Serdar Azmun Russiýanyň Premýer ligasynyň iň ökde hüjümçisi boldy
Eýranly futbolçy, etniki türkmen Serdar Azmun Tinkoff — Russiýanyň Premýer ligasynyň (RPL) 2019/20 möwsüminiň iň ökde hüjümçisi bolmagy başardy. Sankt-Peterburgyň «Zenit» klubynyň hüjümçisi bu möwsümde öz hasabyna 17 pökgini ýazdyrmagy başardy, diýip TASS habar berýär.
Ikinji orunda Azmunyň topardaşy Artýom Dzýuba ýerleşdi, onuň hem hasabynda 17 gol bar. Düzgüne laýyklykda, geçirilen gollaryň sany boýunça iki ýa-da ondan köp oýunçynyň pökgi sanlary deň gelen ýagdaýynda RPL-iň iň ökde hüjümçisiniň pökgüleriniň umumy sanyndan 11 metrlik jerime urgularyndan salan gollary aýrylýar. Azmun penaltiden 1 gezek, Dzýuba bolsa 7 gezek tapawutlanmagy başardy.
Şeýle hem belläp geçsek, «Zenit» çempionatyň gutarmagyna dört tapgyr galanda, çempionlaryny wagtyndan öň eýelemegi başardy.
25 ýaşly Serdar Azmun Russiýanyň çempionatynda iň ökde hüjümçi adyna ilkinji gezek eýe bolmagy başardy. Geçen möwsümde ol Kazanyň «Rubin» toparynda we «Zenitde» çykyş edip, 13 gezek tapawutlanmagy başardy.
Azmun 2019-njy ýylyň fewralyndan bäri «Zenitde» çykyş edip gelýär. Bu toparyň düzüminde ol iki gezek Russiýanyň çempiony bolmagy başardy. «Zenit» bilen «Rubinden» başga-da, Russiýanyň çempionatynda ol «Rostowyň» düzüminde hem çykyş etdi. Eýranyň milli ýygyndysynyň düzüminde Azmun 46 duşuşyga gatnaşyp, 31 pökgini öz adyna ýazdyrmagy başardy.