Mähnet döwüleriñ yzlary

Biz çagakak ulularymyz döwüli ertekileri aýdyp berýärdiler. Şonda men olaryñ aýdyp berenlerini diñlemegi gowy görýärdim.
Döwüleri mydama mähnet adam şekilli, bir gözli dişleri çykyp duran görnüşde, özem haýsydyr bir dagyñ gowagynda hazyna gorap saklaýar diýlip sypatlandyrylýar.
Türkmen halkynyñ ''Gorkut Ata'' şadessanynda gürrüñi edilýän Depegöz döwi, grekleriñ mifinde Odysseýe gabat gelen Bagitra atly döwi, Rimleriñ miflerinde aýdylan Sikloplar (olam bir gözli döwi) we Amerikan-iñlis körpeleriñ edebiýatlarynda düzülen Mähnet samsyk adamlar hakdaky romanlardyr, çeper eserler bularyñ barsynyñ gözbaşynda şol bir meñzeşlikleriñ ýatandyklaryny aýtsa bolar.
Şol mähnet döwüler hakykatdanam ýaşap geçen mahluklarmyka? Olaryñ yzlary nirelerde barka? Ýa ýöne gury düzülen toslamamyka? Belkäm olar hakykatdanam ýaşap geçendir...
Kurany kerimiñ belli sürelerinde ady agzalýan Ad, Semud kowumlary hem şol döwüler ýaly mähnet sypatlandyrylýar.
Ýöne olar näderejede şol ertekilerde gürrüñi edilýän döwüdigi bellikä!
Belki Ad, Semud kowumlary şol ertekilerde ýañzydylan mähnet döwülerdir. Birmahallar Allatagalanyñ gazabyna duçar bolup ýok edilen taýpalardan galan-gaçaklary daglara, gowaklara siñip gidenleri ertekilerde gürrüñi edilýän ýalñyz galan döwüler bolup bilermikä?
Belki daglarda, tokaýlarda görülen Aýuwlar (Gar adamsy) hem ertekiçilere gürrüñ bolup biler we bu döwüli ertekiler asyrlar boýy hakydalardan öçmändir.
Mähnet döwüler hakyndaky ertekilere ynanmasañyzam 1942-nji ýylda Ikinji Jahan urşy gidip durka Norwegiýanyñ tokaýlygynda gyşyñ garly günlerinde kinomatografiýa düşürilen suratdaky döwi bolsa göreni haýran galdyrýar.
Arçalyk tokaýlygynda surata düşürilen bu suratda ümürleriñ añyrsynda äpet adamyñ kölege ýaly sudury aýdyñ görünip dur diýen ýaly.
Bu surata edil montaj edilenmikä diýip şübhelenmeseñ bildirip duran ýasamalyk ýok diýen ýaly.

Bilim, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir