EJEŇ SAŇA AÝTJAKLARY BAR
Güýz günleri ahyrlap ýördi. Meýdanlardan hasyl doly ýygnalyp gutarylypdy. Howa-da mazaly sowapdy. Gyş pasly hem indi uzakda däldi, eýýämhaçandan bäri öz hökümini ýöretmäge häzirlenýän ýaly, bosagadan jyklap durdy.
Mydama nowbahar oglunyň ýokary okuw mekdebini tamamlap gelerine sabyrsyzlanýan Annatäç ejäniň bu günki gün oglunyň oba mekdebinde mugallym bolup işläp ýörenine üç ýyl bolupdy. Hemme eneler ýaly, Annatäç eje-de ogluny gözli-başly etmegiň, agtyk söýmegiň aladasy bilen ýaşaýardy. Ýöne ogly Selim näme üçindir: ”Oglan howlugar, tudana wagtynda bişer” ediberenokdy. Asyl onuň özüniň hem ata-enesine içini açan, olaryň ýanynda öýlenmek, özbaşdak bir durmuş gurmak hakda dil ýaran gezegi bolmandy. Bardy-geldi bu barada gepden-gep çykaýanda-da, olara heniz özüniň öýlenmekçi däldigini çürt-kesik aýdardy. Bu boluş, elbetde, alty onlukdan ep-esli ara açan Annatäç ejäni otursa-tursa ynjalykdan gaçyrman durmaýardy. Onsoň uzakly güni, lapy keç halda oturyp, içini gepledip geçirýärdi. Ýaman ýeri, onuň pikirini goldap, adamsam tijeniberenokdy. Ýogsam aýalynyň goňşyň bala-çagalaryny dyzynda oturdyp, oýnadyp, käte-käteler aýaklarynda ýatyryp, wagtynyň köpüsini şolar bilen geçirýändigini göre-göre gelýärdi. Sesini welin çykarmaýardy.
Bu gün aýalynyň getiren täzeliginden Şadurdy aga habarlydy. Ýöne onuň ogluna nähili täsir etjegi belli däldi.
Oba arasynda aýak sesi ýygnalypdy. Maşgala bolup saçak başyna üýşüldi. Orta nahar alyndy. “Hany, alyň, süýjem bolupdyr. Işdäňiz açyk bolsun!” diýip, Şadurdy aga hemişekileri ýaly degşäge-de, bu gezegem maşgala baş bolup, naharyň bissimillasyny etdi.
Annatäç eje assyrynlyk bilen adamsynyň ýüzüne garady, ýöne onuň ýüz-keşbinden hiç bir üýtgeşiklik duýmady, öz ýüregi ýaly galagoplydyr öýtdi, o welin parahatdy. Nämeden başlajagyny, nädip ýüregindäkisini orta dökjegini bilmän kösenip otyrka, ýene-de oňa Şadurdy aganyň özi goldaw berdi:
-- Selim, oglum, diňle, ejeň saňa aýtjaklary bar.
-- Eje, maňa näme aýtjak? -- diýip, Selim ele alan çemçesini tabaga diräp, ejesiniň geplärine garaşdy.
-- Aýdyber, keýwany. Hemmämiz üçin haýyrlysy bolsun.
Şondan soň Annatäç eje pessaýlap, hemişeki edähedine eýerip, mylakatly gepledi:
-- Ogum, men seniň işdäňi kesjek zad-a aýdaryn öýdemok, naharyňy arkaýyn iýiber.
-- Iýerin eje, meni gaýgy etme. Onsuzam çorba gaty gyzgyn eken. Iki gulagym sende.
--Aýtsam, seniň ýaşyňdakak, oglum, biziň iki çagamyz bardy. Bir-ä sen, birem Merjen.
-- Ýene-de öýlen diýjeksiň, eje! Garrap baramog-a!?
-- Guda bolar ýaly bir gowy ýer tapdym, oglum. Olaryň gyzy saňa-da hökman ýarar.
-- Meniň üçin parhy ýok.
-- Weý, weý, bu näme diýdigiň boldy, oglum. Ne gyzyň adyny soradyň, ne-de kimlerdendigini soradyň. Bar gör, synla, bir ömür ýaşaşjak sen ahyryn. Kelçik-külçügi ýok. Özem owadan, gözel gyz. Boýy misli derek ýaly, kirpigi ok, gaşy ýaý, ürçe-miýan bil, sadap dişli, gözleri göwher sypat, suw bilen ezip içäýmelije diýilýäni.
-- Göwnüň ýetdimi, ejeňe? Görseň ezber şahyrlara-da gaýra dur diýýändir -- diýip, Şadurdy aga ýüzüni gülgürdi, muňa Annatäç ejäniň özem ýylgyrdy.
-- Eje, nädýäňiz-aý muny,owadan, gözel gyz bolsa, özem suw bilen ezip içäýmelije diýilýäni bolsa, meniň görmegim gerekmi?
--Gerek, bar zat saňa bagly, oglum – diýip, bu gezek kakasy öňürtdi.-- Ogul öýermek, ony öýli- işikli etmek her bir ata-enäň borjudyr, ýöne bek belle, durmuş gurmak bir gezekdir, her gezek gaýtalanýan zat däldir. Şonuň üçinem siziň belli bir karara gelmegiňiz biziň üçin ähli zatdan möhüm.
--Kaka, eje, men çynymy aýdýan. Men indiden soň hiç kim bilen halaşybam bilmen, söýşübem. Şonuň üçinem meniň size berjek anyk jogabym şeýle. Siz kimi makul bilseňiz, şolam maňa bolar. Size mundan başga näme gerek? Öňkülerim ýaly öýlenjek däl diýip bir ýeri depip duramog-a? Kör, ker, agsak, dili peltek bolman, akly-huşy ýerindäki adam bolsa bolany.
-- Oglum, jan oglum, seniň bu bolşuň-a maňa ýaranok. Seniň derdiň nä?
-- Derdini men bilýän.--Şadurdy aga ýene-de eneli-ogluň gürrüňine goşuldy.--Onuň halaşýan gyzy bar eken. Şu çaka çenli öýlenmän ýörenem şoň üçin bolmaly.
-- Kimiň gyzy? O näme bu çaka çenli bize aýtmandyr? Biz bolsak, oňa gelinlik gözläp ýörüpdiris.
-- Ony ogluň özünden soramaly. Ol gyz ata-enesiniň aýdany bilen başga birine durmuşa çykypdyr.
-- Näme? Eýýämden ol durmuşa-da çykypdyrmy?! Şadurdy, sen bu zatlary nireden bilýäň?
-- Düýn maňa ogluň dosty, Kakow baryny bolşy-bolşy ýaly gürrüň berdi.
-- Ol kimiň gyzymyşyn?
-- Aý, neme... -- Ol “Şu obaly, ýakyn goňşymyz” diýmekden saklandy-da, Selime bakan gözüni gypyp gepledi.-- Sen ony tanaňok. Gaýraky obalymyşyn.
-- Allam, bu bolýan zatlara sered-ä. Biz piliň gulagynda uklap ýören ekenik-dä. Şeýle bir derdi bar bolaýmaly, gün-günden saralyp-solup, boýny iňňä sapaýmaly bolup barýar. Oguljygym, bize-de duýdursadyň. Her edip, hesip edip, kakaň ikimiz ony almagyň bir alajyny tapardyk.
Oňa Şadurdy aga jogap berdi.
-- Nesibesinde ýokdur. Onsoňam, ogluň aljak bolan gyzynyň baran ýerinde-de güni meňki bolsun diýer ýaly dälmişin.
-- Bolmanda, öz bagty üçin göreşmese, her kesem bolsa, boljagy şudur. Onsoňam, “Geçenden geç” diýlendir. Men ogluma başga bir görmegeý gyz tapdym. Ady bir gyza degýär.
Şadurdy aga ogluna bakdy. Selim ýüzüni galdyrman otyrdy.
-- Gülçäçek.
--Gülçäçek!!! -- Bu gezek ataly ogluň sözem, sesem goşulyşyp gitdi.
--Hawa, hawa, Gülçäçek. Baýly mugallymyň gyzy.
-- Keýwany, Baýly mugallymyň gyzy bolsa-ha, onuň ady Gülçäçek däl-de, Sarygyz bolmaly. Onuň ýekeje gyzy bar. Başga oglandan-gyzdan perzendi ýokdur. Eger-de meniň diýýän Sarygyzym bolsa-ha, saýlap ýalňyşmansyň.Ol dogrudanam asylly ýeriň maşgalasy, tüýs, şu içerä mynasyp gelin.
-- Eýse, ejesi maňa ýalan sözledimikä?
-- Sen näme barada, keýwany?
-- Gyzyň adynyň Gülçäçekdigini hakyt ejesi Altyn aýtdy ahyryn.
