ÖWEZ GÜNDOGDYÝEW


Türkmen halkynyñ arasynda tanymal ýaş alymlar sanardan kändir. Hut şolaryñ biri hem aramyzdan ýaş giden arheolog, taryhçy Öwez Gündogdyýewdir. 1966-njy ýylda Türkmen halkyna Gün bolup dogan Öwez Aşgabat şäherinde eneden dogulýar. Mekdebi tamamlap Türkmen Döwlet Uniwersitetiniñ Taryh fakultetine okuwa girýär. Okuwyny tamamlan Öwez Gündogdy Türkmenistanyñ Ylymlar akademiýasynyñ Taryh Institutynda işläp başlaýar.
Soñra Türkmenistanyñ Ylymlar Akademiýasynyñ Arheologiýa we Etnografiýa Institutynyñ Direktorynyñ Orunbasary wezipesinde işini dowam etdirýär. Şol döwürlerde ol ençeme ylmy makalalardyr, ylmy kitaplaryñ awtory bolup ugrady. Ol ''Aşgabat Keramatly Ärsagyñ şäheri'', ''Mary Gündogaryñ Göwheri'', ''Türkmen Zenanlarynyñ Taryhy Keşbi'', ''Aziýanyñ Gerçekleri'', ''Teke Atly Polkunyñ Taryhy'', ''Türkmenler we Dünýä Halklary'' we ş.m. taryhy kitaplary çap etdirýär. Ylmy makalary ''Aşgabat'', ''Esger'', ''Watan'', ''Türkmen Dünýäsi'', ''Ahal durmuşy'', ''Türkmenistan'' ýaly gazetlerde, ''Owadan'', ''Diýar'', ''Miras'' ýaly £urnallarda çap edilip okyjylara hödürlendi.
Ýöne gynansakda 2013-nji ýylyñ 15-nji Aprelinde Öwez Gündogdyýew bu ýagty jahan bilen hoşlaşdy.
Onuñ ýatan ýeri ýagty, imany hemra bolsun. Türkmen Taryhyny dikeltmekde we ony dünýä ýaýratmakda saldamly goşantlary goşan bu halypa alyma minnetdardyrys.


http://kitapcy.com/news/2020-06-23-11851

Bilim, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir