3. KITAPLARA IMAN

Adamlary dogry ýola gönükdirmek üçin Allatagala käbir pygamberlerine ylahy kitaplar inderendir.
Ylahy kitaplarda Allatagalanyñ emir eden we gadagan eden zatlary, dünýä we ahyret durmuşy, kyssalar, ýagşy iş edenlere sogabyñ, ýaman iş edenlere bolsa azabyñ bardygy ýaly meseleler beýan edilýär. Allatagala tarapyndan Hz. Musa aleýhissalama Töwrat, Hz. Dawut aleýhissalama Zebur, Hz. Isa aleýhissalama Injil, Hz. Muhammet sallallahü aleýhi we selleme bolsa Gurhany Kerim iberilendir. Bu kitaplardan başga käbir pygamberlere iberilen sahypalar hem bar. Sahypalaryñ jemi ýüz sahypa töweregi bolup, şu pygamberlere inderilendir:
Hz. Adam aleýhissalama 10 sahypa, Hz. Şit aleýhissalama 50 sahypa, Hz. Idris aleýhissalama 30 sahypa, Hz. Ybrahym aleýhissalama bolsa 10 sahypa inderilendir.

GURHANY KERIM

Gurhany Kerim Allatagalanyñ pygamberimiz Hz. Muhammet aleýhissalama Jebraýyl perişdäniñ üsti bilen inderen iñ soñky ylahy kitaby bolup, ony okamak özbaşyna bir ybadatdyr.
Gurhany Kerim 23 ýylyñ dowamynda aýat we aýatlar görnüşinde, kähalatlarda bolsa tutuş süre görnüşinde inderilendir. Pygamberimiz Muhammet aleýhissalam özüne inderilen bu aýatlary we süreleri töweregindäki sahabalaryna (egindeş ýaran) aýdyp bererdi. Sahabalar bolsa ony ýat tutardylar. Olaryñ arasynda pygamberimize gelen wahyny (aýat we süräni) ýazýan ýörite kätipler bardy. Pygamberimiz Muhammet aleýhissalam özüne inderilen aýatdyr süreleriñ Gurhany Kerimiñ niresinde goýulmalydygyny Jebraýyl perişdäniñ öwretmegi bilen sahabalara görkezerdi.
Pygamberimiziñ döwründe dürli ýazuw esbaplaryna ýazylan Gurhany Kerim dört çaryýarlaryñ birinjisi Hz. Ebu Bekriñ halyflyk eden döwründe sahabalardan Zeýt ibn Sabytyñ ýolbaşçylygyndaky karylardan (Gurhany Kerimi ýatdan bilýän kişilerden) we wahy kätiplarinden (Pygamberimiz Muhammet aleýhissalamaa Jebraýyl perişdäniñ üsti bilen Allatagaladan gelen habarlary ýazyp alýan sahabiler) döredilen topar tarapyndan köpeldilipdir. Şeýlelikde, Gurhany Kerimi üýtgedilmekden, ýoýulmakdan goralypdyr. Allatagala ''Hijr'' süresiniñ 9-njy aýatynda ''Elbetde, Gurhany Biz inderdik we elbetde, Biz ony gorarys'' diýip, Gurhany Kerimi hut Özünib gorap saklajakdygyny beýan edýär. Şonuñ üçin Gurhany Kerimi inderilen gününden başlap, tã kyýamat gününe çenli üýtgewsiz galjak ýeke-täk ylahy kitapdyr. Gurhany Kerimi ýüzünden okamak üçin täretli bolmaly hem-de okamaga başlamazdan öñ ''E'u:zü billä:hi mineş-şeýta:nirrajim. Bismillä:hir-rahmä:nir-rahym diýmeli. Şeýle hem Gurhany Kerimi kerimi tejwid okalyş düzgünleri bilen okamak derwaýysdyr.



Bellik:

Türkmenistanyñ müftüsiniñ müdüriýeti.
Aşgabat-2014.

Bilim, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir