Tailandda gurply däl syýahatçylar üçin ýurda girmegi çäklendirmek isleýärler
Tailandda gurply däl syýahatçylar üçin ýurda girmegi çäklendirmek barada teklip öňe sürüldi. Bu barada Tailandyň sport we syýahatçylyk ministri Phiphat Ratçakitprakarn aýtdy, muny dni24.com ýetirýär.
Tailandyň täze “döwlet teswirnamasyna” laýyklykda, noýabr-fewral aýlarynda geljek syýahatçylyk möwsüminde esasy üns has baý syýahatçylara berler. Esasan, ýurda girmekde dört we bäş ýyldyzly myhmanhanalarda aýratyn otagy bron etdiren we töleg girizen raýatlar arkaýyn bolup bilerler. Ilkinji nobatda Phuket, Samui, Pangan we Phi Phi şypajaýlary atlandyrylýar. Ýurduň hökümeti 10 milliondan köp bolmadyk syýahatçynyň gelmegine tama edýär, geçen möwsümde olaryň sany 40 million töweregi boldy. Şol bir wagtda Tailandyň hökümeti özbaşdak dynç alşy makul hasaplaýan we arzan myhmanhanalarda hem-de hostellerde ýaşaýan syýahatçylar üçin hem girişi çäklendirmek isleýär.
Ministriň aýtmagyna görä, Tailand häzirki çökgünlikde pandemiýadan öň üýşen meseleleri çözmek mümkinçiligini görýär. Esasan, ýurduň hökümeti syýahatçylaryň azaldylmagy tebigata düşýän agramy peseltmäge we ekologiki ýagdaýy gowulandyrmaga mümkinçilik berer diýip hasaplaýar.
Tailandyň serhetleri syýahatçylar üçin ýapyk wagty ýerli kenarýakalara pyşbagalar dolandy, deňizde gülgüne delfinler görnüp başlady, kenara bolsa lamantinler ýüzüp gelýärler diýip, ministr belleýär.
“Eger-de biz pudak üçin has uly bähbidi gazanar ýaly bu mümkinçiligi peýdalanmasak, Tailand utular. Bu mümkinçilik syýahatçylygyň ähli ulgamyny işe girizer” – diýip, ministr aýdýar.
Tailandyň hökümetiniň çaklamasyna görä, geljek möwsümde syýahatçylykdan gelýän umumy girdeji $39,6 milliarda barabar bolmaly, bu bolsa geçen ýyllardaky görkezijiden 59% azdyr. Tailandyň adalary koronawirus pandemiýasy sebäpli karantin bilen 30-njy iýuna çenli ýapyk. Şondan soň şalyk serhetleri Awstraliýadan, Ýaponiýadan, şeýle-de Hytaýyň käbir welaýatlaryndan syýahatçylar üçin açmakçy bolýar.

Bilim, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir