AMAZONKALAR HYÝALMY ÝA HAKYKAT?
Türkmenistandaky halklar skifleriñ ýaşan zamanasyndan-da öñ aýala hudaý hökmünde tagzym edipdirler. Gadymkylaryñ ene-hudaýa goýan hormaty mis asyryna we bürünç asyryna (b.e. çenli IV ㅡ II müñ) degişli heýkeljiklerde öz beýanyny tapypdyr. Heýkeljikler gödek ideallardan başlap, has kämil görnüşe eýe bolmagyñ ewolýusiýasyny geçipdirler. Biz şu kultuñ Gerodotyñ ýaşan zamanasynda-da öz ähmiýetini ýitirmändigini görýäris. Ol Tabitini (Gestiýany) skif panteonyñ (bir diniñ hudaýlarynyñ jemi) iñ esasy hökmünde görkezipdir. K. W. Treweriñ pikirine görä, Tabitiniñ (''tab'' - ''yşyk'', ''ýalkym'' gün) obrazy hudaý Anahita tagzym edilmegiñ esasy özenini düzdi.
B.e. çenli II arasynda ㅡ b.e. I asyrynda hudaý aýal beýik mertebeli aýalyñ keşbine eýe bolupdyr. Orta Aziýanyñ territoriýasynda geçirilen gazuw-agtaryş işleri netijesinde tapylan hudaý aýallaryñ heýkeljagazlarynyñ ýüz keşpleri kellä geýilen zatlar, bezegler bir-birinden düýpgöter üýgeşik gelip dur we olary Mariananyñ Baktriýananyñ, Sogdiananyñ, Horezmiñ Beýik hudaýlary diýen ýaly toparlara bölmek bolar. Üstesine-de Merwden tapylan heýkeljiklerde kellä geýilýän zatlaryñ börüklerine çalymdaşdygyny aýtmak gerek.
Aýal hudaýlaryna tagzym edilmeginden daşgary orta aziýaly skiflere aýalyñ sosial ýagdaýy belent orna eýe bolupdyr. Biziñ günlerimize pars patyşasy Kiriñ saklaryñ patyşasy Amorgy ýesir alyşy hakyndaky gürrüñ gelip ýeten. Amorgyñ aýaly Sparetra erkeklerden we zenanlardan ybarat goşuna baş bolup, Kire garşy söweşde üstün çykýar we Amorgy azat edýär. Şondan soñ, pars patyşasy saklar bilen ylalaşyk baglaşmaga howlugypdyr. Gerodot skifleriñ başga bir taýpasy bolan massagetleriñ patyşa aýaly Tomirisiñ adyny görkezýär. Tomirisiñ ýolbaşçylygyndaky goşun şol Kiriñ goşunyny derbi-dagyn edýär. Tomiris eýelenen derini adam ganyndan dolduryp Kiriñ kellesini şoña sokmagy buýrupdyr. Bu onuñ ''gözüni gandan doýurmak'' üçin edilen eken.
Saklaryñ zenanlary öz ärleri bilen urşuñ ähli güzaplaryny deñ çekipdirler diýip gürrüñ berýärler. Söweş mahaly olar bilgeşleýinden yza çekilen bolup, atyñ üstünden ok armagy başarypdyrlar. Erkekleriñem şeýle tärde söweşeni bolupdyr. Saklaruñ patyşa aýallarynyñ arasynda batyr Zariananyñ adyny-da tutýarlar. Ol birgiden şäher hem gurduran eken. Parfiýalylaryñ patyşasy Mitridat I-niñ (b.e. çenli 171 ㅡ 138 ýý.) gyzy Rodoguna hakyndaky hekaýat hem dilden-dile geçip gelýär. Siriýanyñ patyşasy Dmitriý Rodogunanyñ adamsy bolupdyr. Bir gezek Rodoguna hammamda suwa düşünip duran mahaly, paýtagty duşmanlar gabapdyrlar. Ol saçyny ýetişibildiginden düýrläp, ýeñişden soñ ony oñat ýuwjakdygyna kasam edipdir-de, ata atlanypdyr. Soñra ol goşuna baş bolup, duşmana garşy eñipdir. Duşman kül-peýekun edilipdir. Rodogunanyñ edermenligine parfiýanlaryñ arasynda uly hormat goýlupdyr. Hatda onuñ keşbi Arşakidleriñ familiýasyna degişli möhürlerde-de şekillendirilipdir.
Orta Aziýaly skiflerde zenanlaryñ özleri är saýlamaga ygtyýarly eken. Mysal üçin aýdanymyzda, patyşa Amorg tarapyndan guralan toý dabarasy mahalynda, onuñ gyzy gelen myhmanlaryñ haýsy-da bolsa birine altyn käsä guýlan şeraby bermeli eken. Şeýlelikde, onuñ kime göwün berendigi äşgär bolupdyr. Sada skiflerde başgaçarak nika dessury ýörgünli bolupdyr. Bu barada grek awtory Klawdiý Edian (b.e. II ㅡ III a.a.) ''Dürli hekaýalarda'' şeýle gürrüñ berýär. ''Saklaryñ biri öýlenmekçi bolsa, ol ilki gyz bilen göreşmeli bolupdyr. Eger gyz üstün çykan halatynda, ýeñilen onuñ ýesiri bolup galýar we gyzyñ buýruklaryna doly boýun bolýar, ýigit gyzdan diñe üstün çykanda oña eýelik edýär''. Şu dessuryñ käbir taraplary ''Oguznama'' eposynda saklanyp galypdyr. Biziñ pikirimizçe, şu dessur türkmenleriñ urugbaşysy Salyr Gazan hakyndaky hekaýatyñ özenine-de girizilipdir.
Skif taýpalary bilen garyndaş bolan sarmatlaryñ-da zenanlary uruş hereketlerine gatnaşypdyrlar. Olar esasan entek durmuşa çykmadyklardan ybarat eken. Amazonkalar baradaky hekaýatlary hut sarmatlar bilen baglanyşdyrýarlar.
Gerodot özüniñ ''Taryh'' atly eserinde, amazonkalaryñ ellinler bilen söweşip, olaryñ gämilerini basyp alandyklaryny hem-de gämilere erk edibilmän, skifleriñ ýurdunyñ kenarlaryna gelip durandyklaryny gürrüñ berýär. Olar şol ýerde at sürüsini ele salyp, dözümsizlik etmän, olara garşy ýöriş guraýarlar. Gazaply söweşde amazonkalar jeñ meýdanynda köp sanly jesetleri galdyryp, yza çekilýärler. Skifler şonda zenanlar bilen urşandyklaryny bilipdirler hem-de olary öldürmän, gaýta bu batyr zenanlara öýlenmek we ýaran edinmek barada belli karara gelipdirler. Skifler bir topar ýaş ýigitleri amazonkalaryñ ýanyna iberýärler. Olar amazonkalaryñ ýerleşen ýerine gelip, kän bir daşlaşman goş tutunypdyrlar. Ýigitleriñ uruşmak niýetiniñ ýokdugyna göz ýetirlenden soñ zenanlar olary gadyrly garşylaýarlar.
Olar birek-biregiñ dilini tapsalar-da, zenanlar skifleriñ ýurduna ýaşamaga meýil bildirmändirler. Amazonkalar eger ýigitler öz taýpalaryndan bölünip aýrylsalar, diñe şonda olara durmuşa çykmaga razylyk berjekdiklerini aýdýarlar. Ýigitler muña razy bolýarlar. Gerodot şu gürrüñini dowam etmek bilen, bularyñ gündogarlygyna gidendiklerini we häzirki ýaşaýan ýerlerine gelip ornaşandyklaryny aýdýar.
Arheologlar skif depelerinde gazuw-agtaryş işlerini geçirenlerinde harby lybasda jaýlanan zenanlara kän gabat geldiler. Olaryñ gapdalynda ýarag: demir gylyç, naýza, sagdak tapylypdyr. Munuñ özi amazonkalar baradaky gürrüñleriñ boş däldigini görkezýär.
Gerodotyñ görkezmegine görä, amazonkalary Kaspi ýakasynda ýaşaýan halklaryñ arasyndan gözlemek gerek. Barlagçy W. S. Zaletaýew türkmen gyzlarynyñ kümüş şaý-seplerine ünsi çekmek bilen, bularyñ söweşjeñ amazonkalaryñ harby lybasyna diýseñ çalymdaşdygyny belleýär. Türkmen gyzynyñ ýokarysy gümmez şekilinde kümüşden asylýan bezegli gupbasy söweş şlýomyny ýadyña salýar. Bu şlýomyñ iki ýanyndan, çekgäniñ ýokarysyndan, plastika görnüşli şelpeler ㅡ çekelik dakylýar, bular kelläni iki tarapdan-da goraýar. Ýeñse tarapy nagyş salnan galyñ plastika we çelpeler ㅡ ýeñselik ýapýar. Gyzyñ eginlerini yzdan tegelek, goza şekilli bezbent goraýar. Bezbent söweş galkanyny ýada salýar. Boý we döş bolsa, gün şekilli disk ㅡ gülýaka bilen goralýar, köplenç halatda boýna kümüş halka ㅡ bukaw dakynylýar. Ol maşat gaşly ýasy plastina bilen öñ tarapdan berkidilýär.
Döşe dakynylýan şaý-seplerden çapraz-çañña has köp duşulýar. Çapraz çabydyñ ýakasyna dakylýan gulply apbasydyr. Çañña çaprazyñ aşagyndan asylan pişme şekilli şelpeli bezeg şaýydyr. Bular döşi tä bile çenli örtýär. Çapraz-çaññanyñ söweşjeñ aýalyñ sowudy bilen meñzeşdigine göz ýetirmek kyn däl. Bilezikleri alyp göreniñde söweş lybasyna degişli detallar bilen meñzeşliginiñ bardygyny añmak bolýar. Bilezikleriñ käbiriniñ boýy 14 santimetre ýetýär.
Diýmek, türkmen gyzlarynda her gün diýen ýaly, edermen gyzlaryñ ㅡ atlylaryñ söweş lybasyny görmek bolýar.
Gökdepe urşundan soñ (1881 ýyl) bu ýerde rus häkimiýeti tarapyndan muzeý guralypdyr. Muzeýde ''Amazonkalaryñ söweş-lybaslary'' atly sergide türkmen zenanlarynyñ bezeg şaý-sepleri görkezilipdir.
Görnüşi ýaly, köp sanly alamatlar boýunça Türkmenistany gadymy skif ilaty bilen häzirki zaman türkmenleriniñ arasynda gös-göni baglanyşygyñ bardygy ýüze çykýar.
Şu maglumatlaryñ ählisi barlagçylara skiflerde, massagetlerde, sarmatlarda matriarhat gatnaşyklaryñ bolandygyny ynamly aýtmaga doly esas berýär. Bu barada Gerodotyñ işine bellikde-de aýdylýar. Türkmenistan SSR-niñ taryhynda-da hut şeýle garaýyş öz beýanyny tapýar. Şonda F. Ý. Koske patyşa aýallar (ýöne nämüçindir bu goşa dyrnaga alnypdyr) baradaky maglumatlara esaslanyp, matriarhyñ galyndylaryna entegem duşulýar diýen netijä gelýär.
Düzümine gadymy skif we sarmat taýpalary goşulan orta asyr türkmenlerinde aýallar giñ hak-hukuga eýe bolupdyrlar. ''Oguznamada'' Bugranyñ aýaly Burla Hatyn barada gürrüñ berilýär. Şonda Ibn Fadlanyñ (XI asyr) oguzlarda patriarhal gatnaşyklaryñ ymykly ornaşandygyny belländigine garamazdan, Bugranyñ aýalynyñ döwlet işlerine degişli permanlary çykarandygy aýdylýar.
Abul-Gazynyñ ''Türkmenleriñ şejeresinde'' ''Oguz ilinde beg bolan gyzlar hakynda'' diýen hekaýa aýratyn orun bermegi-de ýönelige däldir. Onda şeýle diýilýär: ''Türkmenleriñ atly-abraýly adamlary we bagşylary taryhdan azda-kände habarly bolansoñlar, şuny gürrüñ berýärler: ýedi sany gyz tutuş oguz ilini özlerine tabyn edip, köp ýyllap beglik edipdirler. Olaryñ birinjisi ㅡ Altyn Gözeli, Suñduz baýyñ gyzy we Salyr Gazan alpyñ aýaly boýy uzyn Burla eken. Ikinjisi ㅡ Barçyn Salur, Karmyş baýyñ gyzy, Biýeken alpyñ aýaly, Bäşinjisi-de Günin Görkli Ýeman baýyñ gyzy Garkyn Gonak alpyñ aýaly, Altynjy ㅡ Kerçe Bulady, Alp Arslanyñ gyzy Kestan Gara alpyñ aýaly, ýedinjisi ㅡ Kugadly Kynyk baýyñ gyzy, Dudal baýyñ ogly Kymaçyñ aýaly''.
''Däde Gorkudyñ kitabynda'' bolsa, Salyr Gazanyñ aýaly barada gürrüñ berilýär. Ol 40 sany gyza baş bolup, ogly Orazy halas etmegiñ ugruna çykýar we duşmana garşy söweşde oguz begleri bilen deñ gatnaşýar: ''Uzyn boýly Burla hatyn gäwirleriñ gara baýdagyny gylyç bilen kesip ony ýere taşlady''.
