– Keýwany diýýänä, tüweleme, ine oglumyzam sag-aman gullukdan geldi. Indi hem ho-ol gapydaky göläni satyp, gelniň ugruna çykybersegem boljak.
– Dogry aýdýaň kakasy, indi bizem şaýymyzy tutmaly…
Iki aýdan soňra ogly:
“Bäh, bulara meniň gulagymy owazlandyrdylarda, soňy bolmadyla. Hany ejemiň bir taryna kakyp göreýin”
– Ejee…
– Hawa oglum aýdyber?
– Nemelaý eje…
– Hawa?
– Nemedä… bu aradaky göleli gürrüň nähili boldyka?
– Gölejigi satybermeli bolupdyr.
***
Bir adam eşegi bilen gidip barýan eken. Gaýy üstünden gülmek üçin ony saklapdyr. Dokumentleri sorap: “Haýsyňyza jerime ýazaýyn, sizemi ýa-da eşegemi?” diýip sorapdyr. Ol adamam: “Maňa ýazaý, eşegiň dokumenti arassa bolaýsyn. Ulalanda milise bolmaly” diýipdir.
Perhat Sabirovv 4 years ago- 😂😂😂😂😂