beýniniň işini gowulandyrmak üçin 3 önüm
Ýapon we italýan alymlary kelle beýnisiniň işini gowulandyrmak üçin üç sany önümi atlandyrdylar. Bu önümleriň kabul edilmegi gartaşan adamlarda kognitiw funksiýalaryň ýaramazlaşmagynyň öňüni alyp biler. Bu barada runews24.ru habar berýär.
Şeýle önümleriň birinjisi – kakao, sebäbi onuň miwesi beýniniň öýjüklerini çişme hadysasyndan netijeli goraýar, onuň esasynda hem gan aýlanyş gowulanýar. Bu komponent ýadyň kämilleşmegine kömek edýär we kognitiw funksiýalaryň saklanylmagyna jogap berýär.
Ikinji önüm – üzüm, sebäbi onda resweratrol bar. Bu madda durnuksyz molekula hasaplanýan we kognitiw funksiýalaryň ýaramazlaşmagyna getirýän beýnide okislenme hadysasyny güýçlendirýän erkin radikallary basýar. Trombyň (gan damarlarynda emele gelýän goýy gan) döremeginiň öňi alynýar we ýaramaz holesteriniň derejesi azalýar.
Üçünji önüm – gök çaý. Bu içgini her gün içýän orta we uly ýaşly adamlar ony içmeýänlere garanda, beýniniň has guramaçylykly çäklerine eýedirler. Gök çaýyň beýni bölegine oňaýly täsiri kognitiw funksiýalaryň işjeňleşmeginde we olaryň hiliniň gowulanmagynda ýüze çykýar. Gök çaýda kelle beýnisiniň işini durnuklaşdyrýan epigallkatehin-3-gallat birleşmesi bar.

Bilim, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir