Alymlar: ýaramaz pikirler Alsgeýmer keseliniň döremegine getirip bilýär
Britan alymlary täze barlagyň dowamynda negatiw pikirleriň Alsgeýmer ölüm howply keseliň döremegine getirip bilýändigini ýüze çykardylar. Bu kesel ilki göze ilmeýän alamatlardan başlanýar, soňra wagtyň geçmegi bilen güýçlenýär. Bu barada oane.ws habar berýär.
University College London uniwersitetiniň işgärleri ylmy işiň netijelerini “Alzheimer’s & Dementia” žurnaly bilen paýlaşdylar. Barlag geçirijiler 55 ýaşly adamlarda dowamly negatiw pikirlenmäniň (DNP) kognitiw funksiýalaryň peselmegini we Alsgeýmer keseli bilen bagly bolan beloklaryň emele gelmegini güýçlendirýändigini anykladylar. Bu keseliň irki tapgyrlarynda gysga wagtlaýyn ýadyň bozulma hadysasy bolup geçýär, ýagny adam ýakynda kabul eden informasiýasyny hem ýadyna düşürip bilmeýär, keseliň güýçlenmegi bilen uzak wagtlaýyn ýadyň ýitme hadysasy bolup geçýär, sözleýşiň bozulmasy ýüze çykýar, adam hatda ýagdaýdan baş çykaryp bilmek we özüne seretmek ukybyny hem ýitirýär.
Täze barlaga gatnaşmak üçin 55 ýaşly 360 sany adam çagyryldy. Iki hepdäniň içinde barlaga gatnaşyjylara negatiw tejribe we DNP-niň alamatlary baradaky soraglara jogap bermek hödürlenildi. 113 adama kelle beýnisiniň pozitron-emission tomografiýasyny etdiler, iki belogyň derejesi ölçenildi (tau-belok we amiloid), alymlar Alsgeýmer keseliniň güýçlenmegini hut şu beloklar bilen baglanyşdyrýarlar. Şeýle-de, meýletinçileriň ýadyny, ünsüni, giňişleýin akyl ýetirişini we sözleýşini öwrenmek bilen, olaryň kognitiw funksiýalaryny bahalandyrdylar.
Hünärmenler pikirler adamyň fiziki saglygyna biologiki täsir edýär diýip netije çykardylar. Ýagny, dowamly negatiw pikirlenme we stres Alsgeýmer keselini güýçlendirýär. Alymlar psihiki okuwlaryň, meselem, meditasiýanyň kömegi bilen DNP-niň alamatlarynyň ýüze çykmagyny öňünden bilip, ölüm howply keselden gaçyp boljakdygyny düşündirdiler.

Bilim, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir