Täjigistan pandemiýa döwründe Gurban baýramyny nädip bellejekdigini kesgitledi
Musulmançylykda iň esasy baýram hasaplanylýan Gurban baýramyna az wagt galdy. Koronawirus pandemiýasy döwründe ýüzlerçe müň adamyň gatnaşýan baýramçylygyny belläp geçmek diňe bir şatlyk däl, eýsem, belli bir derejede alada hem döredýär. Adamlary koronawirus howpuna salman baýramy nädip bellemeli?
ORIENT-iň Sputnik agentligine salgylanyp habar bermegine görä, Täjigistan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda bu barada karara gelen ilkinji ýurt boldy. Habar gullugy Täjigistan Yslam Merkeziniň Ulema Geňeşiniň başlygy Saidmukarram Abdulkodirzodanyň ýurtda Gurban baýramynyň belleniljek senesini resmi taýdan yglan edendigini habar berdi. Onuň sözlerine görä, baýramçylyk şu ýyl 31-nji iýulda – anna güni belleniler.
Abdulkodirzodanyň aýtmagyna görä, Gurban baýramynda köpçülikleýin namaz okalmaz, adamlar bu dessury öýlerinde berjaý edip bilerler. Şeýle hem ol koronawirusa garşy göreşmek boýunça respublikan ştab-kwartirasynyň karary bilen, Täjigistanda adamlaryň üýşmeginiň we köpçülikleýin doga-dilegleriň gadagan edilendigini ýatlatdy.
«Häzirki wagtda dünýäde koronawirus pandemiýasy netijesinde adatdan daşary ýagdaýyň dowam edýändigi sebäpli metjitler ýapyldy. Bu ýagdaýda yslam kanunlarynda dindarlaryň namazy öýlerinde okap biljekdigi göz öňünde tutulýar» – diýip, geňeşiň başlygy aýtdy.
Abdulkodirzoda şu ýyl namazyň bolmazlygy sebäpli gurban kesmegiň gijiräk – günüň ikinji ýarymynda berjaý edilip bilinjekdigini aýtdy. Ol gurbanlygy, öňküsi ýaly, Gün dogandan bir sagat soň hem amala aşyryp boljakdygyny, ýöne günortadan bir sagat soň etseň has gowudygyny aýtdy.
Yslam dininiň umumylygyna garamazdan, ähli musulman halklary Gurban baýramyny birmeňzeş bellemeýärler. Türkmenistanda bu baýramçylyk üç günläp dowam edýän uly göwrümli dabaralara beslenýär. Ýöne bu ýyl Gurban baýramynyň ýurtda kiçi möçberde belleniljekdigi öz-özünden düşnüklidir. Şeýle hem Türkmenistan ýokanç keselleriň öňüni almak üçin zerur bolan çäklendiriji öňüni alyş çärelerini gördi. Türkmenistanyň we sebitiň beýleki ýurtlarynyň esasy musulman baýramyny nähili bellejekdigi bolsa ýakyn günlerde belli bolar.