Britan awiakompaniýalary karantin sebäpli hökümeti kazyýete berdi
British Airways, Ryanair we EasyJet awiakompaniýalary ýurda gelýän ýolagçylara iki hepdelik karantini berjaý etmelidigi baradaky bildirilýän talap sebäpli britan hökümetini kazyýete berdi. Bu barada vedomosti.ru habar berýär. Awiagatnadyjylaryň pikiriçe, 8-nji iýunda güýje giren düzgün syýahatçylyga we umumy alanyňda, ykdysadyýete negatiw täsir eder hem-de müňlerçe adamy işsiz goýar. Olar hökümetiň Beýik Britaniýa gelýän ýolagçylar üçin iki hepdelik karantini aýyrmagyny hem-de hökümetiň köne düzgünlere dolanmagyny talap edýärler, ýagny şol düzgünlere laýyklykda, iki hepdelik karantin Beýik Britaniýa diňe “ýokary howply” ýurtlardan gelýänler üçin hökman bolup durýar.
Ýatladyp geçsek, awiauçuşlar epidemiýa wagtynda doly derejede saklanyldy. Bu bolsa üç awiakompaniýanyň tas 20 müň iş ornunyň ýitmegine getirdi.
British Airways iýulda yzygiderli gatnawlary 40% dikeltmegi meýilleşdirýärdi, ýöne karantin çäklendirmeleri kompaniýa her günde $25 mln ýitirmegini dowam etdirmäge mejbur edýär diýip, awiagatnadyjy aýdýar. EasyJet käbir yzygiderli gatnawlary 15-nji iýundan dikeltmegi meýilleşdirýär, Ryanair uçuşy 1-nji iýuldan dikeltmekçi bolýar.
Jons Hopkins uniwersitetiniň maglumatlary boýunça, Beýik Britaniýa koronawirus bilen kesellemegiň hasaba alnan sany boýunça dünýäde bäşinji orny, COVID-19-dan ýogalanlaryň sany boýunça ikinji orny eýeleýär. Ýurtda tas 293 000 keselli ýüze çykaryldy, olardan 42 000-den gowragy ýogaldy. Bu Ýewropa ýurtlarynyň islendik birinden hem ýokarydyr.
Koronawirus pandemiýasy esasynda, ýolagçy akymynyň peselmegi sebäpli tutuş dünýä boýunça awiakompaniýalar uly ýitgilere sezewar boldular. Howa ulagynyň halkara assosiasiýasynyň (IATA) çaklamasy boýunça, dünýäniň awiaulag pudagynyň arassa ýitgisi 2020-nji ýylda $84,3 milliarda barabar bolar, 2021-nji ýylda pudak ýene $15,8 mlrd ýitirer.