Banan bilen iýmeli däl önümler atlandyryldy
Banan peýdaly mikroelementleriň uly mukdaryny saklaýar, muňa garamazdan, ony organizme ýetirip biljek zyýan sebäpli käbir önümler bilen garyşdyrmak bolmaýar. Bu barada Sohu neşirine salgylanmak bilen vm.ru habar berýär.
Esasanam, banany hami gawuny bilen iýmeli däl, sebäbi şeýle ýagdaýda ganyň düzüminde kaliý ionlary artykmaçlyk eder. Bu ýürek myşsasynyň gowşamagyna, böwrek ýetmezçiligine, bogunlaryň kesellemegine we ýüregiň ýygrylma ýygylygynyň peselmegine getirip biler.
- Bu organizme uly zyýan ýetirip biler, çylşyrymly ýagdaýlarda bolsa hatda ölüm bilen gutarmaklyga getirip biler – diýlip, makalada bellenilýär.
Mundan başga-da, aşgazanda we dalagynda näsazlyklar bolan adamlar banany turşy süýt önümleri bilen gatyşdyrmakdan gaça durmaly. Sebäbi bu garyndy agyrynyň, diareýanyň we aşgazan-içege ýolunda beýleki näsazlyklaryň ýüze çykmagyna getirip bilýär.
Şeýle-de, banany batat (süýji ýeralma) bilen bile iýmeli däl. Bananam, batatam kletçatka baý. Şeýle gatyşdyrma iýmit siňdirişi kynlaşdyryp biler, netijede garyn ýellener. Neşirde islendik ýagdaýda-da banany açgarna iýmeli däldigi we bişmedik miwesini iýmeli däldigi bellenilýär.
Miwäni gowusy doňduryjydan daşary saklamaly, sebäbi pes temperatura bananyň gabygynyň garalmagyna getirýär, netijede ol özüniň tagamyny we peýdaly häsiýetlerini ýitirýär. Miwäni satyn alanyňdan soň, 13-14 gradus ýylylyk temperaturasynda ýedi gije-gündiz saklamaly.