Maşyny dezinfeksiýa etmegiň köp usuly bar, ýöne ýazda awtoulagyň kabinasyndaky ähli zyýanly mikroorganizmleri hiç hili çykdajysyz ýok edip bolýar. Ýöne nädip? Bu barada auto.mail.ru habar berýär.
Maşyny gündelik dezinfeksiýa etmek üçin dürli himiki maddalar, şol sanda hlorgeksidin, spirtli erginler ýa-da diňe sabynly suw ulanylýar. Şeýle-de bolsa, gündelik çygly arassalaýyş soňabaka ýürege düşüp ugraýar we sürüjiler zyýanly mikroorganizmlerden dynmagyň başga ýollaryny gözleýärler. Ionizatorlar ýa-da hatda artykmaç elektrik sarp edýän we goşmaça tok çeşmelerini talap edýän kwars lampalary hem ulanylýar.
Ýöne ýaz ýagdaýy öz eline alýar, howa gowulaşýar we howanyň temperaturasy ýokarlanýar. Ýiti şöhleli Günüň özi iň gowy antiseptige öwrülýär.
Ulagyň içini zyýansyzlandyrmak üçin Gün şöhlelerinden nähili peýdalanmaly?
Koronawirus nähili temperaturada ölýär?
Täze wiruslar öwrenilende, beýleki wiruslar ýaly, olaryň hem göni düşýän Gün şöhlesinden gorkýandyklary we daş-töweregindäki howanyň temperaturasyna baglydygy ýüze çykdy. Gonkong uniwersitetiniň hünärmenleri koronawirus üçin iň amatly temperaturanyň ýokary çyglylyk bilen bilelikde Selsiý boýunça dört gradus anykladylar. Onuň kömegi bilen mikroorganizmler uzak wagtyň dowamynda ýokary durnuklylygy görkezýärler we ýokançlygyň ýokary derejesini üpjün edip, adamdan adama aňsat ýokuşýarlar. Şeýle-de bolsa, ýylylygyň artmagy bilen, olaryň işjeňligi azalýar.
22 gradus otag temperaturasynda wirus bir hepde töweregi ýaşaýar. Yssy güneşli günlerde howanyň kölegede 30-37 gradus ýokarlananda, wiruslar işjeňligini ýitirýärler we bary-ýogy bir ýa-da iki gün ýaşaýarlar. Ýöne wiruslara garşy iň täsirli göreş mundan has ýokary temperaturany talap edýär. Beýle temperaturany ýapyk ýerlerde, mysal üçin, teplisa täsiriniň netijesinde awtoulag kabinalarynda döredip bolýar.
Wiruslar Selsiý boýunça 56 gradusda 30 minutdan köp ýaşamaýarlar we 70 gradusa çenli ýokary ýylylykda bolsa wiruslar bäş minutdan köp ýaşap bilmeýärler.
Ulagy şeýle ýokary temperaturada gyzdyryp bolarmy?
Synaglar munuň mümkindigini görkezýär. Tomusda Selsiý boýunça 30 gradusda göni düşýän Gün şöhlesi gara awtoulagyň üstüni 72 gradusa, ak awtoulagyň üstüni bolsa 55 gradusa çenli gyzdyrýar. Şunuň özi-de ulagy açyk asfalt meýdançada goýlan wagty ulagy daşyndan dezinfeksiýa etmek üçin ýeterlikdir.
Ulagyň içinde hem temperatura ýokarlanýar. Göni şöhläniň aşagynda gara awtoulagyň içi bir sagatda, iň ýokary bolanda, 65 gradusa, ak reňkli awtoulagyň içi bolsa 45 gradusa çenli gyzýar. Bularyň ikisi hem mikroorganizmler doly ýok edilýänçä birnäçe sagat dezinfeksiýa etmäge mümkinçilik berýär.
Gündiz 20 gradus temperaturasynda gün şöhlesiniň bakterisid täsiri has az bolýar. Ulagyň kabinasynda temperatura, az gyzan ýagdaýynda-da, 30-35 gradusa ýetip biler. Wiruslaryň işjeňligini ep-esli azaltmak üçin şu hem ýeterlikdir. Şonuň üçin epidemiýa döwründe awtoulaglaryňyzy açyk güneşli ýerlerde köpräk goýmak has peýdalydyr.
yashalym 4 years ago- Sagbole maslatyñ un