Germaniýada işsizlik 2015-nji ýyldan bäri iň ýokary derejesine ýetdi
Germaniýada işsizlik geçen aýda 2015-nji ýyldan bäri iň ýokary derejesine ýetdi, çünki kompaniýalar koronawirus pandemiýasynyň döreden çökgünligi sebäpli müňlerçe iş orunlaryny kemeltmegi dowam etdirdiler. Bu barada vesti.ru habar berýär.
Maý aýynda işsizleriň sany 238 müňden 2,875 million adama çenli artdy, muny GFR-nyň Zähmet gurluşy boýunça federal agentliginiň maglumatlary delillendirýär. Işsizlik aprel aýynda 5,8%-den 6,3%-e çenli ýokarlandy.
“Zähmet bazary koronawirus pandemiýasy sebäpli uly basgy astynda galýar” – diýip, Zähmet gurluşy boýunça federal agentligiň ýolbaşçysy Detlef Şele belleýär. Ýöne, onuň aýtmagyna görä, işsizlik aprel aýyna garanda, güýçli ýokarlanmady. Zähmet haklarynyň döwlet subsidirlemesi işden çykmanyň has ýokary sanyndan gaçmaga mümkinçilik berdi. 7 milliondan gowrak adam olaryň iş sagatlarynyň öwezini dolýan döwlet tarapyndan berilýän pul kömeginiň hasabyna goldaw tapýarlar. Olaryň üçden bir bölegi COVID-19 pandemiýasy sebäpli düýpli zyýan çeken hyzmatlar ulgamynda işleýär, çünki restoranlar, ownuk söwda dükanlary we myhmanhanalar ýapylmaly boldy.
Ýewropada güýçli ykdysadyýeti bolan Germaniýanyň ykdysadyýeti birinji çärýekde maýa goýumyň, hususy sarp edijiligiň we eksportuň birden pese gaçmagy netijesinde resessiýa girdi. Jemi içerki önüm geçen çärýek bilen deňeşdirilende, 2009-njy ýylyň birinji çärýeginden bäri maksimal depgin bilen 2,2% kemeldi.
Koronawirus boýunça dünýä statistikasynda Germaniýa 9-njy orunda ýerleşýär. Geçen hepde GFR-niň kansleri Angela Merkel sanjymyň ýoklugy sebäpli ýurduň heniz hem “pandemiýanyň başlangyjynda” ýaşaýandygyny aýtdy.
Rowana 4 years ago- Şondada bary Germaniýa gidip işlejek bolýalar özlerine iş tapylanok ekena