-- Saňa ejesi dogrusyny aýdypdyr.-- Bu gezek Selim gürrüňe goşuldy.--Hakykatdanam Baýly mugallymyň gyzynyň Gülçäçek lakamy bar, Sarygyz onuň çyn ady.
-- Lakamam bolsa, beýlekem bolsa, dogrusy, Gülçäçek ady-ha maňa ýarady. Ony gelin edinmek nesibämizde bolsa, oglum, enşalla, gapymyzdan ätländen soň bizem onuň adyny Gülçäçek diýip tutarys...
Bu wakadan soň aradan bir hepde çemesi wagt geçipdi. Agşamaralardy, gapy kakyldy.
-- Hernä, eýgilikdirle -- diýip, Annatäç eje oturan ýerinden gygyrdy.--Giriberiň, gapy açykdyr!
Içerik goňşy Maral eje girdi:
-- Giç ýagşy, goňşy!
-- Gelen ýagşy! Maral, bu senmidiň, geleweri-de-geçeweri.
-- Biwagt sizi biynjalyk edenim üçin bagyşlaň.
-- Ýok, ýok goňşy arada biwagt diýlen zat bolmaz, goňşy üçin hemme wagtam gapymyz açykdyr. Onsoňam, körpeleriň ýatar wagty boldy diýmeseň, bize häzirden ýatyp, daň atyrmak kyndyr.
-- Işlije gelipdim, goňşy? Gyssagly pul gerek boldy-da!?
-- Gyz çykaryp,mazalyja pullanansyňyz-la--diýip, Annatäç eje wäşilige salyp gepledi.
-- Pullanma näme işlesin, goňşy. „Gyzyň puly gyrawça, olam bir Gün dogynça” diýilmänmi. Gaýta gyzyň bukjasyny doldurjak bolup, ony atasy öýünden närazy etmän, dokuzyny düzüw etjek bolup, bergi barysyny etdik.
--Dogrudyr. Degşip aýtdym-la, gyzyny satyp baýan ýokdur. Ýöne, toý meselesinde „Ýorganyňa görä aýak uzatmaly”, köp zatlary tygşytlamaly bolýar. Hany, ony ýaşlar edäýýämi! Neneň, gyzyňyzam aman-sag ýerläp,öwrenişip gitdimi, alny-bagty bolsun, gelip-gidýäleremmi?
-- Wah, goňşy jan, derdimi gozgama. Derdimi daga aýtsam, dag agar. Bagtymyzdan çykan giýewem ömür işlemän, diňe ýatan ýerinde iýmäni bilýän lellim oglanlardan bolsa näme? Geçen dört-bäş aý gyzymyň bukjasyndakylaryň hasabyna ýaşapdyr, öýden äkiden gymmat bahaly zatlarynyň baryny birlaý satyp aýrypdyr. Ite bir sümek bergisi barmyşyn. Gyzyma: „Menem işläýsem, meniňem hojalyga peýdam degsin“ diýipdir. Giýewem: “Meniň ýakyn wagtlarda işe başlajak wezipämde aljak aýlygym sen işlemeseňem, ikimize-de ýeter“ diýipdir. Gyzym onuň bilen ylalaşmandyr. “Ýok, meniň özüm işlejek, elim sag, aýagym sag, hiç kese ýük bolasym gelenok“ diýip, gaýynlaryna eşitdiribräk aýdypdyr. Muňa giýewiň hasam gahary gelipdir. Şondan bäri “Sen işlejek diýip meniň abraýymy ata-enemiň öňünde nähili pese düşüreniňi bilýärmiň?” diýip, gyzymyň üstüne çöwjäp,oňa azar-ýamanyny berýärmişin. Wah, men guraýyn, ola-a tüýs, iti kowup, ýerinde ýatyp ýören diýilýän işýakmaz oglanlardan eken.
Indem men öz-özümi ýigrenip aňyrsyna çykyp bilemok. Ýigrenmez ýalymy? Gyzymyň başyna gelen bu zatlar meniň ýüzümden, bary meniň hatam bilen boldy. Onda-da gyzym bar günäni öz üstüne alyp, gaýta menden ötünç soraýar. „Ötünç soramaga borçly dälsiň diýdim, eger-de ikimizden birimiz ötünç soramaly bolsak, ol hem men bolmaly“ diýdim. Dogru-da, ony gül ýaly halaşýan ýigidine bermän, ony ýat ýere durmuşa çykaran men. Gyzym bolsa meniň aýdan-diýenimden çykmady. Ýalbar-ýakar edip, atasynam men göwnetdim. Bu günem gyzymy „Bar, öýüňüzden karzyna pul sorap al, näçe berseler al, yzyna gaýtaryp bereris diýseň bererler. Ýalbar-ýakar et, yzyňa boş dolanma” diýip iberipdir. Indem gyzymy yzyna boş goýbermejek bolup atasyna duýdurman, bimahal wagtam bolsa, size dilege gelşim boldy.
--Wah. Wawaly ýerimizden tutduňyz. goňşy. Bizde-de artykmaç zat ýokdur. Kärendäň pulunam toýumyz golaýlaberende almaly etdik.
-- Dogrusy, gulply sandykda atasynyň ozaldan ýygnan bir toýluk, lomaýja puly bar.Ýöne ol pul bermez. Bekgi jany öýermegiň kül-külüne düşüpdir. Her agşam oturyp, gaýta-gaýta toý çykdaýjysynyň hasabyny ýöredýär. “Heniz gaýa ýok, gopuz ýok” diýsemem, edenok. Men çykyp gaýdamda-da, ýeke özi öýde: “Kimde ýetişen gyz barka?!” diýip, kellesini tutup otyrdy. Hemme-hemme ýere ýüz tutubam bolanok. “Hydyr diýeniň hyrs çykýar”. Bekgim üçin-ä kim boldy parhy ýok-la. Kim bilen guda bolsak, şoňa-da razy. Wah, olar hiç-le, ine, siziň meni boş gaýtarjagyňyza gynanýan. Ýogsam, iň ýakyn günlerde essesi bilen yzyna gaýtarardym.
-- Goýsana, gyz. Heý-de goňşy aralykda essesine zat bolarmy? Biziňem toýumyz öňümizde. Selim janyň iki gözüni dört etjek bolup, diş-dyrnak bolup ýörşümiz.
-- Asyl şeýlemi? Guda bolup dagy etdiňizmi,ýogsa?
-- Ýok-la. Oglumyň gaýraky obaly bir halaşýan gyzy barmyşyn. Atasy ony başga birine durmuşa çykarypdyr diýýä. Şoňa gahar edibem öýlenmän ýörmüşin. Men ony ýaňy bildim. Indem, edil siziň ogluňyz ýaly, bizi oglumyzam size ýaran maňa ýarar diýip otyr. “Uly söze toba”, nesibämizde bolsa, geljek çarşenbede, gudalyk meselämizi bir ýüzli etjek bolarys. Onsoň toýuň sähedini belläbermeli bolar.
-- Kim olar? Şul obalymy?
-- Eşidip aňyrsyna-da geçensiň-le.Uly il eşitdi. Baýly mugallymlar.
-- Baýly mugallymlar!? Ýo-ok, eşidemok. Baýly mugallymda ýetişen gyzyň barlygy kellä-de gelmändir. -- Maral ejäniň ýüzüniň persi üýtgäp gitdi. Soňam: -- Men gideýin! -- diýdi-de, ýazzyny berdi.
Annatäç eje hiç zada düşünmedi. “Wah, pul ýok diýip, goňşymy öýkeletdim öýdýän” diýip, yzyndan içini gepledip galdy. “Gaty görübermeli bormuka? “Goňşyma dilegim düşdi, dilegim bitse-de goňşym, bitmese-de goňşym” diýilýändir.
Selim gelende ejesi daş işikde çugutdyryp otyrdy.
--Eje, Maral eje ýüzüni garaňka tutup gelipdir welin hernä eýgilikdir-le.
-- Karzyna pul soraýar, essesi bilen gaýtaryp bererin diýýär.
--Näme diýdiňiz?
--Biziň karzyna berer ýaly pulumyz barmy näme, ýok diýdim.
--Karzyna pul alyp, näme etjekmişin ol, aýtmadymy?
--Durmuşa çykan gyzyna gerek eken, bize-de adamsyna duýdurman gelipdir. Görgüliň gaýraky oba gyz berip, ýüregi ýanýar. “Ony men öz elim bilen oda ýakdym, halaşýanyna bermedim” diýýär. Giýewiniň işi-güýji ýokmuşyn.
-- Şeý diýsene.
-- Şu dara-direlikde ogly Bekgänem öýerjek bolup ýör. Onuň oglam seniň bolşuň ýaly, kimi alsaňyz men şoňa razy diýýämişin. Oň bolsun diýdim, bizem toý etmegiň ugrunda diýdim.
--Kim bilen guda boljagyňy aýtmadyň dälmi?