Sarmatlaryñ zenanlaryñ azatlygy barada gürrüñ ㅡ olaryñ entek gyzlyk döwrüne degişlidigini aýtmak gerek. Zenanlar durmuşa çykanlaryndan soñra harby iş bilen meşgullanmaýarlar. Ýöne zenanlaryñ söweşlere gatnaşmagyny harby-çarwa haldaky durmuşyñ ähli aýratynlyklarynyñ öz täsirini ýetirip durandygy bilen düşündirmek bolar. Onsoñam çarwalar we ýarym çarwalar uzak ýerlere ýöriş edenlerinde, öýlerinde goýup giden çaga-çugalaryny goramak üçin kän bir adam galdyryp bilmändirler. Şoña görä-de, şu şertlerde galan zenan maşgala eli ýarag tutmaga we ýagyny gaýtarmaga öwrendikli bolupdyr. Hut şunuñ özi-de, aýalyñ maşgal goragçysy saýlandygyny doly tassyklaýar.
Şu gadymy skif-sarmat dessurynyñ türkmen taýpalarynda-da saklanyp galandygy gürrüñsizdir. Mysal üçin aýdanymyzda, 1859-njy ýyldaky Merw urşunda türkmenleriñ ýeñmegine zenanlar hem az rol oýnamandyrlar.
40 müñ adamly, 32 sany toply, Myrat Mürzäniñ baştutanlygynda pars goşuny Merwde bukulan türkmenleriñ ýoluny baglapdyr. Şäheriñ daş-töweregini gaban parslar goş basypdyrlar. Bu ýere diñe azyk-owkat we haryt getirýän aýallar goýberilýän eken. Ýañky goşda aýallaryñ sany gün-günden artypdyr. Ahyry bir gün goşunyñ lagerinde birnäçe müñ zenan jemlenipdir. Duşman muny añmandyr. Haçan-da, yşarat edilende, türkmen zenanlary başatgyçlarynu taşlap, hiç bir zady oslamaýan duşmana elleri gamaly topulypdyrlar. Zenanlaryñ arasynda erkekler hem bar eken. Bular hem duşmana dözümli örşipdirler. Şol bir wagtyñ özünde daş-töweregi pugta berkidilgi lageriñ iki tarapyndan-da türkmenler çozupdyrlar. Diñe bir bölek atlylara sypmak başartdy diýäýmeseñ, galanlary jeñ meýdanynda galypdyr ýa ýesir alnypdyr.
1881-nji ýylda W. A. Tugan Mürze Baranowskiý şeýle ýazypdyr: ''Teke zenanlarynyñ özüne göwni ýetýänleri çozuşlarda erkeklerden pes oturmandyrlar we ýaragy diýseñ ezber ulanypdyrlar. Olar çagalygyndan at münmäge öwrendikli, birsydyrgyn işiñ netijesinde muskullary güýçli eken''. Şoña görä-de, olar islendik urşunda jigide güýçde we ezberlikde taý gelipdirler.
Sähra amazonkasy ýany gylyçly, bili tutuşlygyna ýaragly, egni tüpeñli, uzyn saply gamaly we naýzaly, atyñ üstünde okdurylyp barşyna täsin we özboluşly tomaşa görkezýär. Ýaga garşy mert duran amazonkalaryñ han göterilen gezeklerine-de gabat gelinýär. Amazonkalara çalymdaş zenanlar türkmenleriñ beýleki taýpalarynda-da bolupdyr.
Şu ýerde yslamyñ ýowuz kada-kanunlaryna garamazdan, Orta Aziýadaky halklaryñ arasynda diñe türkmenlerde zenanlaryñ özlerini has erkin alyp barandygyny aýtmak gerek.
XIX asyrda gökleñleriñ arasynda bolup gören A. I. Knýaşko şeýle ýazgy galdyrypdyr: ''Hojalyk işine gezek gelende, zenan has köp ygtyýarly bolupdyr, gökleñ maşgalasy bilen maslahatlaşmazdan, haýsydyr bir zady satuwa çykarmaýar, ogul öýerilen ýa-da gyz çykarylanda-da, enäniñ razylygy hökmany bolupdyr''.
1885-nji ýylda N. Latkiniñ aýdan sözlerini hem gaýtalamak artykmaçlyk etmese gerek. Ol şeýle diýýär: ''Teke zenany musulman Aziýanyñ özge ýerlerindäki ýaly öz äriniñ guly däldir, ol adamsy bilen deñ derejede gra£dan we syýasy hukuklara eýedir. Ol çadra bilen öz ýüzüni gizlemeýär: ol diñe bir maşgalada täsirli bolmak bilen çäklenmän, jemgyýetçilik işlerine-de içgin gatnaşýar; beýlekiler bilen deñ derejede oña-da gulak asylýar. Aziýanyñ hatda Ýewropanyñ halklary bilen deñeşdireniñde-de bu babatda türkmenleriñ has öñe gidendiklerini aýtsa bolar''.
Şu maglumatlaryñ ählisi, biziñ pikirimizçe, türkmen zenanlarynyñ söweşe ukyply häsiýetini doly açyp görkezýär.
Öwez GÜNDOGDYÝEW.