyny düýpli gowulandyrmaga, şeýle hem keselleme howpunyň öňüni almaga ukyply bolan antibedenjikleriň toplumyny ýüze çykardylar. Degişli beýannama Nýu-Ýorkdaky Kolumbiýa uniwersitetiniň ýanyndaky Irwing lukmançylyk merkeziniň (CUIMC) saýtynda neşir edildi. Bu barada ТАSS habar berýär.
Habarda bellenilişi ýaly, alymlar COVID-19 keselli birnäçe näsaglar bilen işlänlerinde, olaryň aýtmagyna görä, häzirki wagta çenli koronawirus bilen göreşde has täsirli bolan antibedenjikleri ýüze çykarmagy başardylar.
“Biz agyr ýagdaýdaky näsaglar has uzak wagtyň dowamynda wirus bölejikleriniň aşa köp mukdarynyň täsirine sezewar bolup, öz gezeginde, bu olaryň immun ulgamynyň has güýçli jogap reaksiýasyny döretmegine mümkinçilik berdi diýip hasaplaýarys” — diýip, barlag işiniň ýolbaşçysy, Kolumbiýa uniwersitetiniň lukmançylyk professory Dewid Ho belleýär.
CUIMC hünärmenleriniň tassyklamagyna görä, derman senagaty kompaniýalary bu antibedenjikleri “köp mukdarda” derman görnüşinde öndürip biler. Alymlaryň tassyklamagyna görä, alnan dermany “näsaglary, esasanam, keseliň başlangyç tapgyryndaky näsaglary bejermek üçin” hem-de “keseliň öňüni almak, şol sanda garry adamlarda-da öňüni almak üçin” ulanyp bolar.
Şunuň bilen birlikde, alymlar antibedenjikleriň esasynda dermany döretmeklik sanjymyň ýa-da adaty dermanyň döredilmegine garanda az wagt alýandygyny belleýärler. Maglumatda häzirki wagta çenli antibedenjikleriň netijeliligi haýwanlarda geçirilen synaglar bilen tassyklanyldy. Bu synaglar mundan beýläk hem dowam eder. Soňlugy bilen synaglar adamlarda geçiriler.