-- Aýtdym. Baýly mugallymyň gyzyndan hantama diýdim. Söz aýdyb-a goýduk, entek elleşilen zat ýok diýdim. Sen ony näme üçin soradyň? Aýdyp, oňarmanmydyryn?!
-- Ýok,ýok, belki aýdanyň kemem däldir.
--Sen näme hakda oglum?
--Aý, hiç-le...
Şol günüň ertesi ir säher bilen Maral ejeleriň ogly üçin Baýly mugallymlara sawçylyga baran habary oba ýyldyrym çaltlygynda ýaýrady. Annatäç eje ýakasyny tutup geňirgense, ogly Selim çalaja ýylgyrdy. Şadurdy aga welin diýseň arkaýyn göründi:
--Bolmanda-da, gyzly öý soltanly öýdür, ýüzi geler, biri äkider -- diýip, içki pikirini daşyna çykardy...
Sarygyzyň ejesiniň hem Maral ejelerden sawçy gelip gidensoň ugry bolmady, uzakly günläp içini hümledip geçirdi:” Ikisem duldegşir goňşy. Annatäç ejeler gaty görerem diýenok ýa-da olaryň hantamalygyndan bihabarmykan? Dogrusy, atasynyň gudaçylyk barada Şadurdy agalara hoş söz berenini olara aýtmadym. “Gyzy kyrk kişi dilär, nesibelisi alar” diýip, menem olary tiziräk ýola salanymy kem görmedim”.
***
Ejesiniň hojalyk işlerine kömekleşip ýören Sarygyz:
--Eje. Menem indi üst-başymy çalşyrynjak, joralarym bilen üýşüp Aýjerenlere gitmekçi bolýas. Olar bu gün bäbekleriniň diş toýuny edýärler -- diýdi.
--Git balam, git, olary meniň adymdanam gutla.
-- Eje. -- Sarygyz pessaýlap gepledi.
-- Näme, balam?
-- Çaganyň dişiniň çykanyny ilkinji gören adama halat-serpaýyň ýapylýanyny öň eşitmändim. Joram Aýjeren jigisini gujagyna alanda, ilkinji dişiniň çykanyny görüpdi-de ejesine buşlapdyr weli, ejesem munuň üçin oňa ýörite keteniden köýnek serpaý edipdir.
-- Ýogsam näme, gyzym. Bu öňden gelýän yrym ahyryn. Mamaň pahyr çaganyň dişi bilen bagly kän-kän yrymlardan aýdardy. Köpüsi gulagmyzyň duşundan geçip gidipdir. Meselem, köne döwürlerde ilkinji dişi çykmazyndan ozal, çagany «uşajyk owadan dişler çyksyn» diýip, guza ýa-da «atyň dişi ýaly sagdyn, berk diş çyksyn» diýip, ata mündüripdirler. Çaganyň dişini atyň ýatagyna gömseň, atyň dişi ýaly, goýun-guzynyň ýata¬gyna gömseň, guzynyň dişi ýaly owa¬dan, uşajyk diş çykar diýipdirler diýerdi.
Gün ýaşypdy. Sarygyz bu mahal joralary bilen iki köçe aňyrda ýerleşýän goňşularyňkyda çaganyň uludan tutulýan diş toýunda otyrdy, öýüň mähellesi ýetikdi. Toýuň şüweleňi artypdy. Bir dolmuş aýal dişleri patrak ýaly patrap çyksyn diýip, ortada oturdylan çaganyň üstünden dynuwsyz patrak seçýärdi. Özi hem bu işi yzyny üzmän, joşgunly alkyşlar bilen ýerine ýetirýärdi. „Öýe Annatäç ejeler sawçylyga gelipdir!” diýip, ejesiniň yzyndan iberen habaryny almadyk bolsa, heniz Sarygyz dagylar hem turarly däldi. Ol bu hezilligiň arasyny bölüp, gyssagly öýlerine gaýtmaly boldy. Patrak seçýän aýalyň yzyny üzmän aýdýan alkyşly sözleri welin soň-soňlaram onuň gulagyndan gitmedi:
Kemputlary kytyrdatsyn,
Akja gandy hytyr¬datsyn,
Mekge ýaly hatarlansyn,
Daşa degse, döwülmesin,
Ömür-ömür kütelmesin!
Ejeñ saña aýtjaklary bar
-
ETIKA
4 years ago
- @jeksparro bilmedimda bilsem aydaryn
Jeksparro 4 years ago- Awtory kimkä!