Türkiýede maska režiminiň bozulmasy üçin jerime girizdiler
Türkiýäniň Içeri işler ministrligi duşenbe gününden başlap koronawirus pandemiýasynyň fonunda maska režiminiň bozulmasy üçin 900 türk lirasy möçberinde (ABŞ-nyň 130 dollaryndan gowrak) pul jerimesiniň girizilýändigini mälim etdi. Bu barada ria.ru habar berýär. Öň maska režimini bozanlara diňe duýduryş berilýärdi. Howpsuzlyk çäreleriniň berkleşmegi soňky hepdäniň içinde koronawirus ýagdaýynyň sanynyň ýurtda bir gije-gündizde 1-1,5 müňe çenli artmagy bilen baglanyşykly, öň ol 700-800-e çenli peselipdi.
Türkiýäniň 48 welaýatynda, şol sanda Ankarada we Stambulda köçä maskasyz çykmak gadagan. 33 welaýatda maskany diňe jemgyýetçilik ýerlerinde, şeýle-de döwlet edaralarynda, söwda merkezlerinde we ulaglarda dakmak hökmany.
Soňky maglumatlar boýunça, Türkiýede şu wagta çenli koronawirus infeksiýasy 187 685 adamda ýüze çykaryldy, olardan 160 240-sy sagaldy. 4 950 ölüm bellige alyndy.
Şol bir wagtda Gollandiýanyň alymlary epidemiologik şertlerde çagalar tarapyndan standart lukmançylyk maskalarynyň dakylmagynyň peýdalydygyna şübhe bildirdiler.

Bilim, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir